Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

OÝA BOLUŇ!

Bütin dünýäde howanyň aşa gyzmagy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Bütin dünýäde howanyň aşa gyzmagy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2022-nji ýylyň iýul aýynda bütin dünýäde howanyň gyzgynlygynyň ýokary derejä ýetendigi habar berildi.

  •    «Hytaýyň hökümet ýolbaşçylary şu aýyň dowamynda eýýäm ikinji gezek raýatlaryna 70 şäherde jokrama yssynyň boljakdygyny duýdurdy» («CNN Wire Service» habarlar saýty, 25-nji iýul, 2022).

  •    «Tutuş Ýewropada howa aşa gyzansoň, köp ýurtlarda tokaý ýangynlary boldy» («The Guardian» gazeti, 17-nji iýul, 2022).

  •    «ABŞ-nyň köp şäherlerinde dynç güni howa gyzdy welin, şeýle gyzgyn şu wagta çenli bolmandy. Howanyň gyzgynlygyndan ýaňa ABŞ-nyň gündogar kenarýakalarynda we günorta-günbatar şäherlerinde jan saklar ýaly bolmady» («The New York Times» gazeti, 24-nji iýul, 2022).

 Howa näme üçin gün-günden gyzýar? Ýagdaý şu gidişine gitse, ýer ýüzünde ýaşap bolarmyka? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda howa şertleriniň üýtgejekdigi barada aýdylýarmy?

 Hawa. Bütin dünýäde howanyň gyzmagy Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere gabat gelýär. Isa pygamberem soňky günlerde «gorkunç zatlaryň» boljakdygyny aýdypdy (Luka 21:11). Howanyň aşa gyzýandygy sebäpli, köp adamlar ýer ýüzünde ýaşap bolmaz öýdüp gorkýar.

Howa gitdigiçe gyzsa, ýer ýüzünde ýaşaýyş bolmazmy?

 Beýle däl. Hudaý Ýer şaryny ebedilik ýaratdy, ýerde ýaşaýyş hemişe-de bolar (Zebur 115:16; Nesihat 1:4). Hudaý adamlara ýer ýüzüni ýok etmäge ýol bermez. Gaýtam ol «ýer ýüzüni dargadýanlary... ýok etjekdigini» söz berýär (Ylham 11:18).

 Geliň, Hudaýyň iki wadasy hakda bileliň:

  •    «Çöl we takyrlyk begener, düzlük şatlanar, zagpyran deý gül açar» (Işaýa 35:1). Ýer ýüzi hiç haçan takrap ýatan çöle öwrülmez. Hudaý adamlaryň zaýalan ýerlerini gül-gülzarlyga öwrer.

  •    «Sen tutuş ýer ýüzüniň aladasyny edýärsiň. Adamlaryň rysgalyny ýetirip durýarsyň» (Zebur 65:9). Hudaý adamlary ýalkap, ýer ýüzüni Jennet eder.

 Howa şertleriniň üýtgemegi hakdaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigi barada köpräk bilmek üçin «Howanyň üýtgemegi — gelejekden gorky. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?» atly makalany okaň.

 Hudaýyň ýer ýüzüniň zaýalanan ýerlerini dikeltjekdigi barada köpräk bilmek üçin «Adamlar ýer ýüzüni dargatmaz» diýen makalany okaň.