Ýakubyň haty 4:1—17
4 Siziň araňyzda näme üçin uruş we dawa-jenjel turýar? Ten* höwesleri sebäpli dälmi?+
2 Siz näçe arzuw etseňiz-de, arzuwyňyza ýetip bilmeýärsiňiz. Siz ýigrenýärsiňiz, göriplik edýärsiňiz, ýöne maksadyňyza ýetmeýärsiňiz. Siz sögüşip, bir-biriňiz bilen uruşýarsyňyz+. Alladan dilemeýändigiňiz üçin hiç zat alyp bilmeýärsiňiz.
3 Siz näçe dileseňiz-de, alyp bilmersiňiz, sebäbi ten höwesleriňizi kanagatlandyrjak bolup, ýaman niýet bilen dileýärsiňiz.
4 Eý biwepalar*, siz dünýä bilen dostlaşyp, Hudaýyň duşmany bolýandygyňyzy bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam Hudaýyň duşmany bolýar+.
5 Eýsem: «Içimizde mesgen tutan göriplik elmydama bir zatlar isleýär»+ diýen sözler ýöne ýere ýazyldymy?
6 Emma Hudaýyň ýagşylygy* has uludyr, sebäbi: «Hudaý tekepbirlere garşy çykýar+, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär»+ diýip ýazylgy.
7 Şeýlelikde, Hudaýa tabyn boluň+, Iblise garşy duruň+, şonda ol sizden gaçar+.
8 Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar+. Eý günäkärler+, elleriňizi arassalaň! Eý ikigöwünliler, ýürekleriňizi tämizläň!+
9 Gynanyň, hasrat çekiň we dady-perýat ediň+. Goý, siziň gülkiňiz hasrata, şatlygyňyz gam-gussa öwrülsin.
10 Ýehowanyň* öňünde pesgöwünli boluň+, şonda sizi beýgelder+.
11 Doganlar, indi biri-biriňizi ýamanlamaň+. Doganyny ýamanlaýan ýa-da ýazgarýan* adam kanuna garşy çykýandyr, kanuny ýazgarýandyr. Eger kanuny ýazgarýan bolsaňyz, kanuny berjaý edýän däl-de, kazy bolarsyňyz.
12 Emma ýeke-täk Kanun çykaryjy we Kazy bar+. Adamlary halas edýän-de, ýok edýän-de Oldur+. Eýsem ýakynyňy ýazgarar* ýaly sen kim?+
13 Siziň käbiriňiz: «Şu gün ýa ertir pylan şähere gidip, bir ýyllap söwda-satyk ederis, pul gazanarys» diýýärsiňiz+.
14 Emma siz ertir näme boljakdygyny bilmeýärsiňiz+, sebäbi siziň ýaşaýşyňyz ümür ýaly. Siz biraz wagtlyk peýda bolup, soňra ýitip gidýärsiňiz+.
15 Emma siz: «Ýehowa* halasa+, başymyz dik bolsa, ony ederis, muny ederis» diýmeli.
16 Siz bolsa öwnüp, tekepbirlik edýärsiňiz. Öwünjeňlik erbet zatdyr.
17 Şonuň üçin nämäniň dogrudygyny bilip-de, etmeýän adam günä edýändir+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Beden agzalaryňyzyň.
^ Sözme-söz: zynahorlar.
^ Ýa-da: höküm çykarýan.
^ Ýa-da: höküm eder.