Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

44-NJI MAKALA

33-NJI AÝDYM Ýüküňi Ýehowa tabşyr

Adalatsyzlyk edenlerinde «Hudaýa tabşyryň»

Adalatsyzlyk edenlerinde «Hudaýa tabşyryň»

«Ýamanlyk etmäň, ýamanlygy hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň» (Rim. 12:21).

ESASY PIKIR

Adalatsyzlyga uçranyňyzda ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňiň.

1, 2. Bize kimleriň adalatsyzlyk etmegi mümkin?

 ISA PYGAMBER şägirtlerine dul aýal hakdaky mysaly gürrüň berýär. Dul aýal dawasyny adalatly çözüp bermek üçin gaýta-gaýta kazynyň ýanyna barýar. Isa pygamberiň gürrüň beren mysaly şägirtleriniň ýüregine jüňk bolandyr, sebäbi şol döwür adamlar adalatsyzlykdan kösenip ýaşaýardy (Luka 18:1—5). Dul aýalyň duýgularyna bizem gowy düşünýäris, sebäbi bizem ençeme gezek adalatsyzlyga duş gelendiris.

2 Şu günler ala tutýan, gödek, açgöz adamlar gün-günden köpelýär. Şonuň üçin bize adalatsyzlyk edenlerinde geň galmaýarys (Nes. 5:8). Emma kimden garaşsak-da, dogan-uýalar adalatsyzlyk eder diýip garaşmaýarys. Gynansak-da, käte şeýle-de bolýar. Ýöne bize garşy çykýan, ýigrenýän, yzarlaýan adamlardan tapawutlylykda, dogan-uýalar hiç haçan bilgeşleýin adalatsyzlyk etmez. Halypamyz bize gowy görelde galdyrdy. Duşmanlar oňa ýowuz daraşdylar, adalatsyz höküm çykardylar. Ýöne ol şeýle ýagdaýa mertlerçe döz geldi, ejizlemedi. Bizem yzarlaýan, ýigrenýän adamlardan ar aljak bolmaly däl. Eger duşmanlarymyza geçirimli bolýan bolsak, mähriban dogan-uýalara has-da geçirimli bolmaly dälmi näme?! Ýöne dogan-uýalar bolsun, Hudaýa iman etmeýän adamlar bolsun, adalatsyzlyk edenlerinde janymyza jaý tapmaýarys. Şonda Ýehowa kalbymyzda gopýan harasady görýärmikä?

3. Adalatsyzlyga uçranymyzda Ýehowa özüni nähili duýýar?

3 Ýehowa wepaly bendelerine edilýän adalatsyzlygy görende gynanýar, sebäbi ol «adalaty söýýän» Hudaý (Zeb. 37:28). Isa pygamber Ýehowanyň bellän wagtynda «adalaty hökman dikeltjekdigini» aýtdy (Luka 18:7, 8). Şonda bize ýetirilen ähli zyýanyň öwezini artygy bilen dolar, gaýdyp adalatsyzlyk bolmaz (Zeb. 72:1, 2).

4. Ýehowa adalatsyzlyga döz gelmäge nädip kömek edýär?

4 Ýehowa bütin ýer ýüzünde adalaty dikeltjekdigini wada berýär. Şol gün gelýänçä adalatsyzlyga döz gelip biler ýaly kömek edýär (2 Pet. 3:13). Nädip? Ol adalatsyzlyga uçranymyzda howlugyp, oýlanyşyksyz hereket etmez ýaly tälim berýär. Ogly Isa Mesihiň göreldesi hakda Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. Şeýle-de adalatsyzlyga döz gelip biler ýaly peýdaly maslahatlary berýär.

AR ALJAK BOLMAŇ

5. Adalatsyzlyk edenlerinde näme üçin gaharymyzy saklamaly?

5 Bize adalatsyzlyk edilende agyr degýär, gaýgy-gama batýarys, gaharymyz gelýär (Nes. 7:7). Adalatsyzlyk edilende her bir adam özüni şeýle duýýar. Hatda Eýýup, Habakuk pygamberlerde hem şeýle duýgular bolupdy (Eýp. 6:2, 3; Hab. 1:1—3). Ýöne gaharymyzy saklajak bolmaly, ýogsam oýlanyşyksyz hereket edip, soňra ahmyr etmegimiz mümkin.

