Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Dünýäniň soňundan gorkmaň

Dünýäniň soňundan gorkmaň

Tizden Ýehowanyň sabyr käsesi dolar. Ol ýalan dinleri ýok eder. Milletler üýşüp, Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Ýehowa Armageddon söweşinde olaryň ýoguna ýanar. Mesihçiler şol beýik güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Elbetde, biz uly betbagtçylygyň nähili boljakdygyny anyk bilmeýäris. Meselem: ol haçan başlar? Syýasy ýolbaşçylar dinleri nädip ýatyrar? Milletler Hudaýyň halkyna nädip topular? Bu näçe wagt dowam eder? Ýehowa Armageddon söweşinde zalym adamlary nädip ýok eder?

Gorkunç wakalar bolanda howsala düşmez ýaly, Mukaddes Kitapda näme etmelidigi aýdylýar. Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys (2Tm 3:1). Hakyky din ýok bolup gitmez ýaly, syýasy ýolbaşçylaryň dinlere hüjüm etjek «günleri gysgaldylar» (Mat 24:22). Ýehowa halkyny hökman halas eder (2Pe 2:9). Ýehowanyň saýlan patyşasy zalym adamlary ýok edip, dogruçyl adamlary bolsa Armageddondan täze dünýä geçirer (Ylh 19:11, 15, 16).

Dünýäniň soňy ýetip gelende, adamlar «gorkudan ýaňa aljyrar». Ýehowa geçmişde-de gullukçylaryny halas edipdi. Şol hakda oýlansak, bizi-de halas etjekdigine ynamly bolarys we hiç zatdan gorkmarys (Luk 21:26, 28).