Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň Patyşalygyna wepaly boluň

Hudaýyň Patyşalygyna wepaly boluň

«Olar dünýäden däldirler». ÝAHÝA 17:16

AÝDYMLAR: 4, 29

1, 2. a) Mesihçiler näme üçin Hudaýa wepaly galýarlar we nädip? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Bu dünýäniň adamlary nämä wepaly bolýarlar we onuň soňy nämä ýazýar?

MESIHÇILER agzalalykdyr uruşlarda bitaraplygy saklaýarlar. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa özüni bagyş eden mesihçiler oňa tabyn bolup, wepaly galýarlar we söýgüsini bildirýärler (1 Ýahýa 5:3). Biz ýaşaýan ýerimize, alan terbiýämize, milletimize we medeniýetimize garamazdan, Allatagalanyň kada-kanunlaryna eýerýäris. Biz Ýehowa we onuň Patyşalygyna wepaly bolmagy ähli zatdan wajyp saýýarys (Mat. 6:33). Şol sebäpli Hudaýyň gullukçylary dünýäde bolýan dawalara we agzalalyga goşulmaýarlar (Iş. 2:4; Ýahýa 17:11, 15, 16-njy aýatlary okaň).

2 Adatça, adamlar Watanyna, milletine, medeniýetine ýa-da sport toparynyň oýunçylaryna wepaly bolmak üçin, janyny gurban edýärler. Şeýle wepalylyk köplenç bäsdeşlige, uruşlara we gyrgynçylyga ýazýar. Olar biziň ählimize täsir edip biler, sebäbi bizem bu dünýäde ýaşaýarys. Hudaýyň keşbinde ýaradylan ynsanlaryň her birinde adalatlylyk häsiýeti bar. Ýöne häkimiýetleriň gelýän kararlary biziň dogry we adalatly hasaplaýan zatlarymyza käte garşy gelýär (Gel. çyk. 1:27; Kan. tag. 32:4). Biz muňa nähili garaýarys? Elbetde, bu dünýäde adamlara bitaraplygy saklamak aňsat däl.

3, 4. a) Mesihçiler näme üçin bitaraplygy saklaýarlar? b) Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?

3 Häkimiýetler ýurtda pitne turanda raýatlarynyň haýsy-da bolsa bir tarapy goldamagyny talap edýärler. Emma mesihçiler syýasy dawalara goşulmaýarlar we hiç bir tarapy goldamaýarlar (Mat. 26:52). Biz adamlaryň we Şeýtanyň täsirine düşmezlik üçin jan edýäris (2 Kor. 2:11). Biz bäsdeşlik edýän toparlary goldamaýarys we dünýäniň işlerine goşulmaýarys (Ýahýa 15:18, 19-njy aýatlary okaň).

4 Biz bikämillik sebäpli nädogry pikirlerimizi düzetmäge tagalla edýäris (Ýer. 17:9; Efes. 4:22—24). Biz şu makalada nädogry pikirleri düzetmäge we Hudaýyň Patyşalygyna wepaly galmak üçin ynsabymyzy terbiýelemäge kömek edýän käbir prinsipler barada gürrüň ederis.

BIZ NÄME ÜÇIN BU DÜNÝÄNIŇ IŞLERINE GOŞULMAÝARYS?

5, 6. Isa näme üçin we nädip bitaraplygy saklaýardy?

5 Siz agzalalyk dörände özüňize: «Meniň ýerime Isa näme ederdi?» diýen soragy berip bilersiňiz. Ysraýyl ýurdunda ýahudaly, jelileli, samariýaly we başga-da dürli milletli adamlar ýaşaýardylar. Mukaddes Ýazgylarda olaryň arasynda dawa-jenjeliň bolandygy aýdylýar (Ýahýa 4:9). Şeýle-de fariseýler bilen sadukeýleriň (Res. iş. 23:6—9); adamlar bilen salgytçylaryň (Mat. 9:11); bilimliler bilen bilimsizleriň arasynda düşünişmezlik bolýardy (Ýahýa 7:49). I asyrda ysraýyllylar Rimiň goly astyndady; halk rimlileri ýigrenýärdi. Isa dini ýolbaşçylary paş edip, gutulyşyň ýehudylardan geljekdigini wagyz etse-de, hiç bir zatda bäsdeşlik etmeli däldigini öwredýärdi (Ýahýa 4:22). Ol şägirtlerine «goňşusyny», ýagny ähli adamlary söýmegi tabşyrdy (Luka 10:27).

6 Isa ýehudylaryň dawa-jenjeline näme üçin goşulmaýardy? Ol Atasynyň göreldesine eýerýärdi. Ýehowa ilkinji ynsan jübütini ýaradanda, olaryň örňäp köpelmegini isledi (Gel. çyk. 1:27, 28). Hudaý adamlary birmeňzeş edip ýaratmady. Şol sebäpli Ýehowa bilen Isa ähli milleti, jynsy we dili deň derejede gymmat saýyp, olary ala tutmaýar (Res. iş. 10:34, 35; Ylh. 7:9, 13, 14). Biz hem olaryň göreldesine eýerip bileris (Mat. 5:43—48).

