6-NJY BÖLÜM
Eýýup wepaly galýar
Şeýtan Eýýuby synasa-da, ol Ýehowa wepaly galýar
EGER adam rehimsiz synaga uçrasa we Hudaýa wepalylygy oňa hiç hili baýlyk bermeýän ýaly görünse, ol aýypsyz galyp bilermi? Şeýle sorag Eýýup pygamberiň döwründe ýüze çykdy we ol muňa jogap berdi.
Ysraýyllylar Müsürdekä, Ybraýymyň garyndaşy Eýýup häzirki Arabystan ýurdunda ýaşaýardy. Şol döwürde gökde perişdeler Hudaýyň huzurynda ýygnanyşdylar, olaryň arasynda pitneçi Şeýtan hem bardy. Şonda Ýehowa Hudaý gullukçysy Eýýup ýaly wepaly adamyň ýer ýüzünde ýokdugyny aýdýar. Emma Şeýtanyň aýtmagyna görä, Eýýup Hudaýyň oňa bereket berýändigi we goraýandygy üçin gulluk edýärmiş. Şeýle-de ol Eýýuby ähli zadyndan mahrum etseň, Hudaýy näletlejekdigini aýdýar.
Hudaý Şeýtana Eýýuby synamaga ýol berýär. Şeýtan ilki ony emläginden we çagalaryndan mahrum edýär; soňra saglygyna zyýan ýetirýär. Eýýup bu zatlary Şeýtanyň edeninden bihabardy. Şol sebäpli ol Hudaýyň näme üçin şeýle kynçylyklara ýol berýändigine düşünmeýär. Emma muňa garamazdan, Eýýup Hudaýdan ýüz öwürmedi.
Eýýubyň ýanyna üç sany ýalan dosty gelýär. Olaryň aýdan sözleri Mukaddes Ýazgylaryň Eýýup kitabynda ýazylan. Ýalan dostlarynyň aýtmagyna görä, Hudaý Eýýuby gizlinlikde eden günäleri üçin jezalaýarmyş. Olar hatda Hudaýa dil ýetirip, adamlar Oňa bil baglasa-da, Onuň parhsyz garaýandygyny aýdýarlar. Eýýup olaryň nädogry düşünjesi bilen ylalaşmady we ölýänçä wepaly galjakdygyny ynam bilen aýtdy.
Emma Eýýup özüni has köp aklap, ýalňyşlyk etdi. Elihu atly bir adam Eýýubyň we onuň ýalan dostlarynyň ähli sözlerini diňledi. Onuň ýaşy kiçi bolsa-da, ol Eýýuby ýazgardy, çünki Eýýup Ýehowa Hudaýyň häkimiýetini aklamagyň we minnetdarlyk bildirmegiň deregine, özüni aklamagy wajyp saýdy. Şeýle-de Elihu Eýýubyň ýalan dostlaryna berk käýedi.
Şondan soňra Ýehowa Hudaý Eýýubyň pikirini düzetmek üçin, onuň ünsüni ýaradan ajaýyp zatlaryna çekýär. Şonda Eýýup Hudaýyň adamdan juda beýikdigine göz ýetirýär. Eýýup ýalňyşandygyny kiçigöwünlilik bilen boýun alýar. Ýehowa Hudaý «köp şepagatly hem rehimdar» bolany üçin, Eýýuby sagaltdy we oňa öňküden iki esse köp baýlyk hem on çaga berdi (Ýakup 5:11). Eýýup agyr kynçylyklara garamazdan, Ýehowa Hudaýa wepaly galdy we Şeýtanyň «adam synaga uçranda, Hudaýa wepaly galmaz» diýen aýyplamasyna jogap berdi.
Eýýup kitabyna esaslanýar.