Bu dünýäniň hökümdary kim?
Siziň pikiriňizçe...
-
Hudaýmy?
-
adamlarmy?
-
ýa-da başga biri?
MUKADDES KITAPDA NÄME DIÝILÝÄR?
«Bütin dünýä... Şeýtanyň gol astynda» (1 Ýahýa 5:19).
«Hudaýy siziň aýagyňyzyň astynda Şeýtany mynjyradar» (Rimliler 16:20).
SIZE NÄME PEÝDASY BAR?
Dünýädäki kynçylyklaryň sebäbine düşünersiňiz (Ylham 12:12).
Dünýäniň ýagdaýynyň gowulanjakdygyny bilersiňiz (1 Ýahýa 2:17).
MUKADDES KITABA YNANSA BOLÝARMY?
Hawa, munuň azyndan üç sebäbi bar:
-
Şeýtanyň hökümdarlygy ýok ediler. Ýehowa Hudaý Şeýtanyň hökümdarlygyny ýok etmek isleýär. Ol Iblisi ýok etmegi we onuň hökümdarlygynyň ýetiren ähli zyýanyny aýyrmagy wada berýär (Ýewreýler 2:14).
-
Hudaý Isa Mesihi dünýäniň hökümdary edip belledi. Isa bu dünýäniň zalym we diňe özüni bilýän hökümdarlaryndan düýbünden tapawutlanýar. Hudaý Isanyň hökümdarlygy babatda şeýle wada berýär: «Garyp-gasara rehim eder... zorluk-sütem den gutarar» (Zebur 72:13, 14).
-
Hudaý hiç haçan ýalan sözlemeýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaýyň ýalan sözlemegi mümkin däl» (Ýewreýler 6:18). Ýehowa Hudaý bir zady wada berse, hökman berjaý edýär! (Işaýa 55:10, 11). «Dünýäniň hökümdary kowup çykarylar» (Ýahýa 12:31).
OÝLANYP GÖRÜŇ
Şeýtanyň hökümdarlygy ýok edilse, ýer ýüzi nähili bolar?
Bu soraga şu aýatlar jogap berýär: ZEBUR 37:10, 11 we YLHAM 21:3, 4.