7, 8. a) Mesihçiler nähili meselede belli bir karara gelmeli? b) Mesihçiler nämä ynanýarlar?

7 Biz Ýehowanyň hökümdarlygy babatdaky jedelli meselede belli bir karara gelmeli. Şeýtan Erem bagynda pitne turzup, jedelli meseläni orta atdy. Emma biz Şeýtanyň däl-de, Ýehowanyň gowy hökümdardygyna göz ýetirýäris. Biz Ýehowanyň kada-kanunlaryny berjaý edip, ony goldaýarysmy? Biz adamzadyň kynçylyklaryny ynsan häkimiýetiniň däl-de, Ýehowanyň Patyşalygynyň çözjekdigine ynanýarysmy? (Gel. çyk. 3:4, 5).

8 Biz bu soraglar babatda belli bir karara gelsek, bitaraplygy saklap bileris. Syýasatçylar we gozgalaňçylar kynçylyklary çözmek üçin elinde baryny edýärler. Emma mesihçiler adamzadyň kynçylyklaryny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigine we ýer ýüzünde adalatlylygy dikeltjekdigine ynanýarlar. Biz Ýehowa bil baglap, dogry karara gelmesek, ýygnakda agzalalyk döremezmi?

9. Korintosdaky ýygnakda nähili düşünişmezlik boldy we Pawlus resul nähili maslahat berdi?

9 I asyrda ýaşan mesihçileriň arasynda agzalalyk döreýärdi. Korintosdaky ýygnakda mesihçileriň käbiri: «Men Pawlusyňky, men Apollosyňky, men Kifasyňky, men Mesihiňki» diýýärdiler. Pawlus resul mesihçileriň arasyndaky agzalalygy görüp: «Mesih bölündimi?» diýýär. Agzalalygy nädip çözüp bolar? Pawlus mesihçilere şeýle maslahat berýär: «Doganlar, hemmäňiziň dili bir bolup, araňyzda bölünişik bolman, bir pikirde we raýda birleşmegiňizi Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen sizden haýyş edýärin». Şu günlerem mesihçiler Pawlusyň beren maslahatyna eýerip, ýygnakda agzybirligi saklaýarlar (1 Kor. 1:10—13; Rimliler 16:17, 18-nji aýatlary okaň).

10. Pawlus bitaraplyk babatda nähili mysal getirdi?

10 Pawlus resul mehs edilen mesihçileriň ünsüni ýerdäki zatlara däl-de, gökde aljak sylagyna gönükdirdi (Flp. 3:17—20) *. Sebäbi olar Mesihiň ilçileri bolmalydylar. Ilçiler baran ýurdunda bitaraplygy saklap, Watanyna wepaly bolýarlar (2 Kor. 5:20). Ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler hem Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary hökmünde bu dünýäniň dawalaryna goşulmaýarlar.

ÝEHOWA NÄDIP WEPALY BOLMALY?

11, 12. a) Mesihçilere Hudaýyň Patyşalygyna wepaly bolmaga näme päsgel berýär? b) Bir uýa nähili kynçylyga duş gelýär we ony nädip ýeňýär?

11 Adamlar köplenç taryhyna, medeniýetine we diline buýsanýarlar. Emma mesihçiler bitarap bolmak babatda ynsabyny terbiýelemeli we dogry garaýşy ösdürmeli. Nädip?

12 Geliň, bir mysala seredeliň. Ýugoslawiýada ýaşaýan Merýetanyň * maşgalasy serb halkyny ýigrenýärdi. Merýeta Ýehowanyň adamlary ala tutmaýandygyny we Şeýtanyň milletparazlygy öňe sürýändigini bilende, ýüregindäki erbet häsiýeti köki bilen sogrup taşlamaga jan edýär. Bir gün onuň ýaşaýan ýerinde gozgalaň turýar we ol ýene-de serbleri ýigrenip başlaýar, hatda olara wagyz etmek hem islemeýär. Emma uýa nädogry pikirini düzetmelidigine düşünýär. Merýeta kynçylyga döz gelmek we pioner bolup gulluk etmek barada Ýehowa doga edýär. Ol: «Adamlara wagyz edip, men erbet pikirlerimi ýeňýärin. Men Ýehowanyň söýgi häsiýetine eýermäge we nädogry garaýşymy üýtgetmäge jan edýärin» diýýär.

13. a) Bir uýa näme üçin ruhdan düşýär we ol näme edýär? b) Biz Zoila bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

13 Geliň, indi Ýewropada ýaşaýan meksikaly Zoila bilen bolan waka seredeliň. Bir gün ol ýygnakdaky latyn amerikaly käbir dogan-uýalaryň Merkezi Amerikanyň däp-dessurlary we aýdym-sazlary barada ýaňsylaýjy gürrüňini eşidýär. Siz onuň ýerine bolsaňyz näme edersiňiz? Elbetde, Zoila oňaýsyz ýagdaýa düşendir. Emma ol paýhasly hereket edip, Ýehowanyň kömegi bilen öz duýgularyna erk etmegi başarýar. Gynansak-da, bizem käte ýygnakda şeýle ýagdaýlara duş gelýäris. Mesihçiler dogan-uýalaryň we başga adamlaryň duýgularyny göz öňüne tutup, aýtjak sözlerine hem özüni alyp barşyna ünsli bolmaly. Şonda ýygnakda ne agzalalyk, ne-de milletparazlyk bolar (Rim. 14:19; 2 Kor. 6:3).

