Esasy materiala geçiň

Deňizçiler üçin hoş habar

Deňizçiler üçin hoş habar

Käbir maglumatlara görä, bütin dünýäde bir ýarym million deňizçi bar. Olar hemişe bir gämi duralgasyndan beýleki duralga syýahat edýär. Ýehowanyň Şaýatlary olara Mukaddes Ýazgylardaky hoş habary nädip ýetirýär? Gämi duralga gelende, öňünden taýýarlyk gören Ýehowanyň Şaýatlary oňa münmek üçin rugsat sorap, gämi ýolbaşçylary we deňizçiler bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasynda pikir alşyp, olaryň düşünýän dilinde mugtuna edebiýatlary berýärler.

Bu nähili netije berdi? Kanadadaky Wankuwer gämi duralgasynda meýletin gulluk edýän Stefano atly Ýehowanyň Şaýady şeýle diýýär: «Käbir adamlar deňizçileri gödek we sypaýyçylyksyz hasaplaýar. Olaryň käbiri şeýle bolsa-da, köpüsi pesgöwünli we öwrenmek isleýär». Ol sözüni dowam edip: «Olaryň köpüsi hudaýhon adamlar bolup, onuň berekedini almak isleýär. Şonuň üçin olar bizi mähirli garşy alýarlar». 2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2016-njy ýylyň awgust aýy aralygynda diňe Wankuweriň özünde Ýehowanyň Şaýatlaryny 1 müň 600-denem köp gezek gämä çagyrdylar! Dürli dillerde gepleýän deňizçiler müňlerçe edebiýatlary aldy we olaryň 1 müň 100-den gowragy Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlady.

Deňizçiler bilen Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňdeşligi nädip dowam etmeli?

Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýädäki gämi duralgalarda wagyz edýärler. Şonuň üçin deňizçiler Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňdeş bolmak islese, indiki gämi duralgasynda olary idär ýaly haýyş edip bilýärler. Mysal üçin, olar 2016-njy ýylyň maý aýynda Wankuwerde ýük gämisiniň baş aşpezi Warlito bilen gürrüňdeş boldular. Olar oňa «Mukaddes Kitaby öwrenmegiň näme peýdasy bar?» diýen wideony görkezip, «Hudaýyň hoş habary» atly broşýuradan okuw geçip başladylar. Okuw geçmek Warlitonyň göwnüne ýarady we ony dowam etmek isledi. Emma onuň gämisi uzakda ýerleşýän Braziliýanyň Paranagua gämi duralgasyna gitmelidi.

Bir aýdan gowrak wagt geçensoň, gämi Paranagua baranda, braziliýaly iki Şaýat gämä münüp, Warlitony soradylar. Warlito muny eşidip, gaty haýran galdy! Olar Wankuwerdäki imandaşynyň ony idemegi haýyş edendigini aýtdylar. Ol braziliýaly Şaýatlary görenine begenip, özi bilen duşandyklaryna ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Warlito indiki gämi duralgada Şaýatlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny höwes bilen dowam etjekdigini aýtdy.