Ýaşaýşyň gaýnap joşýan ýeri
Janly tebigat akylyňy haýran edýär. XX asyra çenli adamlar ýer ýüzünde ýaşaýşyň nädip dörändigine doly düşünmändir. Olar älem-jahan tötänden döräpdir diýip pikir edipdir. Aşakda aýdylanlary göz öňünde tutsaň, ýer ýüzünde ýaşaýyş öz-özünden döräpdir diýse bolarmy?
-
Ýer şary Akmaýanyň ýoly galaktikasynda we Gün sistemasynda amatly ýerde ýerleşýär. Biziň planetamyzyň Günüň daşyndan aýlanýan ýoly, öz okunyň daşyndan aýlanyşy we belli bir tizlikde hereket edişi örän täsin. Şeýle-de Ýer şarymyzyň hemrasy Aý bar.
-
Planetamyzyň magnit meýdany we atmosferasy ýer ýüzüni galkan kimin goraýar.
-
Suw tebigatda aýlanyp arassalanýar, howa bolsa täzelenip durýar.
Geliň, ýokarda aýdylanlar barada giňişleýin bileliň. Şonda özüňize şeýle soragy beriň: ýaşaýyş öz-özünden döredimi ýa-da biri ýaratdy?
Ýer planetasynyň salgysy
Sizden öý salgyňyzy sorasalar näme ýazardyňyz? Siz ýaşaýan ýurduňyzy, şäheriňizi we köçäňizi ýazardyňyz. Edil şonuň ýaly, Ýer planetasynyň öz salgysy bar. Ol Akmaýanyň ýoly atly ýurtda we Gün sistemasy atly şäherde ýerleşýär. Ýer şarynyň Günüň daşyndan aýlanýan ýoluna bolsa, köçesi diýse bolar. Astronomiýanyň, fizikanyň ösmegi bilen alymlar ýeriň ýerleşýän nokadyny anyklap bildiler.
Geliň, indi bolsa biziň şäherimiz, ýagny Gün sistemasy hakda gürrüň edeliň. Şäherimiz Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň merkezine öte ýakyn hem däl, beter daş hem däl. Diňe Gün sistemasynyň ýerleşýän ýerinde ýaşaýyş üçin zerur bolan himiki elementler bar. Şonuň üçin alymlar ol ýere «ýaşaýyş zolagy» diýýärler. Eger Gün sistemasy Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň merkezine öte ýakyn bolsa, zyýanly şöhleleriň köplüginden ýaňa ol ýerde ýaşaýyş bolmazdy. Eger ol daşda ýerleşen bolsa, ýaşaýyş üçin gerekli elementler azlyk ederdi. Şonuň üçin bir ylmy žurnalda: «Biz iň gowy şäherde ýaşaýarys» diýilýär.1
Ajaýyp köçe. Biziň köçämiz, ýagny Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýan ýoly (orbitasy) haýran galdyrýar. Ýer Günden takmynan 150 000 000 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ýer Günüň daşyndan ýylda bir gezek aýlananda şol aralygy üýtgetmeýär. Şonuň üçinem ol ýola «ýaşaýyş zolagy» diýilýär. Eger-de Ýer şary Güne ýakyn ýa-da ondan uzakda bolsa ýaşaýyş bolmazdy.
Biziň Gün atly deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýamyz hem bar. Oňa ýöne ýerden «üýtgeşik ýyldyz» diýilmeýär, sebäbi ol durman işleýär. Onuň göwrümi uly hem däl, kiçi hem däl. Şonuň üçin gerekli mukdarda energiýa işläp çykarýar.2
Iň gowy goňşy. Size Ýer şary üçin goňşy saýlaň diýseler, Aýdan gowy goňşyny tapmasaňyz gerek. Aý Ýerden dört esse kiçi. Emma beýleki planetalaryň hemralary bilen deňeşdirseň, Aý gaty bir kiçi hem däl.
Aý tötänden Ýeriň goňşusy boldumy? Elbetde ýok!Birinjiden, Aýyň täsiri bilen ummanlarda we deňizlerde daşgynlar, gaýtgynlar bolýar. Daşgynlar we gaýtgynlar ýer ýüzündäki ekologiýanyň sazlaşykly işlemegine ýardam edýär. Ikinjiden, Aýyň täsiri bilen Ýeriň oky üýtgemän belli bir derejede durýar. Eger aý bolmadyk bolsa Ýer eýläk-beýläk çaýkanardy, hatda agdarylyp-düňderilerdi. Netijede, ýer ýüzünde görlüp-eşidilmedik tebigy hadysalar we gorkunç betbagtçylyklar bolardy.
