Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şahsy okuwyny nädip has netijeli we gyzykly edip geçirmeli?

Şahsy okuwyny nädip has netijeli we gyzykly edip geçirmeli?

ÝEŞUWA kyn ýumşy ýerine ýetirmäge saýlanýar. Ol ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk edip, olary Wada edilen diýara eltmelidi we dürli kynçylyklara döz gelmelidi. Ýehowa ony goldajakdygyny aýdyp, şeýle diýdi: «Dözümli hem mert bol... Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar» (Ýeş. 1:7, 8).

Şu «juda kyn döwürde» biz hem agyr kynçylyklara duçar bolýarys (2 Tim. 3:1). Ýeşuwa ýaly bizem Ýehowanyň berýän maslahatyna eýersek, edýän işlerimizde üstünlik gazanarys. Munuň üçin biz Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly we ondaky prinsiplere, esasan-da, synaga uçranymyzda, olara gyşarnyksyz eýermeli.

Emma biziň köpümiz şahsy okuwyny nädip geçirmelidigini bilýän däldiris. Muňa garamazdan, biz şahsy okuwynyň örän wajypdygyna düşünýäris. Ony has netijeli we gyzykly geçirip biler ýaly, « Şu maslahatlara eýeriň» diýen çarçuwada käbir peýdaly görkezmeler berilýär.

Mezmurçy: «Meni Öz tabşyryklaryň ýolunda gezdir, çünki men ondan keýp alýaryn» diýip nagma aýtdy (Zeb. 119:35). Sizem Hudaýyň Sözüni öwreneniňizde, şeýle duýgulary başdan geçirip bilersiňiz. Eger ony ünsli öwrenmegiňizi dowam etseňiz, köp ruhy dürdäneleri taparsyňyz.

Siz Ýeşuwa ýaly halka ýolbaşçylyk etmeseňiz-de, öz kynçylyklaryňyz bilen göreşýänsiňiz. Şol sebäpli Hudaýyň Sözüni öwrenmegiňizi we ondaky maslahatlara eýermegiňizi dowam ediň. Şonda «ähli işleriňizde üstünlik we abadanlyk hemraňyz bolar».