6. Abselimiň ýalňyşyndan näme sapak edinýäris? (Surata serediň).

6 Bize adalatsyzlyk edilende ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy berip, ar alasymyz gelýändir. Ýöne şeýle etsek mesele çözülmän, hasam ula ýazar. Bir gün Dawut patyşanyň nowbahar ogly Emin uýasy Tamary zorlaýar. Şum habary eşidip, Abselimiň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly bolýar, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýar. Aslynda, Musanyň kanunyna görä, uýasynyň namysyna degen adam öldürilmelidi (3 Mus. 20:17). Abselimiň ýerine kim bolsa-da gaharlanardy. Ýöne ol gaharyny saklap bilmän, ar almagyň küýüne düşýär we dogany Emini öldürýär. Şeýlelikde, Abselim haky bolmadyk zady edip, uly ýalňyşlyk goýberýär (2 Şam. 13:20—23, 28, 29).

Abselim gaharyny saklap bilmän, ar almagyň küýüne düşýär (6-njy abzasa serediň).


7. Mezmurçy adalatsyzlygy görende özüni nähili duýdy?

7 Başgalaryň hakyny iýýän, adalatsyzlyk edýän adamlaryň edenini edip ýaşaýandygyny görenimizde, dogruçyl bolmagyň peýdasy ýok diýip pikir etmegimiz mümkin. Mezmurçy hem halal ýaşaýan adamlaryň kösenýändigini, adalatsyzlyk edýänleriň bolsa döwran sürýändigini görüp jany ýanýardy. Ol: «Erbetleriň eden işi ugrunadyr» diýdi (Zeb. 73:12). Mezmurçy bolýan adalatsyzlyklary görüp, şeýle bir ruhdan düşýär welin, Ýehowa wepaly bolmagyň peýdasy ýok diýip pikir edýär. Ol: «Muňa düşünjek bolup jan etsem-de, beter howsala düşdüm» diýdi (Zeb. 73:14, 16). Hatda mezmurçy «dogry ýoldan tas sowlupdy, aýaklary taýypdy» (Zeb. 73:2). Şeýle ýagdaý Albert dogan bilenem boldy.

8. Adalatsyzlyk edilende Albert özüni nähili duýdy?

8 Albert dogana sadaka üçin berlen pullardan ogurlady diýip töhmet atýarlar. Mundan habarly dogan-uýalar oňa hormat goýman başlaýarlar, ol ýaşululykdan hem aýrylýar. Şonda Albert gahar-gazaba münýär, hiç özüne gelip bilmeýär. Onuň Hudaýa bolan imany gowşaýar. Hatda bäş ýyllap ýygnaklara barmaýar. Albert bilen bolan ýagdaý adalatsyzlyk edilende gahar-gazaba münsek, soňunyň gowulyk bilen gutarmaýandygyny görkezýär.

ISA PYGAMBERDEN GÖRELDE ALYŇ

9. Isa pygambere nähili adalatsyzlyk etdiler? (Surata serediň).

9 Isa pygamber adalatsyzlyga döz gelip gowy görelde görkezdi. Oňa dogan-garyndaşlary, başga-da köp adamlar adalatsyzlyk etdiler. Meselem, dogan-garyndaşlary oňa akylyndan azaşypdyr diýdiler, dini ýolbaşçylar oňa jynlaryň kömegi bilen gudrat görkezýär diýip töhmet atdylar. Esgerler bolsa ony kemsidip üstünden güldüler, taýak bilen ýençdiler, iň soňunda bolsa öldürdiler (Mar. 3:21, 22; 14:55; 15:16—20, 35—37). Ýöne Isa ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap berip, ar aljak bolmady. Biz Isadan näme öwrenýäris?

Isa pygamber adalatsyzlyga döz gelip gowy görelde görkezdi (9, 10-njy abzaslara serediň).


