Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habary wagyz ediň
«Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habary birkemsiz şaýatlyk ediň». RES. IŞ. 20:24
AÝDYMLAR: 10, 25
1, 2. Pawlus resul Hudaýyň merhemetine bolan minnetdarlygyny nädip beýan etdi?
PAWLUS RESUL ynam bilen: «(Hudaý) merhemetini maňa biderek ýere bildirmändi» diýdi (1 Korinfliler 15:9, 10-njy aýatlary okaň). Emma Pawlus öň mesihçileri yzarlapdy, şonuň üçin ol Hudaýyň merhemetini öz güýji bilen gazanyp bilmejekdigine we oňa asla mynasyp hem däldigine düşünýärdi.
2 Pawlus resul ömrüniň ahyrynda egindeşi Timoteosa: «Maňa güýç beren Halypamyz Mesih Isa minnetdardyryn. Sebäbi ol meni wepaly hasaplap, mukaddes işi tabşyrdy» diýip ýazdy (1 Tim. 1:12—14). Ol «mukaddes iş» diýende, nämäni göz öňünde tutdy? Pawlus bu barada Efesdäki gözegçi doganlara şeýle diýdi: «Men janymy aýamaýaryn. Meniň üçin esasy zat: Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habary birkemsiz şaýatlyk edip biler ýaly, alyp barýan ýolumy we Halypamyz Isadan alan gullugymy soňuna çenli berjaý etsem bolýar» (Res. iş. 20:24).
3. Pawlusa nähili wajyp iş tabşyrylýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
3 Pawlus «Ýehowanyň merhemeti baradaky hoş habar» diýende, nämäni göz öňünde tutdy? Ol Efesdäki mesihçilere: «Hudaýyň merhemeti arkaly size kömek etmek üçin jogapkärçilik alandygymy eşidensiňiz» diýdi (Efes. 3:1, 2). Hawa, özge milletden bolan adamlaram Mesih bilen bilelikde gökdäki Patyşalykda höküm sürüp biler ýaly, Pawlus hoş habary olara-da wagyz etmelidi (Efesliler 3:5—8-nji aýatlary okaň). Ol hoş habary yhlasly wagyz edip, bize gowy görelde galdyrdy. Şeýdip, ol Hudaýyň oňa merhemetini «biderek ýere» bildirmändigini subut etdi.
ÝEHOWANYŇ MERHEMETINE MINNETDAR BOLUŇ
4, 5. Patyşalyk habaryna näme üçin «Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habar» diýse bolýar?
4 Biz Patyşalygyň geljekki bereketlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şol sebäpli «Patyşalyk baradaky hoş habary bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediň» diýen tabşyrygy berjaý edýäris (Mat. 24:14). Emma bu habara «Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habar» hem diýse bolýar. Sebäbi Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly niýetini amala aşyryp, merhemetini aýan eder (Efes. 1:3). Bizem Pawlus ýaly yhlasly wagyz edip, Ýehowanyň merhemetine minnetdardygymyzy görkezýärismi? (Rimliler 1:14—16-njy aýatlary okaň).
5 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, günälidigimize garamazdan, Ýehowa bize dürli ýollar bilen merhemet edýär. Şol sebäpli biz ähli adamlara Ýehowanyň merhemeti we onuň peýdasy hakda gürrüň bermäge özümizi borçly hasaplaýarys. Biz adamlara Ýehowanyň merhemetine minnetdar bolmaga nädip kömek edip bileris? Geliň, munuň birnäçe usulyna seredeliň.
TÖLEG GURBANYNYŇ ÄHMIÝETINE DÜŞÜNMÄGE KÖMEK EDIŇ
6, 7. Näme üçin töleg gurbany hakda gürrüň bermek bilen «Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habary» wagyz edýäris diýse bolar?
