Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Pikiriňe garşy söweşde ýeňiş gazanyň

Pikiriňe garşy söweşde ýeňiş gazanyň

SIZ howp astynda! Ganym duşmanymyz Şeýtan size garşy örän howply ýaragy ulanýar. Ol nähili ýarag? Ýalan maglumatlar! Şeýtan bu ýarag arkaly siziň özüňize däl-de, pikiriňize täsir etjek bolýar.

Pawlus resul mesihçilere Şeýtanyň bu howply ýaragyndan ägä bolmagy duýdurdy. Gynansak-da, käbirleri oňa gulak asmady. Meselem, Korinf şäherindäki mesihçileriň käbiri özüne bil baglaýardy; olar hakykatda berk durandyrys we hiç haçan ýykylmarys diýip pikir edýärdiler (1 Kor. 10:12). Şol sebäpli Pawlus: «Ýylanyň How enäni mekirlik bilen aldaýşy ýaly, siziň hem pikirleriňiz zaýalanyp, Mesihiň öňünde görkezmeli akýürekliligi we päkligi ýitirersiňiz öýdüp gorkýaryn» diýdi (2 Kor. 11:3).

Görşümiz ýaly, Pawlusyň dogan-uýalar hakda aladanyp aýdan sözleri özüňe bil baglamagyň howpludygyny aýdyň görkezýär. Eger biz pikirimize garşy söweşde ýeňiş gazanmak islesek, onda ýalan maglumatyň nähili derejede howpludygyna we ondan özümizi nädip goramalydygyna düşünmeli.

ÝALAN MAGLUMATLAR NÄDEREJEDE HOWPLY?

Ýalan maglumat näme? Ol adamyň pikirine we edýän işlerine täsir edýän ters düşünjeler ýa-da maglumatlar. Käbir adamlar ýalan maglumatlary «aldaw, ýoýlan gürrüň, ýalan-ýaşryk, pikiriňi ýesir edýän we aň-düşünjäňe hüjüm edýän zatlar» bilen baglanyşdyryp, «ahlaksyz, zyýanly hem-de haram işler» bilen deň hatarda goýýarlar («Propaganda and Persuasion»).

Ýalan maglumatlar näderejede howply? Ony göze görünmeýän, yssyz we zäherli gaza meňzetse bolýar. Ol biziň ynsabymyza bildirmän täsir edýär. Ýazyjy Wans Pakard bu babatda şeýle diýýär: «Biziň köpümiz aldanandygymyzy bilenimizden soňam, onuň täsirinden çykyp bilmeýäris». Bir alymyň aýtmagyna görä, ýalan maglumatyň täsiri bilen adamlar genosid (adamlary köpçülikleýin gyrmak), uruş, tire-taýpa bölünişigi, dini ýigrenç we başga-da şuňa meňzeş asla akyla sygmajak «howply zatlary aňsatlyk bilen etdiler» («Easily Led—A History of Propaganda»).

Eger ýönekeý adam ýalan maglumaty bilen bizi aldawa salyp bilýän bolsa, onda Şeýtanyň ukyby barada näme diýse bolar? Ol ýaradylyşdan bäri adamyň tebigatyny öwrenip gelýär. «Bütin dünýä... Şeýtanyň goly astynda»; ol ýalan maglumatlary ýaýratmak üçin dünýädäki islendik zady ulanyp bilýär (1 Ýah. 5:19; Ýah. 8:44). Şol sebäpli Şeýtan adamlaryň «aň-düşünjesini küteldip», «bütin ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny aldawa» salýar (2 Kor. 4:4; Ylh. 12:9). Eýsem, biz onuň täsirine düşmez ýaly näme edip bileris?

ÖZÜŇIZI GORAŇ

Isa ýalan maglumata garşy durmak üçin ýönekeý görkezme berip: «Siz hakykat barada bilim alarsyňyz, hakykat hem sizi azat eder» diýdi (Ýah. 8:31, 32). Emma hakykaty ýaňy öwrenip başlan adam özüni edil urşuň gyzgalyňly ýerine düşen esger ýaly duýýar. Şol sebäpli pikirimize hüjüm edýän duşmana gaýtawul bermek üçin, aňymyzy ygtybarly çeşmeden dolduryp durmaly. Şeýtana garşy söweşmek üçin Ýehowa bize ähli gerekli ýaraglary berýär. Biz Mukaddes Ýazgylardaky gymmatly hakykatlar arkaly Şeýtanyň ýaýradýan ýalan maglumatlaryna garşy durup bileris (2 Tim. 3:16, 17).

