Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mukaddes ruh ýüregimizde şaýatlyk edýär

Mukaddes ruh ýüregimizde şaýatlyk edýär

«Biziň Hudaýyň perzendidigimize mukaddes ruhuň özi ýüregimizde şaýatlyk edýär». RIM. 8:16

AÝDYMLAR: 5, 14

1—3. Pentikost güni nähili ähmiýetli wakalar boldy we şonda haýsy pygamberlik ýerine ýetdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

BIZIŇ ERAMYZYŇ 33-nji ýylynyň dynç güni irden sagat dokuz töweregidi. Şol Sabat güni Iýerusalimde Pentikost baýramçylygy bellenýärdi. Ybadathanada her gün irden berilýän gurbanlar eýýäm berlipdi. Bu örän tolgundyryjy wakady. Baş ruhany täze galladan bişirilen iki sany hamyrmaýaly çöregi hödürledi (Lew. 23:15—20). Şu gurban berlensoň, bugdaý oragy başlanýardy.

2 Bu zatlaryň ählisi ybadathanada bolup geçdi. Ýöne Iýerusalimdäki bir jaýyň ýokarky otagynda ondanam has wajyp waka boldy. Ol ýerde Isanyň 120-ä golaý şägirdi ýygnanyşyp, «erjellik bilen doga edýärdiler» (Res. iş. 1:13—15). Şol ýerde boljak waka baş ruhanynyň her ýyl Pentikost güni edýän işleri bilen berk baglanyşyklydy. Şonda bu wakadan takmynan 800 ýyl öň Ýowel pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi (Ýow. 2:28—32; Res. iş. 2:16—21). Bu waka näme üçin şeýle ähmiýetlidi?

3 Resullaryň işleri 2:2—4-nji aýatlary okaň. Jaýyň ýokarky otagynda oturanlaryň hemmesine Hudaýyň mukaddes ruhy indi (Res. iş. 1:8). Olar gören we eşiden täsin zatlary barada gürrüň berip başlaýarlar. Biraz wagtdan şol ýere birgiden adam üýşýär. Petrus resul bolan wakanyň ähmiýetini düşündirensoň, adamlara: «Günäleriňiziň ötülmegi üçin toba ediň we Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siz Hudaýyň jomartlyk bilen berýän mukaddes ruhuny alarsyňyz» diýdi. Şol gün 3 müňe golaý adam suwa çümdürilip, mukaddes ruh bilen mesh edildi (Res. iş. 2:37, 38, 41).

4. a) Pentikost güni bolan wakanyň biziň üçin näme ähmiýeti bar? b) Şol günden ýüzlerçe ýyl öň nähili wajyp waka boldy? (Çykgyda serediň).

4 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni bolan wakanyň biziň üçin näme ähmiýeti bar? Şol waka Iýerusalimdäki ybadathanada bolan zatlar sebäpli däl-de, Isa Mesihiň beýik Baş ruhany hökmünde pygamberligi berjaý edendigi üçin ähmiýetli boldy 1. Şol gün baş ruhany ybadathanada Ýehowa iki sany çörek hödürledi. Hamyrmaýaly çörekler Isanyň mesh edilen şägirtlerini aňladýardy. Hudaý olary günäli adamlardan özüne ogullyga aldy. Şeýdip, adamzat neslinden «ilkinji miweler» alyndy. Olar göge gidip, Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürer we Hudaýa gulak asýan adamlara ençeme bereketleri getirer (Ýak. 1:18; 1 Pet. 2:9). Biz gelejekde ýer ýüzünde ebedi ýaşasak-da, Isa bilen gökde höküm sürsek-de, şol gün bolup geçen wakalar durmuşymyza güýçli täsir edýär.

MESIHÇILER NÄDIP MESH EDILÝÄR?

5. Biz mesihçileriň dürli usullar bilen mesh edilendigini nireden bilýäris?

5 Eger sizem Pentikost güni 120-ä golaý şägirtleriň arasynda bolup, başyňyzda ot ýalynlaryna meňzeş dilleriň peýda bolandygyny gören bolsaňyz, şol gün hiç haçan ýadyňyzdan çykmazdy. Şeýle-de gudrat bilen başga dilde gepläp başlan bolsaňyz, mukaddes ruh arkaly mesh edilendigiňize asla şübhelenmezdiňiz (Res. iş. 2:6—12). Emma mukaddes ruh arkaly mesh edilenleriň ählisi 120-ä golaý şägirt ýaly täsin usul bilen bellendimi? Ýok. Şol gün Iýerusalimde ýygnanan başga adamlaram suwa çümdürilen badyna mesh edildi (Res. iş. 2:38). Şonda olaryň başynda ot ýalynlaryna meňzeş diller peýda bolmady. Ýöne mesh edilenleriň hemmesi suwa çümdürilen güni mesh edilmeýär. Samariýalylar suwa çümdürilenden biraz wagt geçensoň mesh edildi (Res. iş. 8:14—17). Korneliý bolsa öý-içerisi bilen suwa çümdürilmänkä mesh edildi (Res. iş. 10:44—48).