14. Mesihçiler dogry garaýyşda bolmak we ynsabyny terbiýelemek babatda näme etmeli?

14 Belki-de, siz alan terbiýäňiz we daş-töweregiňizdäki adamlar sebäpli, özüňizde milletparazlyk duýgusynyň bardygyny bilýänsiňiz. Emma mesihçiler başgalary äsgermezçilik edip, milletparazlyga ýol bermeli däl. Biz başga milletdäki, medeniýetdäki, jynsdaky we başga dilde gepleýän adamlary kemsitmez ýaly näme etmeli? Eger siz Ýehowanyň adamlary ala tutmaýandygy barada oýlansaňyz, gözleg geçirip, ony maşgala ýa-da şahsy okuwynda öwrenseňiz, nädogry pikirleri ýeňip bilersiňiz. Şeýle-de adamlara dogry garaýyşda bolmak üçin doga ediň (Rimliler 12:2-ni okaň).

Biz Ýehowa wepaly bolsak, näçe haýbat atsalar-da, berk durarys (15, 16-njy abzaslara serediň)

15, 16. a) Adamlar biziň Hudaýa wepalylygymyza nähili garaýarlar? b) Ata-eneler çagalaryny nädip goldap biler?

15 Ýehowanyň gullukçylarynyň ynsaby Mukaddes Ýazgylara görä terbiýelenendigi üçin işdeşlerinden, synpdaşlaryndan, goňşy-golamlaryndan we dogan-garyndaşlaryndan tapawutlanýar (1 Pet. 2:19). Hawa, biz bu dünýäden bolmaly däl! Isa adamlaryň bizi ýigrenjekdigini duýdurdy. Sebäbi olar bu dünýäniň işlerine biziň näme üçin goşulmaýandygymyza düşünmeýärler. Emma mesihçiler bitaraplygy ähli zatdan wajyp saýýarlar.

16 Biz Ýehowa wepaly galmak isleýäris (Dan. 3:16—18). Emma biziň her birimizde adamdan gorky duýgusy bolup biler. Esasan-da, ýaşlara imany barada gürrüň bermek kyn bolýar. Siziň çagaňyz baýdaga tagzym etmek we baýramçylyklara gatnaşmak ýaly synaglara duş gelse, maşgala okuwy arkaly oňa kömek ediň. Meselem, bu dünýäniň işlerine goşulmaly däldigini düşündiriň. Oňa ähli synaglarda berk durup, imany barada aç-açan we sypaýyçylykly gürrüň bermegi öwrediň (Rim. 1:16). Galyberse-de, siziň özüňiz çagaňyzyň mugallymlary bilen gürrüňdeş bolup bilersiňiz.

ÝEHOWANYŇ ÝARADAN ZATLARYNY GYMMAT SAÝYŇ

17. Biz nämeden ägä bolmaly we näme üçin?

17 Elbetde, biz Watanymyzy, medeniýetimizi, dilimizi we milli naharlarymyzy gowy görýäris. Emma biz öwünmekden ägä bolmaly. Ýehowa biziň lezzet alyp ýaşamagymyz üçin dürli-dürli zatlary ýaratdy (Zeb. 104:24; Ylh. 4:11). Onda näme üçin adamlar bir zady başga zatdan ýokary saýýarlar?

18. Ýehowanyň göreldesine eýersek nähili bereketler alarys?

18 Hudaý ähli adamlaryň hakykat barada bilim alyp, bagtly ýaşamagyny isleýär (Ýahýa 3:16; 1 Tim. 2:3, 4). Biz adamlary ala tutmasak köp bereket alarys we dogan-uýalaryň arasyndaky agzybirligi berkideris. Ýehowa wepaly mesihçiler bu dünýäniň işlerine we dawa-jenjele goşulmaýarlar. Ýehowa bizi Şeýtanyň höküm sürýän dünýäsinde giňden ýaýran milletparazlykdan, tekepbirlikden we bäsdeşlik ruhundan azat edýär. Biz Allatagala örän minnetdar! Mezmurçy: «Doganlaryň bile ýaşamagy, gör, nähili gowy, nähili ýakymly!» diýýär (Zeb. 133:1). Geliň, bizem ähli adamlar bilen agzybir ýaşamaga jan edeliň!

^ abzas 10 Filipi Rimiň gol astyndady. Şol sebäpli Filipide ýaşaýan mesihçileriň käbiri Rimiň raýatydygyna we köp zatlara hukugynyň bardygyna buýsanýardylar.

^ abzas 12 Käbir atlar üýtgedildi.