Ýeriň oky ýapgyt ýerleşýär we şol bir tizlikde aýlanýar. Ýeriň okunyň ýapgytlygy 23,4 dereje. Ýer okunyň daşyndan aýlanýandygy üçin pasyllar çalyşýar we klimat guşaklygy bolýar. Bir kitapda: «Ýeriň oky bolmadyk bolsa, ýaşaýyş bolmazdy» diýilýär.3
Ýeriň öz okunyň daşyndan belli bir tizlikde aýlanmagy netijesinde gije-gündiz çalyşýar. Eger planetamyz okunyň daşyndan haýal aýlansa, Ýer şarynyň Güne bakyp duran tarapy jokrama yssy bolardy. Beýleki tarapy bolsa, buzluklar bilen örtülerdi. Eger tiz aýlansa günler gysgalardy, tüweleý turup, harasat gopup aýylganç wakalar bolardy.
Ýeriň goşa galkany
Älem giňişliginde ölüm howply radiasiýa güýçli bolýar we sansyz-sajaksyz meteoritler gaýyp ýör. Ýer şarymyz şeýle howplardan ýaňa oka tutulýan ýaly bolýar, ýöne oňa hiç hili zyýan ýetmeýär. Näme üçin? Sebäbi planetamyzy goşa galkan, ýagny magnit meýdany we atmosfera goraýar.
Ýeriň magnit meýdany. Planetamyzyň merkezinde şar şekilli ýadro ýerleşýär. Ol demriň suwuk görnüşinde bolýar. Ýeriň ýadrosy örän güýçli magnit meýdanyny emele getirýär we ol älem giňişligine çenli ýaýraýar. Ýeriň magnit meýdany älem giňişligindäki radiasiýadan we Günüň ölüm howply şöhlelerinden, ýagny Gün şemalyndan (protonlaryň we elektronlaryň güýçli akymy), gün partlamasyndan (minutda milliardlarça tonna wodorod bombasynyň güýjüne barabar energiýasyny çykarýar) we Günüň täjinden (daşky gatlagyndan) bölünip çykýan milliardlarça tonna galyndylardan goraýar. Munuň şeýledigini biz öz gözümiz bilen görüp bilýäris. Meselem, köp adamlar dürli reňklerde öwşün atýan demirgazyk şapagyny görüp haýran galýarlar. Demirgazyk şapagy nädip döreýär? Günden bölünip gaýdýan ölüm howply şöhleler atmosferanyň ýokarky gatlagyna gelip degende demirgazyk şapagy döreýär.
Ýeriň atmosferasy. Atmosfera birnäçe gaz gatlagyndan ybarat we ol ähli janly-jandarlara dem alar ýaly kislorod berýär. Şeýle-de planetamyzy galkan kimin goraýar. Atmosferanyň stratosfera diýen gatlagynda kislorodyň üýtgeşik görnüşi bar. Ol azon diýip atlandyrylýar we ultramelewşe şöhleleriň 99 göterimini özüne siňdirýär. Azon gatlagy adamlary, haýwanlary, mör-möjekleri, hatda plankton diýip atlandyrylýan jandarlary we ösümlikleri goraýar. Planktonlar bolsa ähli janly-jandarlar üçin zerur bolan kislorody öndürýär. Stratosferadaky azonyň möçberi üýtgäp durýar. Günden ultramelewşe şöhleleri näçe köp çyksa, azon gatlagy şonça-da galňaýar. Dogrudanam, azon ok geçmez galkan kimin bizi goraýar.
Her gün ululy, kiçili millionlarça meteoritler planetamyza otly ok kimin ýagýar. Ýöne Ýeriň atmosferasy galkan kimin olara böwet bolýar. Siz gijelerine ýyldyz süýnenini gördüňizmi? Aslynda, bu hadysa älem giňişligindäki meteoritleriň Ýeriň atmosferasyna girip ýanmagy esasynda bolýar. Ýöne planetamyzyň goşa galkany älem giňişliginden gelýän ýaşaýyş üçin zerur bolan ýagtylygy we ýylylygy geçirýär. Ýogsam ýer ýüzünde janly-jandarlar ýaşamazdy. Atmosferamyz ýylylygy planetamyzyň ähli ýerine deň derejede paýlaýar. Şeýle-de atmosfera gijelerine ýorgan ýaly Ýer şaryny örtüp ýylylygy saklaýar.