6 Adamlaryň günäniň gulçulygyna satylandygyna köp wagt geçdi. Şol sebäpli şu günler köp adamlar tölege mätäçdigine asla düşünmeýärler. Şeýle-de olar «bäş gün ýalançyda isleýşiň ýaly ýaşamaly» diýen pikire eýerip, wagtyny hoş geçirmäge çalyşýarlar. Emma olar özlerini bagtsyz duýýarlar. Köp adamlar günäniň nämedigini, onuň ýetirýän zyýany we onuň gulçulygyndan nädip azat bolmalydygyny asla bilmeýärler. Olar diňe Ýehowanyň Şaýatlary bilen gürrüňdeş bolanlarynda, bu zatlara düşünip başlaýar. Akýürekli adamlar Ýehowa barada bilim alyp, onuň beýik söýgüsine, merhemetine we bizi günäden hem ölümden azat etmek üçin Ogluny töleg hökmünde berendigine göz ýetirýärler (1 Ýah. 4:9, 10).
7 Pawlus resul Ýehowanyň ýalňyz Ogly barada şeýle diýýär: «Hudaý Ogly (Isa) arkaly töleg töläp, bizi azat etdi. Hawa, Oglunyň gany arkaly günälerimiz bagyşlandy. Hudaýyň merhemeti, gör, nähili beýik!» (Efes. 1:7). Mesihiň töleg gurbany Hudaýyň bizi çäksiz söýýändigini we Onuň merhemete baý Hudaýdygyny subut edýär. Biz Isanyň dökülen ganyna ýürekden iman etsek, günälerimiz bagyşlanýar we ynsabymyz arassa bolýar (Ýew. 9:14). Biz muňa diýseň begenýäris! Eýsem, bu bizi töleg gurbany barada adamlara höwes bilen gürrüň bermäge höweslendirmeýärmi näme?!
HUDAÝ BILEN DOSTLAŞMAGA KÖMEK EDIŇ
8. Günäli adamlar näme üçin Hudaý bilen ýaraşmaly?
8 Adamlar Isanyň töleg gurbany barada bilmänkä, Hudaýyň duşmany hasaplanýar. Şol sebäpli biz olara Ýaradyjysy bilen dostlaşmaga kömek etmeli. Ýahýa resul: «Ogla iman eden ebedi ýaşaýşa gowşar; Ogla gulak asmaýan adam ýaşaýyş görmez, gaýtam, Hudaýyň gazabyna sezewar bolar» diýip ýazdy (Ýah. 3:36). Hawa, Mesihiň tölegi arkaly adamlar Hudaý bilen ýaraşyp bilýär. Pawlus resul: «Siz öň Hudaýdan daşlaşan adamlardyňyz we erbet zatlar hakynda pikir edýändigiňiz üçin onuň duşmanydyňyz. Häzir bolsa ol sizi Oglunyň ynsan bedeninde ölmegi arkaly özi bilen ýaraşdyrdy» diýdi (Kol. 1:21, 22).
9, 10. a) Mesh edilenlere nähili jogapkärli iş ynanyldy? b) «Başga goýunlar» olara nädip kömek edýärler?
9 Isa Mesih ýer ýüzündäki mesh edilen doganlaryna «ýaraşdyrma gullugyny berdi». Pawlus resul I asyrdaky mesh edilen mesihçilere ýazan hatynda muny şeýle düşündirdi: «Ähli zat Hudaýdandyr. Ol bizi Mesih arkaly özi bilen ýaraşdyrdy we bize ýaraşdyrma gullugyny berdi. Ýagny Hudaý adamlaryň ýazyklaryny hasaba alman, olaryň ählisini Mesih arkaly özi bilen ýaraşdyrýar, bize bolsa adamlara Hudaý bilen ýaraşyp bilýändiklerini aýtmagy tabşyrdy. Şeýlelikde, biz Mesihe derek bellenen wekillerdiris. Aslynda, Hudaý biz arkaly ýalbarýandyr we biz Mesihe derek: „Hudaý bilen ýaraşyň“ diýip ýalbarýarys» (2 Kor. 5:18—20).
