Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?

Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?

3-NJI BAP

Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?

Muny bilmek üçin aşakdaky soraglara jogap ber:

Geljekki ýanýoldaşyň nähili häsiýetleriniň bolmagyny isleýärsiň? Seniň üçin wajyp bolan zatlaryň dördüsini belle ().

□ Owadan □ Ruhy taýdan berk

□ Alçak □Ynamdar

□ Meşhur □ Ahlak taýdan arassa

□ Şadyýan □ Maksada okgunly

Ýetginjek wagtyň aşyk bolup görüpmidiň? Şol wagt seni has özüne çeken zatlaryň gapdalyna bellik goý (×).

ÝOKARDA getirilenleriň hiç birine erbet diýip bolmaz. Her biriniň gowy tarapy bar. Ýöne ýetginjek wagty aşyk bolanlar köplenç daş keşbe, ýagny ýokarda getirilenleriň çep tarapdakylaryna üns berýär.

Akylyň goýalyşdygyça, adamda has wajyp häsiýete, ýagny ýokarda getirilenleriň sag tarapdakylaryna köp üns berip başlaýarsyň. Meselem, wagtyň geçmegi bilen, öň owadan görýän gyzyň ynamdar däldigine, mekdepde bolsa meşhur hasaplanýan oglanyň ahlaksyzdygyna göz ýetirensiň. Emma jynsy höwesleriň güýçli bolýan döwri geçensoň, özüňe mynasyp ýanýoldaş saýlanyňda diňe daş keşbe üns bermersiň.

Ilki, özüňi tana

«Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?» diýen soraga jogap bermezden öň, özüňi gowy tanamaly. Munuň üçin şu soraglara jogap ber:

Meniň nähili gowy häsiýetlerim bar? ․․․․․

Meniň nähili gowşak taraplarym bar? ․․․․․

Men duýgy we ruhy taýdan nämä mätäç? ․․․․․

Özüňi tanamak aňsat däl. Ýöne ýokardaky soraglaryň üstünde oýlansaň, özüňi gowy tanap başlarsyň. Özüňi näçe gowy tanasaň, hemişe kemçilikleriňi görýän däl-de, gowy häsiýetleri ösdürmäge kömek edýän adamy tapyp bilersiň a. Şeýle adamy eýýäm tapdym diýip pikir edýän bolsaň näme etmeli?

Duş gelen adam gowy ýanýoldaş bolup bilermi?

«Seniň bilen tanşyp bolmazmyka?» Sen bu soragy berýän adamy göz öňünde tutup, oňa begenersiň ýa-da gaharlanarsyň. Aýdaly, sen onuň teklibini kabul edýärsiň. Ýöne onuň saňa mynasypdygyny nädip bilmeli?

Meselem, sen täze köwüş almak isleýärsiň. Bazara baranyňda, owadanja köwşe gözüň düşýär. Ony geýip görýärsiň welin, aýagyňy gysýar. Şeýle köwşi satyn alarsyňmy ýa-da başgasyny gözlärsiň? Elbetde, başgasyny gözlärsiň. Hiç bir adam aýagyny gysýan köwşi almasa gerek!

Ýanýoldaş saýlamaklygy hem şuňa meňzetse bolýar. Sen şu gün bir oglany (gyzy), ertir bolsa başgasyny halamagyň mümkin. Ýöne olaryň diňe biri saňa gowy ýanýoldaş bolup biler. Onsoňam sen häsiýetleriň we maksatlaryň gabat gelýän adam bilen durmuş gurmak isleýänsiň. Sebäbi sen onuň ýanynda özüňi rahat duýarsyň (Gelip çykyş 2:18; Matta 19:4—6). Sen şeýle adama duşduňmy? Eger duşan bolsaň, bir-biriňize mynasypdygyňyzy nädip bilmeli?

Ýüzleý seretme

Bir-biriňize mynasypdygyňyzy biler ýaly, şol oglany (gyzy) hemmetaraplaýyn synlamaly bolarsyň. Emma seresap bolmasaň, diňe öz görmek isleýän zadyňa üns bermegiň mümkin. Şonuň üçin karara gelmäge howlukma! Ony tanamak aňsat bolmasa-da, jan et. Meselem, sen ulag almakçy bolýarsyň. Sen ulagyň diňe daş görnüşine üns berersiňmi? Onuň motoryny gözden geçirseň dogry bolmazmy?!