6. Mesh edilen mesihçiler nämä ynanýar we bu olara nähili täsir edýär?

6 Görşümiz ýaly, mesihçiler dürli usullar bilen mesh edildi. Olaryň käbiri göge çagyrylandygyny derrew bilýär, käbiri bolsa birnäçe wagtdan soň bilýär. Emma nähili bolaýanda-da, Pawlus resul olar barada: «Hudaýyň Mesih arkaly wada beren mukaddes ruhy bilen möhürlendiňiz. Mukaddes ruh Hudaýyň wada beren zadyny aljakdygymyza kepil geçýändir» diýdi (Efes. 1:13, 14). Diýmek, Ýehowa mukaddes ruhy bilen şol mesihçileriň göge alynjakdygyny aýdyň görkezýär. Edil şonuň ýaly, mukaddes ruh olara ýerde däl-de, gökde ebedi ýaşajakdygyna «kepil geçýär» (2 Korinfliler 1:21, 22; 5:5-nji aýatlary okaň).

7. Mesh edilen mesihçi gökdäki sylagyny almak üçin näme etmeli?

7 Mesihçi mesh edilen bolsa hökman göge gidermi? Ýok, ol häzir mesh edilenem bolsa, gökdäki sylagyny almak üçin soňuna çenli wepaly galmaly. Petrus resul bu barada şeýle diýdi: «Doganlar, Hudaýyň çagyranlarynyň we saýlanlarynyň arasynda wepaly galmaga jan ediň. Eger siz mundan beýläk hem bu häsiýetleri artdyrsaňyz, hiç haçan ýykylmarsyňyz. Şonda siz Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi Patyşalygyna girmek üçin bol bereketler alarsyňyz» (2 Pet. 1:10, 11). Diýmek, her bir mesihçi wepaly galmak üçin elinde baryny etmeli. Eger ol soňuna çenli wepaly galmasa gökdäki sylagyny elden gidirer (Ýew. 3:1; Ylh. 2:10).

MESIHÇI MESH EDILENDIGINI NÄDIP BILÝÄR?

8, 9. a) Köp adamlara mesihçiniň nädip mesh edilýändigine düşünmek näme üçin kyn bolýar? b) Mesihçi göge çagyrylandygyny nädip bilýär?

8 Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi mesihçiniň nädip mesh edilýändigine düşünip bilmeýär. Elbetde, biz muňa geň galmaýarys, sebäbi mesh edilmedik adam munuň nämedigine düşünmeýär. Hudaý ynsany gökde däl-de, ýerde ýaşamak üçin ýaratdy (Gel. çyk. 1:28; Zeb. 37:29). Ýöne Ýehowa käbir adamlary gökde patyşa we ruhany etmek üçin saýlady. Şol sebäpli Ýehowa olary mesh edip, ýerdäki ýaşaýşa bolan umydyny, pikirini we garaýşyny üýtgedýär. Olar indi gökdäki ýaşaýşa gowuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Efesliler 1:18-i okaň).

9 Ýöne adam göge çagyrylandygyny nädip bilýär? Bu soragyň jogabyny Pawlus resulyň Rimdäki mesh edilen, ýagny «mukaddes bolmaga çagyrylan» doganlara ýazan hatyndan görse bolýar. Ol şeýle diýdi: «Siz gulçulyga salýan we gorky döredýän ruhy däl-de, ogullyga kabul edýän ruhy alansyňyz. Biz şol ruh arkaly: „Awwa, Ata!“ diýip çagyrýarys. Biziň Hudaýyň perzendidigimize mukaddes ruhuň özi ýüregimizde şaýatlyk edýär» (Rim. 1:7; 8:15, 16). Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, adama gökde Isa Mesih bilen höküm sürjekdigi mukaddes ruh arkaly açylýar (1 Sel. 2:12).

10. 1 Ýahýa 2:27-de mesh edilenlere «tälim berýänçiler gerek däl» diýen sözler nämäni aňladýar?