10 «Başga goýunlar» hem Mesihiň doganlaryna bu işde kömek etmegi hormat saýýarlar (Ýah. 10:16). Olar hem Mesihiň wekili hökmünde adamlara hakykaty höwes bilen gürrüň berýärler we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýärler. Bu biziň wagyz edýän habarymyzyň wajyp bölegi bolup, Hudaýyň merhemetini aýan edýär.
HUDAÝYŇ DOGALARY EŞIDÝÄNDIGINE DÜŞÜNMÄGE KÖMEK EDIŇ
11, 12. Adamlara Ýehowa doga etmegi öwretmeklige näme üçin hoş habaryň bir bölegi diýse bolar?
11 Köp adamlar diňe janlaryna aram tapmak üçin doga-dileg edýärler. Emma olar edýän dogalaryny Hudaýyň eşidýändigine känbir ynanmaýarlar. Şol sebäpli biz olara Ýehowanyň «dogalary eşidýän» Hudaýdygyna düşünmäge kömek etmeli. Mezmurçy: «Ähli adamzat dogalary eşidýän Saňa gelýär. Günäler menden üstün çykýar; ýöne jenaýatlarymyzy Sen ötersiň» diýip ýazdy (Zeb. 65:2, 3).
12 Isa şägirtlerine: «Meniň adymdan näme sorasaňyz, ony bererin» diýdi (Ýah. 14:14). Isa «näme sorasaňyz» diýende, Ýehowanyň islegine laýyk gelýän islendik zady göz öňünde tutan bolmaly. Ýahýa resul hem: «Biz Hudaýyň islegine görä her näme dilesek-de, onuň bizi eşidýändigine doly ynanýarys» diýdi (1 Ýah. 5:14). Adamlara Hudaýa doga etmekligiň ýöne bir kalbyňa rahatlyk berýän zat däl-de, örän çuň manysynyň bardygyny, ýagny ol arkaly Ýehowanyň «merhemet tagtyna» ýakynlaşýandygymyza düşünmäge kömek etmek, gör, nähili ýakymly! (Ýew. 4:16). Biz adamlara Hudaýa nädip doga etmelidigini, oňa kim arkaly ýüzlenmelidigini we näme hakda dileg etmelidigini öwretsek, olara Ýehowa ýakynlaşyp, kyn gününde kalbynda rahatlyk duýmaga ýardam ederis (Zeb. 4:1; 145:18).
HUDAÝYŇ MERHEMETINIŇ TÄZE DÜNÝÄDE BERJEK PEÝDASY
13, 14. a) Mesh edilen mesihçiler gelejekde nähili hormata eýe bolarlar? b) Olar adamlar üçin nähili ajaýyp işleri ederler?
13 Şu zalym dünýä ýok edilende, Ýehowanyň merhemeti has-da aýan bolar. Pawlus resul Hudaýyň 144 müň mesh edilen mesihçilere gökde Isa bilen hökümdarlyk etmek hormatyna eýe edendigini aýdyp, şeýle diýdi: «Hudaý rehimdarlyga baýdyr, ol bizi juda söýýändir. Şonuň üçin hem bizi Mesih bilen bile direltdi. Hatda günälerimiz zerarly ölen bolsak-da, bize merhemet edip halas etdi. Şeýle-de Hudaý bizi Mesih Isa bilen direldip, şägirtleri hökmünde gökde onuň ýanynda oturtdy. Ol täze dünýäde bize Mesihiň şägirtleri hökmünde merhemetini bolluk bilen görkezip, ýagşylyk eder» (Efes. 2:4—7).
14 Elbetde, Mesih bilen bile gökde höküm sürjek mesh edilen mesihçiler üçin, Ýehowanyň nähili ajaýyp zatlary taýýarlandygyny göz öňüne getirmek aňsat bolmasa gerek! (Luka 22:28—30; Flp. 3:20, 21; 1 Ýah. 3:2). Şonda Ýehowa olara «merhemetini bolluk bilen görkezer» we olar «Täze Iýerusalim», ýagny Mesihiň gelinligi bolar (Ylh. 3:12; 17:14; 21:2, 9, 10). Şeýdip, olar Isa bilen bilelikde ähli «milletleri sagaldarlar» we olara günäniň hem-de ölümiň gulçulygyndan azat bolup, kämillige ýetmäge kömek ederler (Ylham 22:1, 2, 17-nji aýatlary okaň).