Ýanýoldaş saýlamak maşyn saýlanyňdan has wajyp. Ýöne köpler duşuşýan döwri diňe daş keşbe üns berýär. Olar: «Ikimizem şol bir aýdymlary, güýmenjeleri halaýarys. Ähli zatda pikirimiz deň gelýär» diýip, diňe halaýan we gyzyklanýan zatlaryna üns berýärler. Ýokarda aýdylyşy ýaly, jynsy höwesleriň güýçli bolýan döwri geçensoň, adamyň diňe bir daş keşbine däl-de, häsiýetlerine üns berip başlarsyň. Sen onuň «ýüreginde» nämäniň bardygyny bilmeli (1 Petrus 3:4; Efesliler 3:16).

Mysal üçin, ylalaşýan däl-de, ylalaşmaýan zatlaryňyza köp üns bermeli. Ýagny söýüşýäniň düşünişmezlik dörände, aýdanyny etdirjek bolup gaharlanýarmy ýa-da «hapa sözleri» aýdýarmy? (Galatýalylar 5:19, 20; Koloslylar 3:8). Ol parahatlygy saklamak üçin Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelmedik ýagdaýda eglişik edip, paýhasly hereket edýärmi? (Ýakup 3:17).

Ýene bir zat barada oýlanyp gör: Duşuşýanyň başgalaryň duýgusyny oýnaýarmy? Ol özdiýenli we gabanjaňmy? Her ädimiňi yzarlap ýöreýärmi? Nikola atly gyz şeýle diýýär: «Söýüşýänleriň köpüsi biri-birine „hasabat“ bermeýändigi üçin gaharlanyp, sähel zadyň üstünde sögüşýärler. Meniň pikirimçe, bu gowulygyň alamaty däl» (1 Korinfliler 13:4).

Ýokardaky soraglar duşuşýan adamyňy tanamaga kömek edýär. Ol hakda käbir zatlary bilseň gowy bolar. Meselem, başgalar ony nähili adam diýip tanaýar? Sen ony gowy tanaýan we tejribeli mesihçi bilen gürrüňdeş bolup bilersiň. Şeýdip, onuň «ýagşy adynyň bardygyna» ýa-da ýokdugyna göz ýetirersiň (Resullaryň işleri 16:1, 2).

Aşakdaky boş ýerlere ol barada bilýän zatlaryňy ýazsaň, ony has gowy tanarsyň.

Häsiýetleri ․․․․․

Özüni alyp barşy ․․․․․

Abraýy ․․․․․

Şeýle-de « Ol maňa gowy är bolup bilermi?» (sah. 39) ýa-da « Ol maňa gowy aýal bolup bilermi?» (sah. 40) diýen çarçuwa seret. Ol ýerdäki soraglar duşuşýanyň saňa mynasypdygyny ýa-da däldigini bilmäge kömek eder.

Sen onuň özüňe mynasyp däldigine göz ýetirýärsiň. Şonda näme etmeli?

Duşuşmagy bes etmelimi?

Käte duşuşmagy bes etmek peýdaly bolýar. Geliň, Julia bilen bolan waka seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Başda men söýüşýänimiň her ädimimi — nirede, kim bilen we näme iş edýändigimi soraýanyna begenýärdim. Ýöne soňabaka özünden başga hiç kim bilen gatnaşdyrman başlady. Hatda ol meni öýümdäkilerden, hasam kakamdan gabanýardy. Duşuşmagy bes edenimde, egnimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy».

Sara-da şeýle ýagdaýa düşüpdi. Ol söýüşýäni Jonyň kemsidýändigine, gödekdigine we ýaranyp bolmaýandygyna üns berýär. Sara şeýle diýýär: «Bir gezek Jon üç sagat gijä galyp geldi. Gapyny ejem açdy. Ol ejem bilen salamlaşman, göni öýe girip: „Ýör, biz gijä galýas“ diýdi. Ol: „Men gijä galdym“ diýmän, gaýtam, „biz gijä galýas“ diýdi. Jon gijä galandygy üçin ötünjem soramady, sebäbini hem düşündirmedi. Iň erbedem, ol ejemi sylamady». Elbetde, ýekeje ýalňyşlyk üçin duşuşmagy bes etmek nädogry bolar (Zebur 130:3). Ýöne Sara Jonyň bir gezek ýalňyşyp gödeklik edendigi üçin däl-de, aslynda, häsiýetiniň şeýledigi üçin duşuşmagy bes edýär.