10 Mesihçiniň göge çagyrylandygyny hiç bir adamyň tassyklamagy hökman däl. Sebäbi Ýehowanyň özi onuň aňyna we ýüregine täsir edip, mesh edilendigine ynandyrýar. Ýahýa resul mesh edilenlere şeýle diýdi: «Siz Mukaddes Hudaý tarapyndan mesh edildiňiz we ähliňiz hakykaty bilýärsiňiz. Siz hakda aýtsam, size tälim berýänçiler gerek däl. Sebäbi Hudaý sizi ruhy bilen mesh etdi, şol ruh sizde galýandyr. Ol size ruhy arkaly ähli zady öwredýär; bu hakykatdyr, ýalan däldir. Şol sebäpli ruhuň size öwredişi ýaly, siz onuň bilen birlikde galyň» (1 Ýah. 2:20, 27). Elbetde, mesh edilenlerem ruhy taýdan görkezmä mätäç. Ýöne olaryň göge çagyrylandygyny hiç kimiň tassyklamagy gerek däl. Sebäbi olara muny Älemdäki iň uly güýç tassyklaýar!

«TÄZEDEN DOGULMAK»

11, 12. Mesh edilen mesihçi özüne nähili sorag bermegi mümkin, ýöne ol nämä şübhelenmeýär?

11 Mesihçi mukaddes ruh tarapyndan mesh edilende, onuň içki dünýäsi düýbünden üýtgeýär. Isa muny «täzeden dogulmak» ýa-da «gökden dogulmak» diýip düşündirdi 2 (Ýah. 3:3, 5; çykgyt). Ol şeýle diýdi: «Sen meniň „Siz täzeden dogulmalysyňyz“ diýen sözlerime geň galma. Ýel islän tarapyna öwüsýändir, sen onuň sesini eşitseň-de, nireden gelip, nirä barýandygyny bilýän dälsiň. Şonuň ýaly-da adamyň mukaddes ruhdan dogluşyna düşünmek kyndyr» (Ýah. 3:7, 8). Görşümiz ýaly, ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adama mesh edilmegiň nämedigine doly düşünmek kyn bolýar.

12 Mesh edilen mesihçiler özüne: «Hudaý näme üçin gel-gel meni saýladyka?» diýýän bolmagy mümkin. Olar hatda özlerini göge gitmäge-de mynasyp görýän däldir. Mesh edilenler şeýle duýgulary başdan geçirýänem bolsa, mesh edilendigine asla şübhelenmeýär. Olaryň minnetdarlygynyň we şatlygynyň çägi bolmaýar. Mesh edilenler Petrus resulyň aýdan sözleri bilen ylalaşýarlar. Ol şeýle diýdi: «Halypamyz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna şöhrat bolsun. Ol biziň berk umydymyz bolar ýaly, beýik merhemeti bilen täzeden dogulmagymyza ýol açdy. Biz bu umyda Isa Mesihiň ölümden direlmegi bilen eýe bolduk. Hudaý bize ýaşaýyş üçin dogulmaga ýol açyp, çüýremez, arassa we solmaz mirasy wada berdi. Ol bu sylagy siziň üçin gökde saklaýandyr» (1 Pet. 1:3, 4). Mesh edilen mesihçiler bu sözleri okanda, gökdäki Atasynyň hut özlerine ýüzlenýändigine şübhelenmeýärler.

13. Mesh edilen mesihçiniň pikiri näme üçin we nädip üýtgeýär?

13 Mesihçi mukaddes ruh arkaly mesh edilmänkä, ýer ýüzünde ebedi ýaşaryn diýip begenendir. Ol Ýehowanyň ýer ýüzüni arassalajak wagtyna we berjek bereketlerine sabyrsyzlyk bilen garaşandyr. Belki, ol direljek dogan-garyndaşlaryny nädip garşy alýandygyny göz öňüne getirendir. Ol täze saljak öýünde ýaşamagy we eken baglarynyň miwesinden iýmegi arzuw edendir (Iş. 65:21—23). Ol bu zatlar barada arzuw edenem bolsa, näme üçin onuň garaýşy üýtgedikä? Onuň ýerde ýaşamaga höwesi gaçmaýar ýa-da göwnüçökgünlige düşendigi sebäpli pikiri üýtgemeýär. Ol ýerde ebedi ýaşamak ýürekgysgynç bolar diýip göge gitmek islemeýär. Mesh edilen mesihçiniň mukaddes ruhuň täsiri bilen pikiri we umydy üýtgeýär.

14. Mesh edilen mesihçi ýer ýüzündäki ýaşaýşa nähili garaýar?

14 Mesihçi mesh edilen bolsa, onda sylagyny aljak bolup çaltrak dünýäden ötesi gelýärmi? Pawlus resul şeýle diýdi: «Aslynda, biz bu çadyrda güýçli aladalardan ýaňa ah çekýäris, sebäbi biz häzirki öýümizi çykarmagy däl-de, başgasyny geýmek isleýäris. Şonda ölýän bedenimize derek baky ýaşaýşy alarys» (2 Kor. 5:4). Mesh edilen mesihçiniň ýaşaýşa bolan höwesi gaçmaýar we çaltrak ölesi gelmeýär. Gaýtam, ol dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary bilen Ýehowa her gün yhlasly gulluk etmek isleýär. Emma ol Ýehowanyň gökde berjek ajaýyp sylagyny unutmaýar (1 Kor. 15:53; 2 Pet. 1:4; 1 Ýah. 3:2, 3; Ylh. 20:6).

