HASRAT ÇEKÝÄNLERE GÖWÜNLIK
Ajy aýralyga döz gelmek. Peýdaly maslahatlar
Dogan-garyndaşlary aradan çykyp hasrat çekýän adamlara göwünlik berýän ençeme maslahatlar bar. Emma bir adama kömek eden maslahat başga birine peýda bermezligi mümkin. Sebäbi adamlaryň hasrat çekişi biri-biriniňkä meňzemeýär.
Ýüregi ýaraly adamlaryň köpüsine melhem bolýan maslahatlar bar. Psihologlar hem şol maslahatlar arkaly hasrat çekýänlere göwünlik berýärler. Siz şol maslahatlaryň Mukaddes Kitapda-da bardygyny bilip haýran galarsyňyz. Mukaddes Kitap akyldarlygyň çeşmesi. Ol gadym döwürde ýazylan hem bolsa, maslahatlary şu günler hem peýdaly.
1. DOST-ÝARLARYŇYZYŇ KÖMEGINI KABUL EDIŇ
-
Psihologlar dost-ýarlaryň kömegi bilen hasrata döz gelmegiň aňsatdygyny aýdýarlar. Emma käte siziň ýeke bolasyňyz geler, sebäbi köpçülikde özüňizi oňaýsyz duýýansyňyz. Dost-ýarlaryňyz kömek etjek bolsa, gaharyňyz hem gelýändir. Alada etmäň, hasrat çekýän adamlaryň şeýle duýgulary başdan geçirmegi adaty zat.
-
Siz hemişe dost-ýarlaryňyzyň ýanynda bolmalydyryn öýtmäň, ýöne olardan gaçmaň. Iru-giç olaryň kömegine mätäç bolarsyňyz. Siz näme isleýändigiňizi we näme islemeýändigiňizi dostlaryňyza ýumşaklyk bilen aýdyň.
-
Siz dostlaryňyz bilen geçirjek wagtyňyzy we ýeke boljak wagtyňyzy anyklaň.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Ýeke bolanyňdan, iki bolanyň ýagşydyr, sebäbi... biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar» (Nesihat 4:9, 10).
2. ÝOKUMLY IÝMITLERI IÝIŇ WE MAŞK EDIŇ
-
Ýokumly iýmitleri iýmek hasrat çekýän adamlaryň derdini ýeňledýär. Şonuň üçin miweleri, gök-önümleri we ýagsyz naharlary iýiň.
-
Köpräk suw we miwe şirelerini içiň.
-
Işdäňiz bolmasa az-azdan, ýöne tiz-tizden iýiň. Şeýle-de ýokumly iýmitler hakda köpräk bilmek üçin lukmana ýüz tutup bilersiňiz a.
-
Köpräk ýöräň we sport bilen meşgullanyň, beden maşklaryny ediň. Şonda erbet pikirlerden ünsüňiz sowlar. Sport bilen meşgullanmak hasrat çekýän adama durmuşynda bolan özgerişlik hakda oýlanmaga ýa-da az wagtlyk bolsa-da hasratyny unutmaga kömek eder.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Hiç bir adam bedenini ýigrenýän däldir, gaýtam naharlanyp, bedeniniň aladasyny edýändir» (Efesliler 5:29).
3. UKYŇYZY ALYŇ
-
Gowy ýatyp dynç almak, esasanam, dogan-garyndaşlary aradan çykan adamlar üçin has-da wajyp. Sebäbi gaýgy-hasrat olaryň bar güýjüni alýar.
-
Spirtli içgileri we düzüminde kofein bolan zatlary çendenaşa köp içmäň.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Biraz dynç almak agyr zähmet çekmekden we şemaly kowalamakdan gowudyr» (Nesihat 4:6).
4. ÝÜREK DERDIŇIZI BILJEK BOLUŇ
-
Adamlaryň hasrat çekişi biri-biriniňkä meňzemeýär. Şol sebäpli derdiňizi nämäniň ýeňletjekdigini biljek boluň.
-
Käbir adamlar dost-ýarlaryna ýüregini dökende derdi ýeňleýär. Käbirleri bolsa gaýgy-aladasyny aýtmagy halamaýar. Ýüregiňi dökmegiň gaýgy-hasrata döz gelmäge kömek edýändigi hakda psihologlaryň pikiri biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Siz birine gaýgy-aladaňyzy aýdasyňyz gelip-de, çekinýän bolsaňyz näme? Onda ynamdar dostuňyza gaýgy-hasratyňyzy az-azdan gürrüň berip bilersiňiz.
-
Käbir adamlar aglasa, derdi ýeňleýär. Käbirleri bolsa kän aglaman hem gaýgy-hasratyna döz gelip bilýär.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Ýürek öz derdini özi bilýär» (Nakyllar 14:10).
5. ZYÝANLY ENDIKLERIŇ DUZAGYNA DÜŞMÄŇ
-
Hasrat çekýän adamlaryň käbiri spirtli içgileri aşa köp içip we neşe çekip, ýürek ýarasyny bitirjek bolýarlar. Şu zatlar hasratyňy az wagtlyk unutmaga kömek etse-de, soňra uly zyýan ýetirýär. Şeýle endikleriň guly bolan adamlar «damjadan gaçyp ýagşa uçraýarlar». Şol sebäpli hasratyňyzy ýeňletmek üçin peýdaly usullary gözläň.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Bedeni we ýüregi hapalaýan her bir zatdan özümizi arassalalyň» (2 Korinfliler 7:1).
