Hudaýyň Sözüniň täsirli terjimesi
«Hudaýyň sözi diri». ÝEWR. 4:12
AÝDYMLAR: 5, 26
1. a) Hudaý Adam ata nähili tabşyryk berdi? b) Hudaýyň halky geplemek ukybyny nädip ulanýar?
ÝEHOWA ynsanlary geplemek ukyby bilen ýaratdy. Adam atany Erem bagynda ýerleşdirensoň, Hudaý oňa haýwanlara at dakmagy tabşyrdy. Adam ata aň-düşünjesini we döredijilik ukybyny ulanyp, olaryň her birine laýyk at goýdy (Gel. çyk. 2:19, 20). Şondan bäri Hudaýyň halky geplemek ukybyny Ýehowany şöhratlandyrmak we adamlara onuň islegi barada öwretmek üçin ulanýar. Soňky ýyllarda bolsa, olar şol ukybyny Mukaddes Ýazgylary terjime etmek üçin ulanyp, arassa seždäni ýürekden goldaýarlar.
2. a) Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň komiteti haýsy prinsiplere eýerdi? b) Şu makalada nämä serederis?
2 Mukaddes Ýazgylaryň müňlerçe terjimesi bolsa-da, olaryň käbirinde asyl nusgadaky sözler has dogry we anyk terjime edildi. 1940-njy ýyllarda Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň komiteti, esasan, şu üç prinsipe eýermegi makul bildi: 1) Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda duş gelýän ýerleriniň ählisinde Hudaýyň adyny dikeldip, ony mukaddes etmek (Matta 6:9-y okaň); 2) asyl nusgadaky sözleri, mümkin boldugyndan, sözme-söz terjime etmek, emma munuň bilen sözleriň manysy ýoýulýan bolsa, onda manysyna görä terjime etmek; 3) düşnükli we okamak aňsat bolar ýaly terjime etmek * (Nehemýa 8:8, 12-nji aýatlary okaň) *. Mukaddes Ýazgylar başga-da 130-dan gowrak dile terjime edilende hem şol prinsiplere esaslanyldy. Geliň, «Täze dünýä terjimesiniň» 2013-nji ýylda çykan täzeden seredilen görnüşinde we başga dillerdäki terjimelerinde bu agzalan prinsiplere nädip eýerilendigini bileliň.
HUDAÝYŇ ADYNY ŞÖHRATLANDYRMAK
3, 4. a) Haýsy golýazmalarda tetragrammaton duş gelýär? b) Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinde Hudaýyň adyny näme etdiler?
3 Öli deňzinden tapylan golýazmalary we başga-da gadymy ýewreý golýazmalaryny öwrenýän alymlar tetragrammatonyň, ýagny Hudaýyň adyny aňladýan 4 sany ýewreý harpyň köp duş gelýändigine haýran galýarlar. Hudaýyň adyny diňe bir şol gadymy ýewreý golýazmalarynda däl-de, b. e. öň II asyrdan b. e. I asyry aralygynda ýazylan grek «Septuagintasynyň» käbir nusgalarynda hem görse bolýar.
4 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň adynyň bolmalydygyny görkezýän aýdyň subutnamalaryň bardygyna garamazdan, käbir terjimeçiler Hudaýyň mukaddes adyny doly aýyrdylar. Mysal üçin, 1950-nji ýylda «Injiliň Täze dünýä terjimesiniň» çykarylanyna bary-ýogy iki ýyl geçensoň, «Amerikan standart terjimesi» çap edilýär. Bu terjimäniň 1901-nji ýylda çykan neşirinde Hudaýyň ady bolsa-da, 1952-nji ýyldaky gaýtadan seredilen görnüşinde duş gelmeýärdi. Näme üçin? Şol terjimäniň girişinde: «Hristian buthanalary ýeke-täk Hudaýyň islendik adyny tutmagy... ýerliksiz hasaplaýarlar» diýilýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylaryň iňlis we başga dillerdäki terjimeleriniň köpüsinde Hudaýyň ady aýryldy.