Sen hem Julia bilen Sara ýaly duşuşýanyň mynasyp däldigine düşünseň näme edersiň? Şeýle ýagdaýda özüňi aldama! Kyn bolsa-da, duşuşmagy bes etseň gowy bolar! Süleýmanyň tymsallary 22:3-de: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir» diýilýär. Söýüşýäniňde göz ýummaly däl zatlaryň (sah. 39, 40) hatda birini görseň-de, özgerişlik edýänçä onuň bilen duşuşmasaň gowy bolar. Dogrudanam, bu aňsat bolmaz. Ýöne durmuş guran adamyň bilen bir ýa iki gün däl, ömürlik ýaşamaly. Bütin ömrüňe ökünip, «ah çekip» ýöreniňden, häzir az wagtlaýyn ejir çekeniň gowudyr!

Muny nädip aýtmaly?

Duşuşmagy bes etmek isleýändigiňi nädip aýtmaly? Ilki bilen, nirede we nädip aýtmalydygy hakda oýlan. Munuň üçin, özüňi onuň ýerine goýup gör (Matta 7:12). Sen onuň ýerine bolsaň bu hakda köpçülikde aýdylmagyny islärmidiň? Elbetde, ýok. Duşuşmagy bes etmek isleýändigiňi degerli sebäp bolmasa, telefon, ses ýazgy, SMS ýa-da elektron poçta arkaly aýtmasaň gowy bolar. Gaýtam, amatly wagty we ýeri saýlap, onuň bilen gepleş.

Nämeden başlamaly? Pawlus resul mesihçilere biri-biriňize «dogryňyzy» aýdyň diýip maslahat berdi (Efesliler 4:25). Şol sebäpli oňa duşuşmak islemeýändigiňi sypaýyçylyk bilen aýt. Onuň saňa näme sebäpden mynasyp däldigini düşündir. Ýöne ony kemsidip, ýalňyşyny birin-birin ýüzüne basma. «Sen hemişe...» ýa «Sen hiç haçan...» diýmegiň deregine, «Men... ýaşamak isleýärin» ýa-da «Duşuşmagymyzy bes etmeli. Sebäbi...» diýip, duýgularyň barada aýt.

Häzir ýaýdanmagyň ýa-da başgalary diňlemegiň wagty däl. Duşuşmagy näme üçin bes edýändigiňi ýatdan çykarma. Söýüşýäniň seni eýdip-beýdip pikiriňden dändirjek bolsa, ony diňleme. Lora atly gyz şeýle gürrüň berýär: «Duşuşmagy bes edenimde, ol oglan meniň ýüregim awasyn diýip, göwnüçökgünlige düşensirän bolup başlady. Oňa gaty gynansam-da, gelen kararymdan dänmedim». Sen hem Lora ýaly isleýän zadyňy bilip, gelen kararyňdan dänme. Goý, «ýok» diýeniň «ýok» bolsun! (Ýakup 5:12).

Bes edeniňden soň

Duşuşmagy bes eden wagtlaryň özüňi erbet duýmagyň mümkin. Hatda özüňi: «Egildim, iki büküldim; bütin gün ýasly gezýärin» diýen mezmurçy ýaly duýarsyň (Zebur 38:6). Käbir dostlaryň bolsa gowulyk isläp, oňa ýene bir mümkinçilik ber diýerler. Şonuň üçin seresap bol! Gelen kararyň netijesini dostlaryň däl-de, özüň görersiň. Bolan zatlara gynansaňam, gelen kararyňdan dänme.

Duşuşmagyňy bes edeniňden soň döreýän duýgular wagtyň geçmegi bilen aýrylýar. Şeýle duýgulary ýeňmek üçin näme edip bilersiň?

Meselem, ynamdar dostuňa duýgularyňy aýt b (Süleýmanyň tymsallary 15:22). Ýehowa Hudaýa doga edip, ýüregiňi dök (Zebur 55:22). Ýagşy işleri et (1 Korinfliler 15:58). Başgalardan özüňi çetde tutma (Süleýmanyň tymsallary 18:1). Seni ruhlandyrjak adamlar bilen gürrüňdeş bol. Gowy zatlar barada oýlanmaga jan et (Filipililer 4:8).

Wagtyň geçmegi bilen, sen özüňe mynasyp ýanýoldaş boljak adama duşarsyň. Şeýle-de bu gezek sen has paýhasly hereket edersiň. Mümkin, şonda «Ol maňa mynasyp ýanýoldaş bolup bilermi?» diýen soraga, hawa diýip jogap berersiň.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 31-NJI BABYNA SERET

INDIKI BAPDA

Söýşüp başlan bolsaň, araňyzda näçeräk çäk goýmaly?