Emma ýalan maglumatlaryň ussat eýesi Şeýtan bizde şeýle ýaragyň bardygyny bilýär. Şol sebäpli ol biziň Mukaddes Ýazgylary okamaga we öwrenmäge bolan höwesimizi gaçyrmak üçin şu dünýäni ulanýar. Geliň, onuň mekirlik bilen ulanýan hilelerine garşy duralyň! (Efes. 6:11). Biz hakykatyň «çuňlugyna doly düşünmeli» (Efes. 3:18). Munuň üçin biz elimizde baryny etmeli. Ýöne professor Noam Homskiýiň şu sözlerini ýatda saklamaly: «Hiç kim hakykaty siziň beýniňize guýmaz. Ony siziň özüňiz gözläp tapmaly». Şol sebäpli «her gün Ýazgylar esasynda barlap», ony «özüňiz gözläp tapyň» (Res. iş. 17:11).

Pikiriňize garşy söweşde ýeňiş gazanmak üçin, ýalan maglumatyň howpludygyna düşünmeli we özüňizi olardan goramaly

Şeýtan siziň dury we aýdyň pikirlenmegiňizi islemeýär. Näme üçin? Bir ylmy kitapda aýdylmagyna görä, «eger adam... edýän nädogry pikirleri sebäpli göwnüçökgünlige düşýän bolsa», onda ýalan maglumat «oňa has-da güýçli täsir edýär» («Media and Society in the Twentieth Century»). Şol sebäpli ynanjaň bolup, eşidýän zatlaryňyzy köre-körlük bilen kabul etmäň (Sül. tym. 14:15). Öwrenýän zatlaryňyzyň hakykatdygyna göz ýetirmek üçin Hudaýyň beren pikirlenmek we saýgarma ukybyny ulanyň (Sül. tym. 2:10—15; Rim. 12:1, 2).

BÖLÜNIŞIK DÖREDÝÄN ZATLARDAN GAÇA DURUŇ

Käte uruşda garşydaş goşuny ruhdan düşürmek we güýçden gaçyrmak maksady bilen, harby ýarag hökmünde ýalan maglumatlary ulanýarlar. Şeýdip, duşmanyň esgerlerini öz-özleri bilen garpyşmaga ýa-da özlerini goşundan çetde tutmaga iterýärler. Germaniýanyň goşun generaly I Jahan urşunda näme üçin ýeňlendikleriniň bir sebäbini şeýle düşündirýär: «Adamlar edil jadyly owazyň täsirine düşen ýylan ýaly duşmanyň ýalan maglumatyna özüni aldatdylar». Şeýtan hem şeýle ýaraglary ulanyp, dogan-uýalaryň arasynda bölünişik döredýär ýa-da olary adalatsyzlyk we öýke-kine sebäpli özlerini Ýehowanyň guramasyndan çetde tutmaga iterýär.

Özüňizi aldatmaň-da, Hudaýyň Sözündäki görkezmä eýeriň. Dogan-uýalar bilen agzybirligi saklamak üçin Mukaddes Ýazgylardaky «bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» diýen maslahata eýerip, düşünişmezligi derrew çözmäge çalşyň (Kol. 3:13, 14; Mat. 5:23, 24). Hudaýyň Sözünde özüňi ýygnakdan çetde tutmazlyk babatda berk tabşyryk berilýär (Sül. tym. 18:1). Şol sebäpli Şeýtanyň ýalan maglumatynyň täsirine düşmez ýaly, özüňizi barlamak üçin şeýle soraglary beriň: «Geçen sapar dogan-uýalar bilen düşünişmezlik bolanda, kellämde nähili pikirler aýlanýardy? Şonda men dünýäniň ruhunyň täsirine düşdümmi ýa-da Hudaýyň ruhunyň?» (Gal. 5:16—26; Efes. 2:2, 3).

YNAMYŇYZYŇ GOWŞAMAGYNA ÝOL BERMÄŇ

Eger ruhdan düşse, hatda serkerdesine wepaly esgerem gowy söweşip bilmez. Ýalan maglumatlary ýaýradýan adamlar esgeriň serkerdesine bolan ynamyny gaçyryp, olaryň arasyny bozýar. Olar: «Ýolbaşçylaryň ynama mynasyp adamlar däl! Olara özüňi heläk etmäge ýol berme!» ýaly ýalan maglumaty ýaýradýarlar. Hüjümini güýçlendirmek üçin, olar serkerdeleriň goýberýän islendik ýalňyşyny ussatlyk bilen ulanýarlar. Şeýtan hem edil şonuň ýaly hereket edýär! Ol Ýehowanyň bellän ýolbaşçylaryna bolan ynamymyzy gowşatmak üçin elinde baryny edýär we muny asla bes etmek islemeýär.

