HASRAT ÇEKÝÄNLERE GÖWÜNLIK
Ajy aýralyk
«Men aýalym Sofiýa a bilen 39 ýyldan gowrak bagtly ýaşadym. Emma ol agyr keselden uzak wagtlap ejir çekdi we aradan çykdy. Dostlarym meni goldamak üçin elinde baryny etdiler. Menem ünsümi sowmak üçin bir zatlara güýmenýärdim. Ýöne şonda-da bir ýyllap özümi ele alyp bilmedim. Keýpim sähel salymyň içinde üýtgäp durýardy. Aýalymyň aradan çykanyna üç ýyl boldy. Ýürek ýaralarym henizem bitenok. Wagtal-wagtal onuň bilen ýaşan günlerim ýadyma düşüp hasrat çekýärin» (Kostas).
Dogan-garyndaşlary aradan çykan adamlar Kostas ýaly ajy hasrata döz gelendirler. Hawa, ýanýoldaşyň, dogan-garyndaşlaryň we dost-ýarlaryň aradan çykmagy biliňi iki bükýär. Munuň şeýledigi bilen psihologlar hem ylalaşýar. Bir žurnalda: «Ölüm adamyň ýüregine bitmejek ýara salýan ömürlik ýitgidir» diýilýär («The American Journal of Psychiatry»). Eger siz hem ajy hasrat çekýän bolsaňyz, şu soraglar hakda oýlanýansyňyz: «Men näçe wagt hasrat çekerkäm? Indi ýüzüm haçan gülerkä? Ýürek derdime derman tapylarmyka?»
«Oýanyň!» žurnalynyň şu sanynda ýokarda agzalan üç soragyň jogabyny bileris. Indiki makalada ýakynlary aradan çykan adamlaryň nähili duýgulary başdan geçirýändigi hakda gürrüň ederis. Soňra bolsa ajy hasrata döz gelmäge kömek edýän käbir maslahatlara serederis.
Žurnaldaky maslahatlar size göwünlik berer we ýürek derdiňize derman bolar diýip umyt edýäris.
a Käbir atlar üýtgedildi.