Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Ähli adamlara» duýgudaşlyk bildiriň

«Ähli adamlara» duýgudaşlyk bildiriň

ISA şägirtlerine hoş habary wagyz etmegi öwredende, hemme adamlaryň oňa gowy seslenmejekdigini aýtdy (Luka 10:3, 5, 6). Biz wagyzda gaharjaň ýa-da özüni gödek alyp barýan adamlara duş gelmegimiz mümkin. Gynansak-da, şeýle zatlar wagyz edýän adamlarymyza duýgudaşlyk bildirmäge päsgel berip biler.

Duýgudaş adam başgalaryň zerurlyklaryna we kynçylyklaryna ünsli bolýar. Olara ýüregi awap, kömek edesi gelýär. Eger biz wagyz edýän adamlarymyza duýgudaşlyk bildirmegimizi bes etsek, wagyzda yhlasymyz gowşap, hatda hoş habary wagyz etmäge islegimiz gaçyp biler. Emma duýgudaşlyk häsiýetini ösdürsek, odun taşlanyňda, oduň has-da güýçlenişi ýaly, wagyzda yhlasymyz hasam artar (1 Sel. 5:19).

Biz hatda kyn ýagdaýlarda-da duýgudaş bolmagy nädip öwrenip bileris? Geliň, Ýehowanyň, Isanyň hem-de Pawlus resulyň göreldesi hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWANYŇ DUÝGUDAŞLYGYNDAN GÖRELDE ALYŇ

Ýehowa müňlerçe ýyl bäri adamlaryň Özi hakda aýdýan erbet zatlaryna çydap gelýär. Emma ol «gadyr bilmezlere-de, zalymlara-da ýagşylyk edýär» (Luka 6:35). Bu Onuň duýgudaş we sabyrly Hudaýdygyny aýan edýär. Ol «ähli adamlaryň halas bolmagyny... isleýär» (1 Tim. 2:3, 4). Hudaý erbetligi ýigrense-de, adamlara arzyly hazyna hökmünde garaýar we olaryň hiç biriniň «heläk bolmagyny» islemeýär (2 Pet. 3:9).

Ýehowa Şeýtanyň iman etmeýän adamlaryň aň-düşünjesini küteldendigine düşünýär (2 Kor. 4:3, 4). Çagalykdan bäri nädogry dini düşünjeleri öwrenendigi üçin, köp adamlara hakykaty kabul etmek kyn bolýar. Ýehowa şeýle adamlara kömek etmek isleýär. Biz muny nireden bilýäris?

Geliň, Ýehowanyň gadymy Ninewe şäheriniň ýaşaýjylaryna bolan garaýşyna seredeliň. Olaryň edýän zalym işlerine garamazdan, Ýehowa Ýunus pygambere şeýle diýdi: «Sagyny-soluny saýgaryp bilmeýän ýüz ýigrimi müňden agdyk adamy... bolan şeýle uly şäher Ninewä Meniň neneň haýpym gelmesin» (Ýun. 4:11). Ýehowa Ninewäniň ýaşaýjylaryna Özi barada hakykaty bilmeýän adamlar hökmünde garaýardy we Ýunus pygamberi iberip, rehimdarlyk bildirdi.

Ýehowa ýaly bizem adamlara arzyly hazyna hökmünde garaýarys. Şol sebäpli Onuň göreldesine eýerip, adamlar hoş habara seslenmeýän ýaly bolup görünse-de, olara höwes bilen kömek etmäge çalyşýarys.

ISANYŇ DUÝGUDAŞLYGYNDAN GÖRELDE ALYŇ

Atasy ýaly Isa-da ruhy taýdan aç adamlary görende, gynanýardy. «Ol uly märekäni görüp, olara ýüregi awady, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyz we pytraňňydy» (Mat. 9:36). Isa olaryň ýagdaýyna düşünýärdi; ol özüni diňleýän adamlaryň ýalan öwretmeleriň we dini ýolbaşçylaryň täsirine düşendigini bilýärdi. Isa köp adamlaryň dürli sebäplere görä yzyna eýerýändigini bilse-de, olara «ençeme zatlary öwretdi» (Mar. 4:1—9).

Adam hoş habara birbada seslenmese, ruhdan düşmäň

Durmuşynda bolýan käbir zatlar sebäpli, adamyň hakykata bolan garaýşy üýtgäp biler

Adamlar aýdýan habarymyza känbir seslenmese-de, biz olaryň ýagdaýyna we özlerini näme üçin şeýle alyp barýandygyna düşünjek bolmaly. Käbirleriniň Mukaddes Ýazgylar we mesihçiler barada nädogry pikirde bolmagynyň sebäbi, olar özüni mesihçi hasaplaýan adamlaryň edýän erbet işlerini görýändirler. Başgalar biziň dini ynançlarymyz hakda ýalan-ýaşryk zatlary eşidendirler. Käbirleri bolsa ynanýan zatlary hakda gürrüň etse, maşgala agzalary ýa-da beýleki adamlar üstlerinden güler öýdýärler.

Wagyz edýän adamlarymyzyň käbiri durmuşynda bolan pajygaly ýagdaýlar sebäpli duýgy taýdan ejir çekýändir. Kim atly missioner uýa şeýle diýýär: «Ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň köpüsi uruş sebäpli bar zadyndan mahrum boldular. Olar hatda gelejege bolan umydyny hem ýitirdiler. Olar göwnüçökgünlige düşüp, adamlara bolan ynamyny hem gaçyrdylar. Biz wagyzda hoş habara garşy çykýan adamlara köp duş gelýäris. Bir gezek wagyzdakam, hatda meniň üstüme-de topuldylar».

