Şuny bilýäňizmi?
Ninewiýa şäherine näme boldy?
B. E. ÖŇ 670-NJI ýylda Assiriýa dünýäde iň güýçli patyşalyk bolupdyr. Şol döwür hiç bir patyşa Assiriýany we paýtagty Ninewiýany basyp almaga milt edip bilmändir. Britan muzeýiniň internet sahypasynda aýdylmagyna görä, Assiriýa patyşalygynyň serhedi Kiprden tä Eýrana çenli uzalyp gidipdir. Hatda ol belli bir döwürde Müsüriň üstünden hem agalyk edipdir. Onuň paýtagty Ninewiýa dünýäde iň uly we gülläp ösen şäher bolupdyr. Şäherde täsin ýadygärlikler, bag-bakjalar, kaşaň köşkler we uly kitaphanalar bar eken. Gadymy Ninewiýa şäheriniň diwarlarynda Aşşurbanipal patyşanyň Assiriýanyň beýleki patyşalary ýaly özüni «bütin ýer ýüzüniň patyşasy» diýip yglan edendigi ýazylan.
Assiriýanyň şan-şöhraty bütin äleme ýaň salanda, Sepanýa pygamber şeýle diýdi: «Ol (Ýehowa)... Assiriýany ýok eder, Ninewiýany harabalyga, çöle öwrer». Nahum pygamber hem Ninewiýanyň weýran boljagy hakda şeýle welilik etdi: «Kümşüni talaň, altynyny talaň! ...Şäher boşap galar, janly-jemende bolmaz, haraba öwrüler! ...Seni gören gaçyp gider, şeýle diýer: „Ninewiýa weýran boldy!“» (Sep. 2:13; Nah. 2:9, 10; 3:7). Şu pygamberlikleri eşiden adamlar hiç ynanyp bilmän: «Bolup bilmez! Assiriýa patyşalygy hiç haçan ýykylmaz» diýendirler.
Adamlar ynansa-da, ynanmasa-da, pygamberlikler ýerine ýetdi. B. e. öň VII asyryň ahyrlarynda wawilonlylar we midiýalylar Assiriýany basyp aldylar. Ninewiýa ýer bilen ýegsan edildi. Şondan soň ol ýerde hiç kim ýaşamady. Wagtyň geçmegi bilen adamlar beýik şäheri unutdylar. Nýu-Ýork şäherindäki sungat muzeýiniň neşir eden edebiýatynda şeýle diýilýär: «Ninewiýa haraba bolup galdy. Taryhda Ninewiýa şäheriniň bolandygyny diňe Mukaddes Kitaby okaýan adamlar bilýär» («The Metropolitan Museum of Art»). Mukaddes Kitaba degişli taryhy tapyndylary öwrenýän bir guramanyň aýtmagyna görä, 1800-nji ýyllara çenli Beýik Assiriýa şalygynyň paýtagty hakda hiç kim bilmeýärdi («The Biblical Archaeology Society Online Archive»). 1845-nji ýylda Ostin Genri Leýard gazuw agtaryş işlerini geçirdi. Gazuw agtaryş işlerinde tapylan zatlar gadymy Ninewiýanyň şöhratly şäher bolandygyny subut etdi.
Ninewiýanyň ýok ediljekdigi hakdaky ähli pygamberlikler ýerine ýetdi. Diýmek, gelejekde ähli patyşalyklaryň ýok ediljekdigi baradaky pygamberlikler hem hökman ýerine ýeter (Dan. 2:44; Ylh. 19:15, 19—21).