[Çykgytlar]

a Özüňi gowy tanamak üçin, şu kitabyň I babyndaky «Durmuş gurmaga taýynmy?» diýen sözbaşydaky soraglara seret.

b Saňa ene-ataň ýa-da uly ýaşly adamlar, meselem, ýygnak ýaşululary kömek edip biler. Olaryň hem ýaş wagty şeýle zatlary başyndan geçirendigine göz ýetirersiň.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Işi sapmy, dogrumy ýa dälmi, çaga-da öz edenleri bilen tanalýandyr». Süleýmanyň tymsallary 20:11

MASLAHAT

Onuň häsiýetlerini bilmäge kömek edýän zatlar:

● Hudaýyň Sözüni bile öwrenmek.

● Ýygnakda we wagyzda özüni alyp barşyny synlamak.

● Ýygnak jaýyny arassalamaga we gurluşyk işlerine bile gatnaşmak.

BILÝÄŇIZMI?

Geçirilen barlaglara görä, dini ynançlary deň gelmeýän adamlar durmuş gursa, köplenç aýrylyşýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Imandaşym bolmadyk adamy halasam, men...

Duşuşýanym barada bilmek üçin, men başgalardan...

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

Saňa geljekki maşgalaňy bagtly etmäge haýsy häsiýetler kömek eder?

Ýanýoldaşyňda, esasan, haýsy häsiýetleriň bolmagyny isleýärsiň?

Imandaşyň bolmadyk adam bilen durmuş gursaň nähili kynçylyklar ýüze çykyp biler?

Duşuşýanyň häsiýetlerini, özüni alyp barşyny we başgalaryň ol barada nähili pikirdedigini bilmek üçin näme edip bilersiň?

[37-nji sahypadaky sitata]

«Söýüşýäniň öýündäkiler bilen özüni nähili alyp barýan bolsa, seniň bilen hem şeýle alyp barar» Toni

[34-nji sahypadaky çarçuwa]

«Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň»

Mukaddes Ýazgylarda: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» diýilýär. Sen 2 Korinfliler 6:14-däki bu prinsipe gowy düşünýän bolsaň gerek. Ýöne şonda-da ynançlaryň deň gelmeýän adamy gowy görmegiň mümkin. Näme üçin? Köplenç adamyň daş keşbi ýa-da alçaklygy seni özüne çekýändir. Mark atly oglan şeýle diýýär: «Men ol gyzy hemişe bedenterbiýe sapagynda görýärdim. Onuň özi meniň ýanyma gelip gepleşýärdi. Ol gyz bilen gürleşmezlik mümkin däldi».

Sen özüňi gowy tanap, ynançlaryňa berk iman edýän we duýgularyňa erk etmegi başarýan bolsaň, näme etmelidigini bilmän, ýaýdanyp durmarsyň. Ol owadan, alçak we dogruçyl görünýänem bolsa, saňa Hudaý bilen dostlugyňy berkitmäge kömek edip bilmez (Ýakup 4:4).

Emma şol adama aşyk bolup, ýüregiňi beren bolsaň, onuň bilen araňy üzmek aňsat bolmaz. Muňa Sindi atly gyz göz ýetiripdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ony ýatlap her gün aglaýardym. Ýatsam-tursam, hatda ýygnakda-da pikirim diňe şol hakdady. Ony şeýle bir söýýärdim welin, ýitirenimden ölenimi gowy görýärdim». Emma Sindiniň ejesi imandaşy bolmadyk oglan bilen söýüşmegine garşydygyny aýdýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol ejesiniň aýdýanlarynyň dogrudygyna düşünýär. Sindi: «Onuň bilen duşuşmagymy bes edenim gowy boldy. Ýehowanyň aladamy etjekdigine birjikde şübhelenmeýärin» diýýär.

Senem Sindiniňki ýaly ýagdaýa düşen bolsaň, ýeke özüň ýeňjek bolma! Bu hakda ene-ataňa aýt. Mekdepde bir gyza aşyk bolan Jim: «Bir gyzy gowy görendigimi ene-atama ahyry aýtdym. Olaryň beren maslahaty duýgularymy ýeňmäge kömek etdi» diýýär. Bu meselede ýygnak ýaşululary hem kömek edip biler. Olaryň birine nähili duýgulary başdan geçirýändigiňi aýdyp bilersiň (Işaýa 32:1, 2).

