151-NJI AÝDYM
Ol çagyrar
-
1. Durmuş örän gysga misli ümür,
Üzülýär ömür bagy.
Şeýle bir tiz geçip gidýär ömür,
Diňe gam-gussa, agy.
Ölen adamlar ýene ýaşarmy?
Ýehowa wada berýär:
GAÝTALAMA:
«Çagyrsam eziz balamy,
Dessine jogap berer.
Ellerimiň işini
Ýene göresim geler.
Şübhelenmäň, iman ediň,
Ölümi ýok ederin.
Oglumy hem gyzymy
Hiç haçan unutmaryn».
-
2. Wepaly dosty ötse dünýäden,
Hudaý salar ýadyna.
Azat eder ölümden, günäden
Wagty gelen badyna.
Hemmeler gowşar ýakynlaryna,
Ýeterler umydyna.
GAÝTALAMA:
«Çagyrsam eziz balamy,
Dessine jogap berer.
Ellerimiň işini
Ýene göresim geler.
Şübhelenmäň, iman ediň,
Ölümi ýok ederin.
Oglumy hem gyzymy
Hiç haçan unutmaryn».
(Serediň: Ýah. 6:40; 11:11, 43; Ýak. 4:14)