Şeýle garşylyklara garamazdan, Kim uýamyza duýgudaş bolmaga näme kömek edýär? Ol şeýle diýýär: «Adamlar sögenlerinde, men Süleýmanyň tymsallary 19:11-däki: „Adamyň paýhasy onuň gaharyny köşeşdirýändir“ diýen maslahata eýermäge çalyşýaryn. Ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň başyna düşen zatlar barada oýlanmak maňa olara duýgudaşlyk bildirmäge kömek edýär. Onsoňam, wagyz edýän adamlarymyzyň arasynda bizi diňleýänlerem bar. Hatda biz birnäçe adamy gaýtadan ideg edýäris».

Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Eger men hakykaty eşitmedik bolsam, hoş habara nähili seslenerdim? Meselem, Ýehowanyň Şaýatlary barada hemişe erbet zatlary eşiden bolsam, men näme ederdim?» Mümkin, şeýle ýagdaýlarda bizem özümizi gödek alyp barardyk we duýgudaşlyga mätäç bolardyk. Isanyň: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şony etmeli» diýen sözlerini ýada salsak, hatda kyn bolsa-da, olara duýgudaşlyk bildireris (Mat. 7:12).

PAWLUSYŇ DUÝGUDAŞLYGYNDAN GÖRELDE ALYŇ

Pawlus resul hem özüne zalymlyk bilen garşy çykan adamlara duýgudaşlyk bildirýärdi. Sebäbi ol özüniňem öň şeýle adam bolandygyny ýatdan çykarmaýardy. Ol şeýle diýdi: «Men öň Hudaýa dil ýetirip, halkyny yzarlaýardym we barypýatan gödek adamdym. Muňa garamazdan, maňa rehim edildi, sebäbi men olary bilmän edipdim we imansyzdym» (1 Tim. 1:13). Pawlus özüne Ýehowanyň we Isanyň rehimdarlyk bildirendigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol wagyz edýän adamlaryna hem şonuň ýaly garaýardy.

Käte Pawlus resul ýalan öwretmelere berk eýerýän adamlara-da duşýardy. Şonda ol özüni nähili alyp barýardy? Resullaryň işleri 17:16-da aýdylyşy ýaly, ol Afinydaka, «şäheriň butlardan doludygyny görüp, diýseň gahary geldi». Muňa garamazdan, Pawlus olara gowy şaýatlyk etdi (Res. iş. 17:22, 23). Dogrudan-da, ol adamlara hoş habary ýetirmek üçin her dürli usullary ulanýardy we «käbirlerini halas etjek bolup, her kes üçin her zat boldy» (1 Kor. 9:20—23).

Bizem Pawlusyň göreldesine eýerip, «hoş habary» yhlasly wagyz edip bileris (Iş. 52:7). Sebäbi adamlaryň biz barada nädogry garaýyşdadygyna we ýalan öwretmeleriň ýesiri bolandyklaryna düşünýäris. Doroti atly uýamyz şeýle diýýär: «Ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň köpüsi Hudaýy zalym we doňýürek hasaplaýar. Men şeýle adamlary Hudaýa bolan güýçli ynamy üçin öwüp, soňra Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri barada näme diýilýändigine we Onuň gowy gelejegi wada berýändigine ünsüni çekýärin».

«ÝAMANLYGY... HEMIŞE ÝAGŞYLYK BILEN ÝEŇIŇ»

Şu zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, wagyz edýän adamlarymyzyň käbiri «erbet işleri etmekde has-da ökdeleşerler» (2 Tim. 3:1, 13). Emma biz şeýle zatlaryň adamlara duýgudaşlyk bildirmegimize ýa-da wagyzda şatlygymyzy ýitirmegimize ýol bermeli däl. Ýehowa bize «ýamanlygy... hemişe ýagşylyk bilen ýeňmäge» güýç berer (Rim. 12:21). Jesika atly pioner uýamyz şeýle diýýär: «Men wagyzda köplenç ulumsy, üstümizden gülýän we aýdýan habarymyzy ýaňsylaýan adamlara duşýaryn. Şeýle ýagdaýda özüňe erk etmek kyn düşýär. Şol sebäpli men gürrüňe başlamazdan öň, Ýehowa gysgajyk doga edýärin we wagyz edýän adamlaryma Onuň garaýşy ýaly garamaga kömek etmegini soraýaryn. Bu maňa öz duýgularym barada däl-de, adamlara nädip kömek edip biljekdigim hakda oýlanmaga ýardam edýär».

Biz hakykaty gözleýän adamlary tapmaga jan etmeli

Sabyrly bolsak, käbir adamlar ruhy kömegimizi kabul edip biler

Şeýle-de biz wagyzda dogan-uýalary ruhlandyrmaga jan etmeli. Jesika şeýle diýýär: «Eger ýanymdaky wagyzçy ruhdan düşse, menem lapykeç bolmagyň deregine, gaýtam, gowy zatlar hakda gürrüň etmäge çalyşýaryn. Meselem, käbirleri garşylyk görkezse-de, wagyz işimiziň gowy netijeleri berýändigini aýdýaryn».

Ýehowa biziň wagyzda nähili kynçylyklara uçraýandygymyzy gowy bilýär we özüniň duýgudaşlygyndan görelde alýandygymyza örän begenýär (Luka 6:36). Elbetde, Ýehowa şu dünýädäki adamlara hemişe sabyr edip ýörmez. Biz Onuň öz bellän wagtynda dünýäniň üstünden höküm çykarjakdygyna ynamly bolup bileris. Şol wagt gelýänçä, hoş habary wagyz etmek örän wajyp (2 Tim. 4:2). Şol sebäpli, geliň, hoş habary yhlasly wagyz etmegimizi we «ähli adamlara» ýürekden duýgudaşlyk bildirmegimizi dowam edeliň!