Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

112-NJI AÝDYM

Ýehowa parahatlyk berýär

Ýehowa parahatlyk berýär

(Filipililer 4:9)

  1. 1. Ýehowa Atamyz

    Parahatlyk Hudaýy.

    Mukaddes ruhuň arkaly

    Goldaýarsyň günsaýyn.

    Ogluň ýaraşdyrdy,

    Ýaşaýarys parahat.

    Seniň bilen dostlugymyz

    Islendik zatdan gymmat.

  2. 2. Ruhuň ýol görkezýär,

    Kitabyň saçýar ýagty.

    Indi garaňky dünýäde

    Tapdyk hakyky bagty.

    Häzir zalymlyk köp,

    Baryna çydamaly.

    Ruhuň bilen kömek edäý,

    Parahat ýaşar ýaly.

  3. 3. Halkyny jemledi

    Gökde hem ýer ýüzünde.

    Goý, olar agzybirlikde

    Wagyz etsinler günde.

    Patşalygyň gelsin,

    Indi bolmasyn uruş.

    Hudaýy söýýänler üçin

    Bolsun parahat durmuş.