Esasy materiala geçiň

Internet arkaly dünýäniň çar tarapynda görkezilen ýaýlym

Internet arkaly dünýäniň çar tarapynda görkezilen ýaýlym

2013-nji ýylyň 5-nji oktýabry şenbe güni Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapçalar jemgyýetiniň (Pensilwaniýa) 129-njy Ýyllyk duşuşygyny 257 müň 294 adam 21 ýurtda bu programma gatnaşyp ýa-da Internet arkaly göni ýaýlymda görüp hem diňläp bildiler. Soňra şol hepdäniň dynç günleri Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri programmanyň ýazgysyny gördüler. Bu programma jemi 31 ýurtda 1 million 413 müň 676 adam gatnaşdy. Ýehowanyň Şaýatlarynyň taryhynda bu iň uly duşuşyklaryň biri boldy. 2013-nji ýylyň 28-nji aprelinde Meksikada we Merkezi Amerikada bu ýörite programmany 1 million 327 müň 704 adam gördi.

1920-nji ýyldan başlap, Ýehowanyň Şaýatlary kongreslerini telefon we radio arkaly daşary ýurtdaky adamlara-da diňlemäge mümkinçilik döretdi. Şu günler bolsa Internet ulgamynyň ösendigi üçin, daş ýerlerde-de bolup geçýän wakalary şol wagt ýa-da biraz soň görüp hem-de diňläp bolýar. 1942-nji ýylda ABŞ-dan Wilýam atly Ýehowanyň Şaýady Riçmondda (Wirginiýa ştaty) geçirilen kongrese gatnaşdy. Şol programmany başga ýerdäki adamlar telefon arkaly diňläp bildi. Wilýam şu 2013-nji Ýyllyk duşuşygynyň görkezilişini öňküler bilen deňeşdirip, şeýle diýdi: «Programmany gözüň bilen görseň, has köp peýda tapyp bilýärsiň. Muňa taý geljek zat ýokdur».

Ýehowanyň Şaýatlarynyň birnäçe filiallarynda işleýän meýletinçiler Internet arkaly görkezilýän ýaýlymy gurnamak hem-de onuň gowy işlemegi üçin, bir ýyldan gowrak wagt we müňlerçe sagat sarp etdiler. Ýaýlymyň görkezilen hepdesinde, hünärmenler Bruklindäki (Nýu-Ýork) merkezden programma gözegçilik etdiler we 15 ýerde görkeziler ýaly, gije-gündiz nobatçylyk etdiler. Ýaýlymy gurnamaga we görkezmäge kömek eden Raýan şeýle diýýär: «Biz ukymyzy gowy alyp bilmesek-de, ençeme adamlaryň programmadan peýda alandygyny bilenimizde, eden tagallamyzyň muňa degendigine göz ýetirdik».

Katerine şäherinde programmany görýärler (Demirgazyk territoriýa, Awstraliýa)