5. Hudaýyň adyny Mukaddes Ýazgylardan näme üçin aýyrmaly däl?
5 Aslynda, Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adynyň goýulmagynyň ýa-da aýrylmagynyň ähmiýeti barmy? Gowy terjimeçi awtoryň islegine düşünmegiň wajypdygyny bilýär, sebäbi bu onuň terjime edişine täsir edýär. Mukaddes Ýazgylardaky aýatlaryň köpüsinde Hudaýyň adynyň mukaddesligi we wajyplygy görkezilýär (Müs. çyk. 3:15; Zeb. 83:18; 148:13; Iş. 42:8; 43:10; Ýahýa 17:6, 26; Res. iş. 15:14). Mukaddes Ýazgylaryň Awtory Ýehowa Hudaý ony ýazan adamlary Öz adyny ençeme gezek ulanmaga ylhamlandyrdy (Ezekiýel 38:23-i okaň) *. Gadymy golýazmalarda Hudaýyň ady müňlerçe gezek duş gelse-de, ony Mukaddes Ýazgylardan aýyrýan terjimeçiler Awtora hormat goýmaýandygyny görkezýärler.
6. «Täze dünýä terjimesiniň» täzeden seredilen görnüşinde Hudaýyň ady näme üçin ýene-de alty aýatda dikeldildi?
6 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adynyň bolmalydygyny görkezýän subutnamalar gitdigiçe köpelýär. «Täze dünýä terjimesiniň» 2013-nji ýylda çykan täzeden seredilen görnüşinde Hudaýyň ady 7 216 gezek ulanylyp, 1984-nji ýylda çykan neşirine garanyňda, 6 aýatda köp duş gelýär. Olaryň bäşisi Öli deňzinden tapylan golýazmalaryň esasynda 1 Şamuwel 2:25; 6:3; 10:26; 23:14, 16-njy aýatlarda dikeldildi. Bu golýazmalardan 1 000 ýyl öň bolan ýewreý masoret ýazgylarynda hem şol aýatlarda Hudaýyň ady duş gelýärdi. Şeýle-de gadymy golýazmalaryň öwrenilmegi netijesinde, Kazylar 19:18-de Hudaýyň ady ulanyldy.
7, 8. Hudaýyň adynyň manysy näme?
7 Mesihçiler üçin Hudaýyň adynyň *. Öňler biziň edebiýatlarymyzda Hudaýyň adynyň manysy Müsürden çykyş 3:14-däki: «Men Biribardyryn (Men kim bolmak islesem bolaryn, TD)» diýen sözler bilen düşündirilýärdi. Şol sebäpli 1984-nji ýylda çykan «Täze dünýä terjimesinde» Hudaýyň adynyň manysy düşündirilip, «wadalaryny ýerine ýetirmek üçin, onuň kim bolmak islese bolup bilýändigi» aýdyldy *. Emma «Täze dünýä terjimesiniň» 2013-nji ýylda çykan neşiriniň goşmaça maglumatynda şeýle diýilýär: «Ýehowanyň adynyň manysy diňe onuň özüniň kim bolmak islese bolýandygyny däl, eýsem, niýetini amala aşyrmak üçin ýaradan zatlaryny kim ýa-da näme bolduraýyn diýse „boldurýandygyny“ hem aýan edýär».
uly ähmiýeti bar. Bu babatda «Täze dünýä terjimesiniň» 2013-nji ýylda çykan neşirinde goşmaça maglumat berilýär. Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň komiteti Hudaýyň adynyň «hawah» diýen ýewreý işliginiň ýükletme derejesidigine we «Boldurýar» diýmegi aňladýandygyna göz ýetirdi8 Dogrudan-da, Ýehowa ýaradan zatlaryny kim boldurmak islese «bolduryp» bilýär. Hudaý adynyň manysyna laýyklykda hereket edip, Nuh pygamberiň gämi gurujy, Besaleliň ökde ussa, Gedegonyň edermen urşujy we Pawlus resulyň missioner bolmagyna ýardam etdi. Hawa, Ýehowanyň halky üçin onuň adynyň uly ähmiýeti bar. Şol sebäpli Täze dünýä terjimesiniň komiteti Ýehowanyň adynyň wajyplygyna düşünip, ony Mukaddes Ýazgylardan aýyrmady.
9. Mukaddes Ýazgylaryň başga dillere terjime edilmegine näme üçin aýratyn üns berilýär?
9 «Täze dünýä terjimesiniň» 130-dan gowrak dilde çykan neşirinde Ýehowanyň ady şöhratlandyrylýar. Bu terjimelerde Ýazgylaryň asyl nusgasynda duş gelýän ýerleriniň ählisinde Hudaýyň ady ulanylýar (Malaky 3:16-ny okaň) *. Emma Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinde Hudaýyň adyny aýryp, «Reb» diýen tituly ýa-da öz taňrylarynyň adyny goýýarlar. Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty Hudaýyň adyny şöhratlandyrýan Mukaddes Ýazgylaryň, mümkin boldugyndan, köp adamlarda bolmagynyň aladasyny edýär.