6. WAGTYŇYZY DOGRY ULANYŇ
-
Hasrat çekýän adamlaryň köpüsi az wagtlyk bolsa-da «arakesmä çykýarlar», ýagny gaýgy-hasratyny unutmaga kömek edýän işler bilen meşgullanýarlar.
-
Belki, siz täze dostlary tutunarsyňyz, öňki dostlaryňyz bilen ýygy-ýygydan habarlaşarsyňyz. Täze zat öwrenersiňiz ýa-da göwnüňizi göterýän iş bilen meşgullanarsyňyz.
-
Soňra siz ýygy-ýygydan we köpräk «arakesmä çykyp» başlarsyňyz. Wagtyň geçmegi bilen adaty durmuşa dolanarsyňyz. Şeýdip, ýürek ýaralaryňyz bitişer.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Her zadyň öz wagty bar... Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty; perýat etmegiň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty» (Nesihat 3:1, 4).
7. GÜN TERTIBIŇIZE EÝERIŇ
-
Öňki gün tertibiňize näçe tiz eýerseňiz, şonça-da gowy bolar.
-
Siz wagtynda ýatsaňyz, işleseňiz we bir zat bilen meşgullansaňyz durmuşyňyzyň gowulaşandygyny duýarsyňyz.
-
Siz peýdaly we göwnüňizi göterýän işler bilen meşgullansaňyz hasratyňyzy ýeňledip bilersiňiz.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Adam ömrüniň nädip geçenini bilmän galýar, sebäbi hak Hudaý hemişe onuň ýüregini şatlykdan doldurýar» (Nesihat 5:20).
8. HOWLUKMAÇ KARARA GELMÄŇ
-
Dogan-garyndaşlary aradan çykanlaryň käbiri howlukmaç karara geldiler. Soňra bolsa gelen kararyna ökündiler.
-
Siz täze ýere göçmek, başga işe geçmek ýa-da aradan çykan adamyň goş-golamyny aýyrmak ýaly meselelerde howlukmaç karara gelmäň.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Işeňňiriň maksady amala aşýar, howlukýanlar garyp düşýär» (Nakyllar 21:5).
9. ARADAN ÇYKAN ÝAKYNLARYŇYZY ÝATLAŇ
-
Hasrat çekýän köp adamlar aradan çykan ýakynlary bilen geçiren ýakymly pursatlaryny unutmazlyk üçin käbir zatlary edýärler.
-
Siz hem aradan çykan ýakynyňyzyň suratlaryny ýygnaň ýa-da onuň bilen geçiren bagtly günleriňizi depdere ýazyň.
-
Aradan çykan ýakynyňyzyň zatlaryny aýawly saklaň. Soňra şol zatlary göreniňizde onuň bilen geçiren gowy günleriňiz ýadyňyza düşer.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Öten-geçenleri ýatlaň» (5 Musa 32:7).
10. GEZELENJE GIDIŇ
-
Belki, siz dynç alşa gidersiňiz.
-
Eger uzak wagtlap dynç alşa gitmek islemeseňiz, birki günlük gowy görýän zadyňyzy edersiňiz. Meselem, daga ýa deňze gidersiňiz, ýa-da maşynda aýlanarsyňyz.
-
Siz az wagtlyk bolsa-da durmuşyňyzda üýtgeşiklik etseňiz gaýgy-hasratyňyz ýeňlär.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Ýörüň, çola ýere gidip, biraz dynç alalyň» (Markus 6:31).
11. BAŞGALARA KÖMEK EDIŇ
-
Siz birine kömek etmek bilen özüňize kömek edýärsiňiz.
-
Belki, dogan-garyndaşlaryňyza ýa-da dost-ýarlaryňyza kömek edersiňiz we göwünlik berersiňiz. Sebäbi olar hem ýakynyny ýitirdi we hasrat çekýär.
-
Siz birine kömek etseňiz ýene-de durmuşyňyz manyly bolar we ýürekden şatlanyp bilersiňiz.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» (Resullar 20:35).
12. IŇ WAJYP ZATLAR HAKDA OÝLANYŇ
-
Hasrat çekmek adama durmuşyndaky wajyp zatlara düşünmäge kömek edýär.
-
Pursatdan peýdalanyp, durmuşyňyzda nämäni birinji orunda goýjakdygyňyzy anyklaň.
-
Gerek bolsa, özgerişlik etmäge ýaýdanmaň.
MUKADDES KITABYŇ MASLAHATY: «Ýasa gitmek toýa gitmekden gowudyr, sebäbi her kesiň başy ölümlidir. Hiç kim muny unutmasyn» (Nesihat 7:2).
Elbetde, adamyň ýürek derdi doly biter diýip aýdyp bolmaýar. Emma hasrat çekýän adamlaryň köpüsi ýokarda agzalan maslahatlara eýerip derdini ýeňledip bildiler. Makalada hasrat çekýänlere kömek etjek maslahatlaryň diňe käbiri ýazylan. Siz şulara eýerseňiz ýürek derdiňize derman tapyp bilersiňiz.
a «Oýanyň!» žurnaly haýsydyr bir bejergini öňe sürmeýär.