15, 16. Ýehowa adamlara merhemetini gelejekde nädip aýan eder?
15 Efesliler 2:7-de Hudaýyň «täze dünýäde» hem bize merhemetini bildirjekdigi aýdylýar. Hawa, täze dünýäde Ýehowanyň «merhemetini bolluk bilen görkezjekdigine» asla şübhelenmän bileris (Luka 18:29, 30). Ýehowa «gabyrda» ýatan adamlaryň ählisini direldip, beýik merhemetini aýan eder (Eýp. 14:13—15; Ýah. 5:28, 29). Şonda Isa Mesihiň ölüminden öň we soňky günlerde aradan çykan Hudaýa wepaly erkekdir aýallar direlip, Ýehowa gulluk etmegini dowam eder.
16 Hak Hudaýy tanaman aradan çykan millionlarça adamlar hem direler. Olara Ýehowanyň hökümdarlygynyň tarapyny tutmaga mümkinçilik berler. Ýahýa resul şeýle ýazdy: «Men ölüleri, ýagny sada we ýokary wezipeli adamlaryň tagtyň öňünde durandyklaryny gördüm, şonda golýazmalar açyldy. Ýaşaýyş kitaby diýen başga bir golýazma hem açyldy. Golýazmalarda ýazylanlara laýyklykda, ölülere edýän işlerine görä höküm çykaryldy. Deňiz özündäki ölüleri, ölüm bilen Gabyr hem özündäki ölüleri gaýdyp berdi. Olaryň her birine edýän işlerine görä höküm çykaryldy» (Ylh. 20:12, 13). Elbetde, direlen adamlar Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere laýyk ýaşamagy öwrenmeli bolarlar. Mundan başga-da olara täze görkezmeler berler we täze dünýäde ýaşajak adamlar üçin Ýehowanyň talaplary ýazylan «golýazmalar» açylar. Bu golýazmalar hem Ýehowanyň merhemetini aýan eder.
HOŞ HABARY YHLASLY WAGYZ EDIŇ
17. Hoş habary wagyz edenimizde nämäni unutmaly däl?
17 Dünýäniň soňunyň golaýlap gelýändigi üçin, biz hoş habary has-da yhlasly wagyz edýäris (Mar. 13:10). Hoş habaryň ähli adamlara wagyz edilmegi Ýehowanyň olara merhemet edýändigini görkezýär. Şol sebäpli biz wagyzda Ýehowany şöhratlandyrmagy unutmaly däl we adamlara Onuň täze dünýä babatdaky ähli wadalaryny merhemeti arkaly amala aşyrjakdygyna düşünmäge kömek etmeli.
18, 19. Biz merhemete baý Hudaý Ýehowany nädip şöhratlandyryp bileris?
18 Biz ähli adamlaryň Mesihi Patyşalyk arkaly töleg gurbanyndan doly peýdalanyp, kämillige ýetjekdigini düşündirip bileris. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýaradylan zatlar çüýreme gulçulygyndan azat bolup, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarlar» diýilýär (Rim. 8:21). Hawa, bu zatlar diňe Ýehowanyň ajaýyp merhemeti arkaly bolar.
19 Biz adamlara Ylham 21:4, 5-nji aýatlardaky teselli beriji sözleri höwes bilen gürrüň berýäris. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Hudaý olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar. Sebäbi öňki zatlar geçip gitdi. Şonda tagtda oturan Hudaý: „Ine, men ähli zady täzeleýärin“ diýdi. Şeýle-de: „Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we hakdyr“ diýdi». Geliň, mundan beýläk hem hoş habary yhlasly wagyz edip, merhemete baý Hudaýymyz Ýehowany şöhratlandyralyň!