Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Agzybir är-aýal uçarman bilen kömekçisine meňzeýär

ÄR-AÝALLARA

2. Agzybirlik

2. Agzybirlik

NÄME?

Är-aýaly uçarmanlara meňzetse bolýar. Kynçylyk dörände uçarmanlaryň hersi öz başyna däl-de, bilelikde hereket edýärler. Şonuň ýaly maşgalada kynçylyk dörände är-aýal özbaşdak hereket etmän, bir-biri bilen maslahatlaşyp çözmeli.

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Olar iki däl, bir beden» (Matta 19:6).

«Maşgalada diňe bir adamyň sözi ýöremeli däl. Är-aýal bagtly bolmak islese, biri-birini diňläp, agzybir bolmaly» (Kadyr).

NÄME ÜÇIN WAJYP?

Är-aýal agzybir bolmasa, maşgaladaky kynçylygy çözjek bolman, hersi öz aýdanyny etdirjek bolýar. Şeýle är-aýal peşeden pil ýasap, uly dawa turuzýar.

«Agzybirlik — maşgalanyň diregi. Ärim bilen maslahatlaşman, ähli zady özümçe etsem, onda biz är-aýal däl-de, bir öýden girip çykýan ýat adam ýaly bolardyk» (Arzygül).

NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

ÖZÜŇIZI BARLAŇ

  • «Men gazandym. Meniň pulum» diýýänmi?

  • «Şundan bizar boldum, ýeke özüm arkaýyn dynç alaýyn-la» diýýänmi?

  • Ýanýoldaşymyň dogan-garyndaşlary bilen gatnaşmajak bolup her zat edýänmi?

GEPLEŞIŇ

  • Nämeleri maslahatlaşyp edýäris?

  • Nämeleri maslahatlaşyp etmek kyn bolýar?

  • Agzybir bolar ýaly ýene näme edip bileris?

MASLAHAT

  • Är-aýal biri-birine garşy oýnaýan tennisçi däl-de, bir toparda oýnaýan tennisçiler ýaly bolmaly. Ýeňiş gazanar ýaly näme edip bilersiňiz?

  • Munuň üçin «men ýeňerin» diýmän, «biz ýeňeris» diýiň.

«Meniňki dogry, seniňki ýalňyş diýip subut etjek bolman, maşgalada parahatlygy we agzybirligi saklaň. Şeýtseňiz, ýeňersiňiz» (Emir).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň» (Filipililer 2:3, 4).