DÜŞNÜKLI WE DOGRY TERJIME
10, 11. Mukaddes Ýazgylary başga dillere terjime edýän terjimeçiler nähili kynçylyklara duş geldiler?
10 Mukaddes Ýazgylar başga dillere terjime edilende köp kynçylyklar bolýar. Mysal üçin, «Täze dünýä terjimesiniň» iňlis dilinde çykan öňki neşirinde beýleki iňlis terjimelerindäki ýaly, Wagyz kitaby 9:10-da we başga aýatlarda ýewreýçe «şeol» diýen söz ulanylypdy. Bu aýatda öň şeýle diýilýärdi: «Seniň barýan şeolyňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar». Emma Mukaddes Ýazgylary başga dillere terjime edýän terjimeçileriň köpüsi bu babatda käbir kynçylyklara duş geldiler. Sebäbi «şeol» diýen söz olaryň okyjylaryna kän bir tanyş däl, sözlüklerinde-de duş gelmeýär we bir ýurduň ýa-da şäheriň ady ýaly görünýär. Şol sebäpli ýewreýçe «şeol» we grekçe «gades» diýen sözleriň manysyny dogry düşündirmek üçin, olaryň deregine «gabyr» sözüniň ulanylmagyna rugsat berildi.
11 Şeýle-de käbir dillerde ýewreýçe «nefeş», grekçe «psihi» diýen sözler iňlis dilindäki ýaly hemişe «jan» diýip terjime edilse, onuň manysyna ýalňyş düşünmekleri mümkin. Näme üçin? Sebäbi bu söz adamyň özüni däl-de, ölenden soň ondan bir zat çykyp ýaşaýar diýen
nädogry düşünjäni berip bilýär. Şol sebäpli «jan» sözüni kontekste görä terjime etmäge rugsat berildi. Bu sözüň manysy öň goşmaça maglumatly «Täze dünýä terjimesinde» hem düşündirilipdi. Indi «Täze dünýä terjimesinde» ýewreý we grek sözleri babatdaky maglumatlar köplenç çykgytlarda görkezilýär. Şonuň üçin aýatlary okamak hem-de düşünmek aňsat bolýar.12. «Täze dünýä terjimesiniň» 2013-nji ýylda çykan neşirinde nähili özgerişikler edildi? (Şeýle-de žurnalyň şu sanyndaky «„Täze dünýä terjimesiniň“ 2013-nji ýylda çykan täzeden seredilen görnüşi» diýen makala serediň).
12 Terjimeçileriň berýän soraglary ýene-de käbir zatlaryň düşnüksiz boljakdygyna göz ýetirmäge kömek etdi. Şol sebäpli 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýolbaşçylyk maslahaty iňlis dilindäki Mukaddes Ýazgylara täzeden seretmeli diýen karara geldi. Bu işiň dowamynda terjimeçileriň müňlerçe soraglaryna seredildi. Şeýdip, könelişen iňlis sözleri başgasyna çalşyldy we aýatlaryň manysyny ýoýman, has düşnükli hem dogry terjime etmek üçin köp tagalla edildi. Mukaddes Ýazgylaryň başga dildäki terjimeleri iňlis dilindäki terjimäniň öňküden-de has gowy bolmagyna ýardam etdi (Sül. tym. 27:17).
ÝÜREKDEN MINNETDARLYK
13. «Täze dünýä terjimesiniň» 2013-nji ýylda çykan neşiri köplere nähili täsir etdi?
13 «Täze dünýä terjimesiniň» iňlis dilinde çykan täzeden seredilen görnüşi adamlara nähili täsir etdi? Ýehowanyň Şaýatlarynyň Bruklindäki baş edarasyna müňlerçe minnetdarlyk hatlary gelip gowuşdy. Bir uýanyň sözleri köpleriň duýgusyny beýan edýär. Ol şeýle diýdi: «Mukaddes Ýazgylary gymmatbaha dürdänelerden doly hazynaly sandyga meňzetse bolýar. 2013-nji ýylda çykan neşirden Ýehowanyň sözlerine gowy düşünip okanymyzda, şol dürdäneleriň her biriniň aýratynlygyna, reňkine we owadanlygyna haýran galyp, synlaýan ýaly bolýarys. Sada dilde ýazylan aýatlary okanymda, meni bagryna basýan söýgüden doly atamyň teselli beriji sözlerini diňleýän ýaly bolýaryn we bu maňa Ýehowany has gowy tanamaga kömek edýär».
