Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

2-NJI BÖLÜM

Wepaly boluň

Wepaly boluň

«Hudaýyň goşanyny adam aýyrmasyn» (Markus 10:9).

Ýehowa bizden wepaly bolmagy talap edýär (Zebur 18:25). Bu, esasanam, maşgalada wajyp, sebäbi biwepalyk edilse, bir-biriňe ynamyň gaçýar. Bir-biriňize ynamyňyz bolsa, söýgiňiz has-da artar.

Şu günler maşgalalara howp abanýar. Maşgalaňyzy goramak üçin şu iki zady etmegi ýüregiňe düwmeli.

1 MAŞGALAŇYZY GYMMAT SAÝYŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Iň ýokary zatlara göz ýetiriň» (Filipililer 1:11). Durmuşda iň wajyp zatlaryň biri — maşgala, şol sebäpli ony başga zatlardan ileri tutmaly.

Ýehowa är-aýalyň bir-biri barada alada edip, «durmuşdan lezzet almagyny» isleýär (Wagyz kitaby 9:9). Hudaýyň aýtmagyna görä, siz ýanýoldaşyňyza hiç haçan biperwaý bolmaly däl. Gaýtam, ikiňiz-de birek-biregi bagtly etmäge çalyşmaly (1 Korintoslylar 10:24). Goý, ýanýoldaşyňyz özüni söýülýän, gerekli hem gadyrly duýsun.

MASLAHAT

  • Ýanýoldaşyňyz bilen yzygiderli wagt geçirip, aýratyn üns beriň

  • Özbaşdak däl-de, bile karara geliň

2 ÝÜREGIŇIZI GORAŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» (Matta 5:28). Eger kimdir biri ahlaksyz zatlaryň pikirini edýän bolsa, oňa ýanýoldaşyna biwepalyk edýär diýse bolar.

Ýehowa size «ýüregiňi goramagyň» wajypdygyny aýdýar (Süleýmanyň tymsallary 4:23; Ýermeýa 17:9). Bu maslahata eýermek üçin seredýän zatlaryňyza ünsli bolmaly (Matta 5:29, 30). Munuň üçin başga aýallara seretmezligi ýüregine düwen Eýýup pygamberden görelde alyň (Eýýup 31:1). Pornografiýany görmezligi ýüregiňize berk düwüň. Şeýle-de ýanýoldaşyňyzdan başga adam bilen ysnyşmakdan gaça duruň.

MASLAHAT

  • Ýanýoldaşyňyza wepalydygyňyza başgalar hem göz ýetirsin

  • Ýanýoldaşyňyzyň duýgularyny göz öňünde tutup, ony gynandyrýan islendik gatnaşyklary derrew bes ediň