Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

18-NJI BÖLÜM

Biz betbagtçylyga uçran dogan-uýalara nädip kömek edýäris?

Biz betbagtçylyga uçran dogan-uýalara nädip kömek edýäris?

Dominikan Respublikasy

Ýaponiýa

Gaiti

Ýehowanyň Şaýatlary tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalary goldamak üçin derrew guramaçylykly hereket edýärler. Şeýdip, biz biri-birimizi hakykatdan söýýändigimizi görkezýäris (Ýahýa 13:34, 35; 1 Ýahýa 3:17, 18). Biz bu kömegi nädip berýäris?

Maddy taýdan kömek edýäris. I asyrda Ýahudada güýçli açlyk bolanda, Antakiýadaky mesihçiler imandaşlaryna maddy taýdan kömek etdiler (Resullaryň işleri 11:27—30). Şu günlerem biz başga ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalaryň betbagtçylyga uçrandyklaryny eşidenimizde, ýerli ýygnak arkaly olara maddy taýdan goldaw berýäris (2 Korintoslylar 8:13—15).

Zähmet çekip kömek edýäris. Betbagtçylygyň bolan ýerlerindäki ýygnak ýaşululary dogan-uýalaryň ählisiniň aman-esendigini bilmek üçin, olary gözleýärler. Kömek berýän komitet betbagtçylyga uçran dogan-uýalaryň iýmit, arassa agyz suwy, egin-eşik we jaý bilen üpjün edilmeginiň hem-de olara lukmançylyk kömeginiň berilmeginiň aladasyny edýär. Jaýlary we Patyşalyk zallaryny dikeltmäge ukyply bolan dogan-uýalar meýletin zähmet çekmäge gelýärler. Olar ýol çykdajylaryny özleri töleýärler. Guramamyzdaky agzybirlik we eginme-egin işläp toplan tejribämiz, bize betbagtçylyk döwri gerekli kömegi bermäge ýardam edýär. Biz diňe bir imandaşlarymyza kömek etmek bilen çäklenmän, başga dine uýýan adamlary-da goldamaga çalyşýarys (Galatýalylar 6:10).

Duýgudaşlyk bildirýäris we ruhlandyrýarys. Tebigy betbagtçylyga uçran adamlar duýgudaşlyga mätäç bolýarlar. Şeýle ýagdaýda biz «bütin teselliler Hudaýy» bolan Ýehowadan güýç alýarys (2 Korintoslylar 1:3, 4). Biz adamlara Mukaddes Ýazgylardaky wadalary we Hudaýyň Patyşalygynyň ähli betbagtçylyklary tizden ýok etjekdigini şatlyk bilen gürrüň berýäris (Ylham 21:4).

  • Ýehowanyň Şaýatlary betbagtçylyga uçran adamlara nädip kömek edýärler?

  • Biz betbagtçylyga uçran adamlara nädip ruhy taýdan teselli berýäris?