Siz özüňizi nädip gorap bilersiňiz? Ýehowanyň guramasyna berk ýapyşyň we gözegçi doganlaryň kemçiliklerini görseňiz-de, olary wepaly goldaň (1 Sel. 5:12, 13). Imandan dänenleriň ýa-da aňyňyza täsir etdirjek bolýan başga adamlaryň aýdýan zatlary çyn ýaly bolup görünse-de, olara «pikiriňizi bulaşdyrmaga» ýol bermäň (2 Sel. 2:2; Tit. 1:10). Pawlus resulyň ýaş Timoteosa: «Iman eden zatlaryňa eýermegiňi dowam et, sebäbi bulary ynamdar adamlardan öwrenipdiň» diýen maslahatyna eýeriň (2 Tim. 3:14, 15). Ýehowanyň guramasyna bil baglar ýaly, bizde ýeterlikli subutnamalar bar. Bizi hakykat ýolunda ýöretmek üçin, Hudaý guramasyny ýüz ýyla golaý wagt bäri ulanyp gelýär (Mat. 24:45—47; Ýew. 13:7, 17).

GORKA ÖZÜŇIZI ALDYRMAŇ

Şuny unutmaň: Şeýtanyň ýaýradýan ýalan maglumatlary hemişe gizlin bolmaýar. Käte ol «ýalan maglumatlaryň iň gadymy usullarynyň biri bolan» gorkyny ulanýar («Easily Led—A History of Propaganda»). Taryhçy Filipp Teýlor şeýle ýazdy: «Aşurlylar basyp alan halklaryny tabynlykda saklamak we duşmanlaryny gorkuzmak üçin ýalan maglumatlary ulanýardy». Şeýtan hem adamdan, yzarlamalardan, ölümden gorkyny we gorkynyň başga-da her hili usullaryny ulanyp, siziň Ýehowa gulluk etmekde yhlasyňyzy gowşatjak bolýar (Iş. 8:12; Ýer. 42:11; Ýew. 2:15).

Şeýtanyň sizi ruhdan düşürmek we wepalylygyňyzy gowşatmak üçin ulanýan gorkusyna özüňizi aldyrmaň. Isa: «Bedeni öldürip-de, başga hiç zat edip bilmeýän adamlardan gorkmaň» diýdi (Luka 12:4). Ýehowanyň goldajakdygyna we Şeýtanyň sizi gorkuzmak üçin ulanýan islendik ýaragyna garşy durmaga «güýç» berjekdigine asla şübhelenmäň (2 Kor. 4:7—9; 1 Pet. 3:14).

Siziň ruhdan düşürýän gorkuly ýagdaýlara duçar bolmagyňyz mümkin. Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň Ýeşuwany ruhlandyrmak üçin aýdan şu sözleri ýadyňyzda bolsun: «Dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!» (Ýeş. 1:9). Eger biynjalyk bolup başlasaňyz, şol bada doga edip, ähli gaýgy-aladalaryňyzy Ýehowa aýdyň. Şonda «Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar». Bu size Şeýtanyň ähli ýalan maglumatlaryna garşy durmaga güýç berer (Flp. 4:6, 7, 13).

Aşur patyşasynyň wekili Rabşagyň Hudaýyň halkyna garşy nähili ýalan maglumaty ulanandygy ýadyňyzdamy? Ol hamala «Sizi aşurlularyň elinden hiç kim halas edip bilmez. Hatda Hudaýyňyz Ýehowa-da sizi gorap bilmez» diýdi. Soňra ol gorkman şeýle diýdi: «Reb maňa şu ýurda hüjüm et-de, ony derbi-dagyn et diýdi». Ýehowa muňa nähili jogap berdi? Ol: «Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma» diýdi (2 Pat. 18:22—25; 19:5). Şonda Ýehowa ýekeje perişdesini iberip, bir gijede aşurlylaryň 185 müň edermen esgerini öldürdi! (2 Pat. 19:35).

ÝEHOWA HEMIŞE GULAK ASYP, PAÝHASLY BOLUŇ

Siz filmlerde kimdir biriniň aldanyp, duzaga düşendigine üns beripmidiňiz? Şonda siz içiňizden: «Muňa ynanma! Olar seni aldaýar» diýensiňiz. Şonuň ýaly-da perişdeleriň size: «Şeýtanyň ýalan zatlaryna özüňi aldatma!» diýýändigini göz öňüne getiriň!

Şeýtanyň ýalan maglumatlaryna gulak gabartmaň (Sül. tym. 26:24, 25). Ýehowa gulak asyň we ähli işleriňizde oňa bil baglaň (Sül. tym. 3:5—7). Onuň: «Oglum... akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» diýip, söýgi bilen aýdan sözlerini ýatda saklaň (Sül. tym. 27:11). Şonda siz pikiriňize garşy söweşde hökman ýeňiş gazanarsyňyz!