10. Isa pygamber adalatsyzlyga nädip döz geldi? (1 Petrus 2:21—23).

10 1 Petrus 2:21—23-nji aýatlary okaň a. Bizi kemsidenlerinde, töhmet atanlarynda Isadan görelde alyp bilýäris. Ol haçan dymmalydygyny, haçan jogap bermelidigini gowy bilýärdi (Mat. 26:62—64). Ol özüne atylan her bir töhmetiň ýalandygyny subut etjek bolmady (Mat. 11:19). Emma ol hemişe dymmaýardy, gerek ýerinde jogap hem berýärdi. Duşmanlar ony kemsidenlerinde sylaşykly we mähirli gepleşýärdi. Ol gaharyny saklap, «özüni adalatly höküm çykarýan Hudaýyň eline tabşyrdy». Şeýle-de Isa pygamber Ýehowanyň ähli zady görýändigini bilýärdi, Onuň bellän wagtynda adalatsyzlygyň ýetiren zyýanyny doly aýyrjakdygyna ynanýardy.

11. Biz haçan dymmaly we jogap bermeli? (Surata serediň).

11 Isa pygamberiň göreldesine eýerip, haçan dymmalydygyny we haçan geplemelidigini öwrenmeli. Käte kiçiräk zatlarda göwnümize degenlerinde dymanyňdan gowusy ýok. Eger ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bersek, ýagdaý has-da beterleşer (Nes. 3:7; Ýak. 1:19, 20). Käte bolsa göz-görtele adalatsyzlyk edenlerinde, bize töhmet atanlarynda, gurama barada ýalan gep-gürrüňleri aýdanlarynda jogap bermäge taýyn bolmaly (Res. 6:1, 2). Ýöne mähirli we ýumşak bolmagy unutmaly däl (1 Pet. 3:15) b.

Isa pygamberiň göreldesine eýerip, haçan dymmalydygyny we haçan geplemelidigini öwrenmeli (11, 12-nji abzaslara serediň).


12. Adalatly kazy Ýehowa bil baglasak näme ederis?

12 Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, özümizi «adalatly höküm çykarýan Hudaýyň eline tabşyrýarys». Hakymyzy iýenlerinde, adalatsyz höküm çykaranlarynda Ýehowanyň ähli zady görýändigine we şol meseläni irde-giçde adalatly çözjekdigine ynanýarys. Adalatly kazy Ýehowa bil baglasak gaharlanyp ýörmeris, adamlary ýigrenmeris. Mähriban dogan-uýalar, gahar-gazap, öýke-kine, ýigrenç Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýar, kalbymyzdaky şatlygy alýar (Zeb. 37:8).

13. Adalatsyzlyga döz gelmäge näme kömek eder?

13 Biz Isa pygamberiň göreldesine doly eýerip bilmeris. Käte biz aýtmasyz zady aýdyp ýa-da etmesiz zady edip, soňra ökünip ýörýäris (Ýak. 3:2). Üstesine-de, adalatsyz adamlar ýüregimize bitmejek ýara salýar, olaryň derdinden ýaňa bütin ömrümize kösenip ýaşaýarys. Ýöne Ýehowanyň ýagdaýymyzy görýändigini we duýgularymyza düşünýändigini ýatdan çykarmalyň. Biziň ýaly adalatsyzlyga döz gelen Isa pygamberem göwünlik berip, ýürek ýaralarymyzy bitirmek isleýär (Ýew. 4:15, 16). Ýehowa Mukaddes Kitaba diňe bir Isa pygamberiň göreldesi hakda ýazdyrman, eýsem adalatsyzlyga döz gelmäge kömek edýän peýdaly maslahatlary hem ýazdyrdy. Geliň, Rimliler kitabyndaky iki maslahata seredeliň.

«HUDAÝA TABŞYRYŇ»

14. Pawlus resulyň «Hudaýa tabşyryň» diýen sözleri nämäni aňladýar? (Rimliler 12:19).

14 Rimliler 12:19-y okaň. Pawlus resul mesihçilere «özüňiz ar almaň, Hudaýa tabşyryň» diýip maslahat berdi. Diýmek, biz Ýehowanyň meseläni öz bellän wagtynda we iň gowy usulda çözjekdigine ynanmaly. Jon dogana hem adalatsyzlyk etdiler. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men adalatsyzlyk eden adamdan ar alasym gelýärdi. Ýöne Rimliler 12:19-daky maslahat meseläni özüm çözmän, Ýehowa tabşyrmaga kömek etdi».

