Esasy materiala geçiň

SÖHBETDEŞLIK | REÝÇEL HALL

Ýewreý gyz öz dinini barlandygyny gürrüň berýär

Ýewreý gyz öz dinini barlandygyny gürrüň berýär

Reýçel Hallyň ejesi ýewreýdi, kakasy ýehudy dinini kabul eden awstraliýalydy. Reýçeliň babasy bilen mamasy 1948-nji ýylda Ysraýyla göçen zionistlerdi (syýasy guramanyň tarapdarlary). Şol ýyl Ysraýyl garaşsyz döwlet bolupdy. «Oýanyň!» žurnalynyň habarçysy Reýçelden öz dinini näme üçin barlandygyny sorady.

Özüňiz barada gürrüň beräýseňiz.

Men 1979-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda doguldym. Üç ýaşymda ejem bilen kakam aýrylyşdy. Ejem ýaşlygymdan ýehudy däp-dessurlary öwretdi. Soňra meni ýehudy mekdebine okamaga ugratdy. Ýedi ýaşymdakam, ejem bilen bir ýyl Ysraýylda ýaşadyk. Şol ýerde-de men oba hojalyk mekdebinde (kibbutz) okadym. Soňra biz Meksika göçdük.

Meksikada sinagoga ýokdy, ýöne men şonda-da öz däp-dessurlarymyzy berjaý edýärdim. Her Sabat güni şem ýakýardym, Töwrady okaýardym, doga-dileg kitapçanyň (siddur) kömegi bilen Hudaýa doga edýärdim. Mekdepde-de klasdaşlaryma ýewreý dini hakyky din diýip köp gürrüň berýärdim. Emma Isa pygamberiň öwreden we eden işleri hakda ýazylan Injil kitabyny birem elime almandym. Sebäbi ejem hemişe: «Şol kitaby okaýmagyn, kelläňi bulaşdyrar» diýýärdi.

Sizi Injili okamaga näme höweslendirdi?

17 ýaşymda orta mekdep okuwyny dowam etmek üçin, ýene Amerika bardym. Şonda hristian dinine uýýan bir tanşym Isa pygambere iman etmesem, ynanýan zatlarymyň bir köpükdigini aýtdy.

Men bolsa: «Gaýtam Isa pygambere ynanýanlar imandan azaşanlar» diýdim.

Ol: «Injil kitabyny okap gördüňmi?» diýip sorady.

Men: «Ýok» diýdim.

Şonda ol: «Onda sen nädip bilmeýän zadyňa nädogry diýip bilýäň?!» diýdi.

Onuň aýdanlary ýüregime batdy. Sebäbi men hemişe bir zadyň anygyna ýetmän gürleýän adamlary düşünjesiz hasaplaýardym. Men utanjymdan ýaňa, onuň elindäki Mukaddes Kitabyny aldym we öýe baryp, Injili okap başladym.

Injili okap, nämä göz ýetirdiňiz?

Ilki bilen, haýran galdyran zat, Injili ýazan adamlaram ýewreý eken. Näçe köp okadygymça, şonça-da Isanyň mähirli, pesgöwünli ýewreýdigine göz ýetirdim. Ol öz peýdasyna çapman, adamlara diňe ýagşylyk edip ýaşapdyr. Men kitaphana gidip, Isa pygamber baradaky kitaplary okap başladym. Ýöne şol kitaplardan Isanyň Mesihdigi hakda hiç hili subutnama tapmadym. Käbir kitaplarda Isa pygambere Hudaý hem diýilýärdi, emma men muňa ýalan diýýärdim. Sebäbi Isa doga-dileg edende, öz-özüne doga edýärdimi näme?! Onsoňam, Isa öldi. Mukaddes Kitapda bolsa Hudaý hiç haçan ölmeýär diýilýär *.

Siz soraglaryňyza jogap tapdyňyzmy?

Men hakykatyň bardygyna ynanýardym, şonuň üçin ony gözläp başladym. Şonda men birinji gezek doga-dileg kitapçadan däl-de, aglap Hudaýa ýürekden doga etdim. Dogamy gutaryp-gutarmankam, gapym kakyldy. Görsem, Ýehowanyň Şaýatlary gelipdir. Olar maňa bir kitap berdiler. Şol kitaby okap we olar bilen birnäçe gezek gürrüňdeş bolup, olaryň aýdýan zatlarynyň Mukaddes Kitaba esaslanýandygyna düşündim. Olar Isa pygamberiň Üç ýüzli taňrynyň biri däl-de, «Hudaýyň Ogludygyna» * we «Hudaýyň ilkinji ýaradanydygyna» * ynanýarlar.

Biraz wagtdan soň, men Meksika dolandym, ol ýerde-de Şaýatlar bilen Mesih baradaky pygamberlikleri öwrenip başladym. Men Isa barada köp pygamberlikleriň bardygyna haýran galdym. Ýöne şonda-da Isanyň Mesihdigine ynanyp bilemokdym. Men: «Mesih baradaky pygamberlikler diňe Isa-da ýerine ýetdimi? Belki, ol özüne Mesih diýdirjek bolup, ýalandan pygamberlige görä hereket edendir» diýýärdim.

Sizi näme ynandyrdy?

Ýehowanyň Şaýatlary Mesih barada käbir pygamberlikleri görkezdiler. Mysal üçin, Mikaý pygamber Mesihiň Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde dünýä injekdigini 700 ýyl gowrak öňünden aýdypdyr *. Isa doguljak ýerini saýlap bilmeýärdi. Işaýa hem Mesihiň jenaýatçy hökmünde «ýigreniljekdigini» we «ölende bolsa baýlaryň hatarynda jaýlanjakdygyny» pygamberlik edipdi *. Şu pygamberlikler Isada ýerine ýetdi. Şol pygamberlikleriň ýerine ýetmegi Isanyň elinde däldi.

Ýene bir ynandyran zat, Isanyň nesil daragty. Mukaddes Kitapda Mesihiň Dawut patyşanyň neslindendigi aýdylýar *. Gadymy döwürde ýaşan ýewreýler nesil daragtyna köp üns beripdirler. Şonuň üçin olar öz nesil daragtlaryny ýazyp, gorap saklapdyrlar. Eger Isa Dawudyň neslinden bolmadyk bolsa, onda duşmanlar muny uly ile jar ederdiler. Ýöne olar muny edip bilmediler, sebäbi Isanyň Dawut patyşanyň neslindendigini gowy bilýärdiler. Il arasynda-da Isa pygambere «Dawudyň Ogly» diýýärdiler *.

Isanyň ölenine 37 ýyl geçensoň, ýagny b. e. 70-nji ýylynda Rim goşuny Iýerusalimi weýran edýär. Şonda halkyň nesil daragty baradaky ýazgylary hem ýok edilipdi. Diýmek, Mesih b. e. 70-nji ýylyndan öň gelmelidi.

Şu zatlary bilmek size nähili täsir etdi?

5 Musa 18:18, 19-njy aýatlarda Ysraýylda Musa ýaly bir pygamberiň boljakdygy ýazylypdyr. Ol ýerde Hudaýyň: «Meniň adymdan gepleýän şol pygambere gulak asmadyk adamdan hasap soraryn» diýen sözleri bar. Şeýdip, men Mukaddes Kitaby tutuşlygyna okap, gowy öwrenenimden soň, nazaretli Isanyň şol pygamberdigine ynandym.