[39-njy sahypadaky surat]

 Bellik depderçäm

Ol maňa gowy är bolup bilermi?

Üns bermeli zatlar

◻ Erk-ygtyýaryndan peýdalanyp agalyk edýärmi? (Matta 20:25, 26).

◻ Onuň nähili maksatlary bar? (1 Timoteos 4:15).

◻ Şol maksatlaryna ýetmek üçin häzirden jan edýärmi? (1 Korinfliler 9:26, 27).

◻ Maşgala agzalaryna hormat goýýarmy? (Müsürden çykyş 20:12).

◻ Kimler bilen dostlaşýar? (Süleýmanyň tymsallary 13:20).

◻ Köplenç näme hakda gürrüň edýär? (Luka 6:45).

◻ Puly söýýärmi? (Ýewreýler 13:5, 6).

◻ Dynç alşyň haýsy görnüşlerini gowy görýär? (Zebur 97:10).

◻ Ýehowany söýýändigini nädip görkezýär? (1 Ýahýa 5:3).

Gowy taraplary

◻ Zähmetsöýermi? (Süleýmanyň tymsallary 6:9—11).

◻ Puly tygşytly sowýarmy? (Luka 14:28).

◻ Ol barada başgalar näme diýýär? (Resullaryň işleri 16:1, 2).

◻ Başgalaryň aladasyny edýärmi? (Filipililer 2:4).

Göz ýummaly däl zatlar

◻ Gaharjaňmy? (Süleýmanyň tymsallary 22:24).

◻ Seni haýasyz işleri etmäge yrjak bolýarmy? (Galatýalylar 5:19).

◻ Başgalary kemsidýärmi ýa-da güýç ulanýarmy? (Efesliler 4:31).

◻ Ol wagtyny gowy geçirmek üçin hökman spirtli içgileri içmelimi? (Süleýmanyň tymsallary 20:1).

◻ Gabanjaň we özüni bilýän adammy? (1 Korinfliler 13:4, 5).

[40-njy sahypadaky surat]

 Gönükme

Ol maňa gowy aýal bolup bilermi?

üns bermeli zatlar

◻ Ol öýde we ýygnakda tabyn bolýandygyny görkezýärmi? (Efesliler 5:21, 22).

◻ Maşgala agzalaryna hormat goýýarmy? (Müsürden çykyş 20:12).

◻ Joralary kim? (Süleýmanyň tymsallary 13:20).

◻ Köplenç näme hakda gürrüň edýär? (Luka 6:45).

◻ Puly söýýärmi? (1 Ýahýa 2:15—17).

◻ Onuň nähili maksatlary bar? (1 Timoteos 4:15).

◻ Şol maksatlaryna ýetmek üçin häzirden jan edýärmi? (1 Korinfliler 9:26, 27).

◻ Dynç alşyň haýsy görnüşlerini gowy görýär? (Zebur 97:10).

◻ Ýehowany söýýändigini nädip görkezýär? (1 Ýahýa 5:3).

Gowy taraplary

◻ Zähmetsöýermi? (Süleýmanyň tymsallary 31:17, 19, 21, 22, 27).

◻ Puly tygşytly sowýarmy? (Süleýmanyň tymsallary 31:16, 18).

◻ Ol barada başgalar näme diýýär? (Rut 3:11).

◻ Başgalaryň aladasyny edýärmi? (Süleýmanyň tymsallary 31:20).

Göz ýummaly däl zatlar

◻ Dawaçylmy? (Süleýmanyň tymsallary 21:19).

◻ Seni haýasyz işleri etmäge yrjak bolýarmy? (Galatýalylar 5:19).

◻ Başgalary kemsidýärmi ýa-da el göterýärmi? (Efesliler 4:31).

◻ Ol wagtyny gowy geçirmek üçin hökman spirtli içgileri içmelimi? (Süleýmanyň tymsallary 20:1).

◻ Gabanjaň we diňe özüni bilýärmi? (1 Korinfliler 13:4, 5).

[30-njy sahypadaky surat]

Islendik köwşüň aýagyňa laýyk bolmaýşy ýaly, duş gelen adam hem gowy ýanýoldaş bolup bilmez

[31-nji sahypadaky surat]

Maşyn alanyňda diňe daşyna seretmeýşiň ýaly, ýanýoldaş saýlanyňda hem diňe daş keşbine seretme!