SENEM MESH EDILDIŇMI?

15. Haýsy zatlar mesihçiniň mesh edilendigini görkezmeýär?

15 Sen mesh edilendigiňe şübhelenýän bolsaň, şu wajyp soraglaryň üstünde oýlanyp gör: Sen yhlasly wagyz edýärmiň? «Hudaýyň çuňňur akyldarlygyny» bilmek üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi gowy görýärmiň? (1 Kor. 2:10). Gullugyňda Ýehowanyň bol bereket berýändigini görýärmiň? Ýehowanyň islegini ýürekden berjaý edýärmiň? Adamlara ruhy taýdan kömek etmäge jogapkärli garaýarmyň? Durmuşyňda Ýehowanyň elini görýärmiň? Sen şu soraglara «hawa» diýip jogap berseň, göge çagyrylandygyňy aňladýarmy? Elbetde, ýok. Näme üçin? Sebäbi bu duýgular diňe mesh edilenlerde däl, eýsem, başga mesihçilerde-de bolýar. Ýehowanyň mukaddes ruhy ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçilere-de edil şonuň ýaly täsir edýär. Eger sen göge çagyrylandygyňa şübhelenýän bolsaň, onda bu seniň mesh edilen däldigiňi görkezýär. Sebäbi mesh edilen mesihçi göge çagyrylandygyna asla şübhelenmeýär.

16. Hudaýyň gadymy döwürdäki gullukçylary mukaddes ruhy alsa-da, olaryň göge gitmeýändigini nireden bilýäris?

16 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň köp wepaly gullukçylary barada aýdylýar. Mukaddes ruh olara-da güýçli täsir edýärdi, emma olar gökde ýaşamaga umyt etmeýärdi. Suwa çümdürýän Ýahýa-da şolaryň biridi. Isa Ýahýany öwse-de, onuň Hudaýyň gökdäki Patyşalygyny miras almajakdygyny aýtdy (Mat. 11:10, 11). Hudaýyň mukaddes ruhy Dawut pygambere-de täsir edýärdi (1 Şam. 16:13). Ol mukaddes ruhuň kömegi bilen ruhy zatlara çuňňur düşünýärdi. Ol hatda Mukaddes Ýazgylary ýazmaga-da gatnaşdy (Mar. 12:36). Emma Pentikost güni Petrus resul Dawudyň «göge galmandygyny» aýtdy (Res. iş. 2:34). Olar mukaddes ruh arkaly şeýle täsin zatlary etseler-de, Ýehowa olary gökdäki ýaşaýyş üçin saýlamady. Bu olaryň gökde höküm sürmäge mynasyp däldigini aňlatmaýar. Ýehowa olary ýer ýüzünde boljak Jennetde direlder (Ýah. 5:28, 29; Res. iş. 24:15).

17, 18. a) Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi haýsy sylaga garaşýarlar? b) Biz indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

17 Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi gökdäki ýaşaýşa çagyrylmady. Olaram Ybraýym, Dawut, suwa çümdürýän Ýahýa we Ýehowanyň başga-da wepaly gullukçylary ýaly Hudaýyň gökdäki Patyşalygy astynda ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler (Ýew. 11:10). Şu soňky günler ýer ýüzünde mesh edilenleriň diňe käbirleri galdy (Ylh. 12:17). Bu bolsa 144 müňleriň köpüsiniň wepaly galyp, eýýäm göge gidendigini aňladýar.

18 Kimdir biri mesh edilendigini aýtsa, ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler muňa nähili garamaly? Eger ýygnagyňyzdan biri Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadyp başlasa, siz muňa nähili garamaly? Nyşanlardan dadýanlaryň sanynyň köpelmegi bizi biynjalyk etmelimi? Bu soraglara indiki makalada serederis.

^ 1) (4-nji abzas) Sinaý dagynda Kanun berlen wagty Pentikost güni bilen gabat gelýän bolmaly (Müs. çyk. 19:1). Eger şol gün Hudaý Musa arkaly ysraýyllylara Kanun beren bolsa, Isa Mesihem şol gün täze halk, ýagny ruhy Ysraýyl bilen täze äht baglaşdy.

^ 2) (11-nji abzas) «Täzeden dogulmak» barada köpräk bilmek üçin 2009-njy ýylyň 1-nji aprelinde çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 3—11-nji sahypalaryna serediň.