Atmosfera we magnit meýdany, dogrudanam, haýran galdyrýar! Alymlar goşa galkanyň Ýeri nädip goraýandygyna henizem doly akyl ýetirip bilmeýär. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň bolmagyny üpjün edýän tebigy aýlanyşyk hakynda hem şeýle diýse bolýar.
Ýer şaryny goraýan goşa galkan öz-özünden döredimi?
Tebigy aýlanyşyk
Göz öňüne getiriň, jaýyň suw we kanalizasiýa turbalary ýarylýar, zir-zibili zyňylmaýar, howasy arassalanmaýar. Elbetde, şeýle jaýyň ýaşaýjylary keselläp aradan çyksa gerek. Biziň planetamyz belli bir derejede şeýle jaýa meňzeýär. Oňa älem giňişliginden arassa howa we suw getirilmeýär, zir-zibil hem älem giňişligine zyňylmaýar. Emma şonda-da ýer ýüzünde ýaşaýyş gaýnap joşýar. Näme üçin? Suwuň, kömürturşy gazynyň, kislorodyň we azotyň tebigatdaky aýlanyşygy ýer ýüzünde ýaşaýşy üpjün edýär.
Tebigatda suwuň aýlanyşygy. Suw damjasy — altyn dänesi. Adamlar suwsuz uzak ýaşap bilmeýär. Tebigatdaky aýlanyşyk arkaly ýer ýüzündäki suwlar täzelenýär. Tebigatdaky suwuň aýlanyşygyny üç tapgyra bölse bolýar. 1) Gün gyzanda suw bugaryp atmosfera galýar. 2) Asmana galan buglar buluda öwrülýär. 3) Bulutdaky suwlar ýagyş we gar bolup ýer ýüzüne ýagýar. Şeýdip, suw tebigatda aýlanyp durýar. Bir ýylda tebigatda näçeräk suw aýlanýarka? Eger tebigatda bir ýylyň dowamynda aýlanýan suwy tutuş ýer ýüzüne akdyrsaň, ähli ýeri 80 santimetr beýiklikde suw basardy.4
Tebigatda kömürturşy gazynyň we kislorodyň aýlanyşygy. Biz ýaşamak üçin dem alýarys, ýagny kislorody sorýarys, kömürturşy gazyny çykarýarys. Ýer ýüzünde milliardlarça adamlar, haýwanlar dem alýar. Ýöne tebigatda kislorodyň aýlanyşygy esasynda bütin ýer ýüzünde kislorod gutarmaýar we ähli ýeri kömürturşy gazy basmaýar. 1) Ösümlikler, agaçlar özüne kömürturşy gazyny sorýarlar we Günüň şöhlesiniň kömegi bilen uglewody, kislorody bölüp çykarýar. Muňa fotosintez hadysasy diýilýär. 2) Biz dem alyp kislorody soranymyzda şu aýlanyşyk tamamlanýar. Fotosintez hadysasy hiç hili ses-üýnsüz, galyndysyz we sazlaşykly bolup geçýär.
Tebigatda azotyň aýlanyşygy. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň bolmagy üçin belok ýaly organiki molekulalar zerur. A) Azot organiki molekulalary döredýär. Bagtymyza, atmosferanyň takmynan 78 göterimi azotdan ybarat. Ýyldyrym çakanda atmosferadaky azot owunjak böleklere bölünýär we ösümlikler ony özüne siňdirýär. B) Ösümlikler we gök otlar azoty organiki molekulalara öwürýär. Mal-garalar bolsa ösümlikleri iýende azot olaryň bedenine siňýär. Ç) Ösümlikler guranda, mal-garalar ölende bakteriýalar olaryň düzümindäki azoty dargadýar. Şeýlelikde, azot topraga we atmosfera dolanýar.
Gaýtadan işleýän «zawod»
Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen her ýyl köp zat öndürilýär. Emma olaryň millionlarça tonna galyndysy ýok edilmeýär. Ýer şary bolsa öz galyndylaryny himiki hadysa esasynda çüýredip ýok edýär.
Siziň pikiriňizçe, şeýle täsin «zawod» nädip döredi? Ylmy we dini kitaplary ýazan alym Maýkl Koreý5 şeýle diýýär: «Ýeriň ekosistemasy öz-özünden dörän bolsa, tebigat şeýle sazlaşykly hereket edip bilmezdi». Siz onuň sözleri bilen ylalaşýarsyňyzmy?