15. Ýehowa meseläni çözýänçä näme üçin garaşmaly?

15 Ýehowa meseläni çözýänçä sabyrly garaşsak, hiç haçan ökünmeris. Ýehowa bil baglasak, öz etimizi özümiz iýip ýörmeris. Ol bize: «Alada etme, adalaty özüm dikelderin» diýýär. Eger biz Ýehowanyň: «Men gaýtargy bererin» diýen wadasyna ynansak, çendenaşa biynjalyk bolmarys, meseläni çöp döwen ýaly etjekdigine ynamly bolarys. Jon dogan şeýle diýýär: «Men Ýehowa bil baglamalydygyna düşündim. Meseläni şondan başga hiç kim gowy çözmez».

«ÝAMANLYGY HEMIŞE ÝAGŞYLYK BILEN ÝEŇIŇ»

16, 17. Biz nädip ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňmeli? (Rimliler 12:21).

16 Rimliler 12:21-i okaň. Pawlus resul mesihçilere «ýamanlygy hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň» diýip maslahat berdi. Isa Dagdaky wagzynda: «Duşmanlaryňyzy söýüň, sizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň» diýdi (Mat. 5:44). Şägirtlerine beren maslahatyna Isanyň özi hem eýeripdi. Oňa adalatsyz höküm çykardylar, esgerler ony urup ýençdiler, pürse çüýlediler. Isanyň çeken jebrini söz bilen beýan edip bolmaýar.

17 Isa adalatsyzlyk edenlerinde ýüregini gatatmady. Ol özüne ýamanlyk eden esgerlere gargaman, gaýtam olar üçin doga etdi: «Atam, olary bagyşla, olar näme edýänini bilmeýär» (Luka 23:34). Eger bizem göwnümize degen, töhmet atan ýa-da adalatsyzlyk eden adamlar üçin doga etsek, ýüregimizde öýke-kinä we gahar-gazaba orun bermeris, olary ýigrenip ar aljak bolmarys.

18. Albert bilen Jon adalatsyzlyga nädip döz geldi?

18 Makalada agzalan Albert bilen Jon dogan Ýehowa doga edip, adalatsyzlyga döz geldiler. Albert şeýle gürrüň berýär: «Men adalatsyzlyk eden doganlar üçin Ýehowa gaýta-gaýta doga etdim. Olardan öýkeläp, bolan zatlary ýatlap ýörmez ýaly kömek soradym». Häzir Albert Ýehowa wepaly gulluk edýär. Jon dogan şeýle gürrüň berýär: «Men göwnüme degen dogan üçin bir däl, birnäçe gezek doga etdim. Şonda özümi rahat duýdum. Dogana gaharlanyp, ondan öýkeläp ýörmän, gaýtam ýürekden bagyşladym».

19. Adalatsyzlyga döz gelmäge haýsy üç maslahat kömek eder? (1 Petrus 3:8, 9).

19 Şu dünýäniň soňy gelýänçä, biz adalatsyzlykdan gaçyp gutulup bilmeris. Ýöne makaladaky maslahatlar bize adalatsyzlyga döz gelmäge kömek edýär. Geliň, hemişe Ýehowa doga edeliň, Isadan görelde alalyň we Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna ýürekden eýereliň. Şonda Ýehowa bize bol bereket berer (1 Petrus 3:8, 9-njy aýatlary okaň).

38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer

a 1 Petrus 2 we 3-nji baplarda I asyrdaky mesihçileriň doňýürek hojaýynlarynyň ýa-da käbir uýalaryň Hudaýa iman etmeýän ärleriniň elinden ejir çekendigi ýazylan (1 Pet. 2:18—20; 3:1—6, 8, 9).

b JW.ORG saýtyndan «Söýgi parahatlygy döredýär» diýen wideony görüň.