14, 15. «Täze dünýä terjimesiniň» başga dillerde çykan neşirleri köplere nähili täsir etdi?
14 «Täze dünýä terjimesiniň» başga dillerde çykan neşirleri hem köp adamlara güýçli täsir etdi. Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde ýaşaýan bir gartaşan adam bolgar dilinde çykan Mukaddes Ýazgylar
barada şeýle diýdi: «Men Mukaddes Ýazgylary ençeme ýyldan bäri okasam-da, hiç wagt şeýle düşnükli we ýüregiňe jüňk bolýan terjimäni okamandym». Albaniýaly bir uýa hem öz ene dilinde «Täze dünýä terjimesiniň» tutuşlygyna çykan neşirini alanda: «Hudaýyň Sözüni alban dilinde okamak, diýseň göwnüňi göterýär! Ýehowanyň öz ene dilimizde gepleşmegi biziň üçin uly hormat!» diýdi.15 Köp ýurtlarda Mukaddes Ýazgylaryň gymmat satylýandygy we gytdygy üçin, ony almagyň özi hem uly bereket bolýar. Ruandanyň hasabatynda şeýle diýilýär: «Öňler okuw geçýän adamlaryň köpüsinde Mukaddes Ýazgylaryň bolmandygy üçin, olar ruhy taýdan ösüp bilmeýärdiler. Buthananyň çykaran Mukaddes Ýazgylaryny satyn almaga-da olaryň ýagdaýy ýokdy. Adamlar köplenç aýatlaryň manysyna doly düşünmeýärdiler, bu bolsa olaryň ösmegine päsgel berýärdi». Emma şol dilde «Täze dünýä terjimesi» çykanda, ähli zat başgaça boldy. Ruandada ýaşaýan dört çagaly bir maşgala şeýle diýýär: «Biz Mukaddes Ýazgylary beren Ýehowa Hudaýa we sadyk hem akylly hyzmatkäre ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Biz gaty garyp ýaşaýandygymyz üçin, maşgala agzalarymyzyň her birine Mukaddes Ýazgylary satyn alyp bilmeýärdik. Emma häzir biziň her birimiziň öz Mukaddes Ýazgylarymyz bar. Biz Ýehowa minnetdarlygymyzy görkezmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün maşgala bolup okaýarys».
16, 17. a) Ýehowa gullukçylary bilen nädip gepleşmek isleýär? b) Biz näme etmegi ýüregimize düwsek gowy bolar?
16 Wagtyň geçmegi bilen, «Täze dünýä terjimesi» has köp dillerde çykarylar. Şeýtan bu işi togtatjak bolsa-da, Ýehowa gullukçylary bilen gepleşende, aýdýan zatlarynyň olara düşnükli bolmagyny isleýär (Işaýa 30:21-i okaň) *. Şol sebäpli tizden «deňziň suwdan doluşy deý, bütin ýer ýüzi Ýehowanyň biliminden dolar» (Iş. 11:9, TD).
17 Geliň, Ýehowanyň berýän her bir sowgadyny gymmat saýyp, Hudaýyň adyny şöhratlandyrýan täze terjimäni hem doly ulanmagy berk ýüregimize düweliň. Her gün Hudaýyň Sözüni okap, onuň bize aýdýan zatlaryna gulak asalyň. Çäksiz başarnygy bolan Hudaý biziň dogalarymyzyň ählisini ünsli diňleýär. Şeýle gürrüňdeşlik bize Ýehowany ýakyndan tanamaga we oňa bolan söýgimizi has-da artdyrmaga kömek eder (Ýahýa 17:3).
^ abzas 2 2008-nji ýylyň 1-nji maýynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rus.) «Mukaddes Ýazgylaryň gowy terjimesini nädip saýlamaly?» diýen makalasyna serediň.
^ abzas 2 Nehemýa 8:8 Olar kitapdan, Hudaýyň kanunyndan jikme-jik okap, onuň manysyny halka düşündirdiler. 12 Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler.
^ abzas 5 Ezekiýel 38:23 Şeýdip, Men beýikligimi we mukaddesligimi görkezjekdirin, köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi (Ýehowadygymy, TD) bilerler.
^ abzas 7 Köp kitaplarda şeýle düşündirilse-de, alymlaryň käbiri munuň bilen ylalaşmaýar.
^ abzas 7 «Hudaýyň Sözüni öwrenmek üçin gollanma» atly broşýuranyň 5-nji sahypasyna serediň.
^ abzas 9 Malaky 3:16 Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birleri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.
^ abzas 16 Işaýa 30:21 Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.