1 Şamuwel 4:1—22

  • Äht sandygy piliştlileriň elinde (1—11)

  • Aly bilen ogullarynyň ölümi (12—22)

4  Şamuwel pygamber ysraýyl halkyna Hudaýyň habaryny ýetirýärdi. Biraz wagtdan ysraýyllar piliştlilere garşy söweşe çykdy. Ysraýyllar Ebenezeriň golaýynda, piliştliler bolsa Apekde düşelge gurdy.  Piliştliler nyzama düzülip, ysraýyllar bilen söweşdi. Söweş gandöküşikli bolup, ysraýyllar ýeňildi, 4 000-e golaý esger wepat boldy.  Esgerler düşelgä dolanyp gelende, ysraýyl ýaşululary: «Ýehowa näme üçin piliştlilerden ýeňilmegimize ýol berdikä?*+ Şilodan Ýehowanyň äht sandygyny alyp gaýdalyň+. Äht sandygy ýanymyzda bolsa, duşmanlary ýeňeris» diýişdiler.  Şeýdip, olar Şilo adam ugratdylar. Olar hem gidip, keruplaryň+ üstünde* tagtda oturan Serkerdebaşy Ýehowanyň äht sandygyny alyp gaýtdylar. Hak Hudaýyň äht sandygy getirilende, Alynyň iki ogly Hopny bilen Pinehas+ hem geldi.  Ýehowanyň äht sandygy düşelgä getirilen badyna, ysraýyllar begenjinden ýaňa şeýle bir gygyryşdylar welin, ýer sarsyp gitdi.  Piliştliler olaryň sesini eşidip: «Ýewreýleriň düşelgesindäki goh nämekä?» diýişdiler. Olar ysraýyllaryň düşelgesine Ýehowanyň äht sandygynyň getirilendigini eşidip  gorkdular. Olar öz aralarynda: «Ysraýyllaryň düşelgesine Hudaýyň özi gelipdir!+ Işimiz gaýtdy, öň beýle zat bolmandy!  Bagtymyz ýatdy! Haýbatly Hudaýyň elinden bizi kim halas eder? Ol çölde müsürlileri her hili bela-beter bilen heläklän Hudaý ahyryn!+  Eý piliştliler, batyrgaý hem mert boluň!+ Mertlerçe söweşiň! Ýogsam hyzmatkär ýewreýlere özüňiz gul bolarsyňyz» diýişdiler. 10  Olar ysraýyllar bilen söweşip, ýene-de ýeňiş gazandylar+. Ysraýyl esgerleri bolsa gaçdylar. Uruşda uly heläkçilik boldy, ysraýyllardan 30 000 pyýada esger wepat boldy. 11  Hudaýyň äht sandygy duşmanlaryň eline düşdi, Alynyň iki ogly Hopny bilen Pinehas hem öldürildi+. 12  Şol gün benýamin taýpasyndan bir adam söweş meýdanyndan gaçyp, Şilo geldi. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy+. 13  Şähere baranda, Aly ýoluň ugrunda oturgyçda gözüni ýola dikip otyrdy. Ol hak Hudaýyň äht sandygyny+ alada edýärdi, ýüregi bükgüldäp durdy. Ýaňky adam şähere girip, bolan zatlary halka gürrüň berdi. Şonda adamlar dady-perýat edip başlady. 14  Aly olaryň ahy-nalasyny eşidip: «Galmagal näme?» diýip sorady. Ýaňky adam ylgaşlap geldi-de, ähli zady gürrüň berdi. 15  Şol wagt Aly 98 ýaşyndady, gözi hem görmeýärdi+. 16  Ol adam Ala: «Men söweş meýdanyndan gelýärin. Şu gün gaçyp gaýtdym» diýdi. Şonda Aly: «Oglum, näme boldy?» diýip sorady. 17  Habar getiren adam: «Ysraýyllar piliştlilerden gaçdy, esgerleriň köpüsi gyryldy+. Iki ogluň Hopny bilen Pinehas hem öldi+. Hak Hudaýyň äht sandygy duşmanlaryň eline düşdi»+ diýdi. 18  Ol adam hak Hudaýyň äht sandygyny agzanda, Aly derwezäniň gapdalynda oturan ýerinden diň arkan gaýtdy. Ýaşy bir çene ýeten daýaw adam bolansoň, ýykylanda boýny omrulyp*, şol bada jan berdi. Aly Ysraýylda 40 ýyl kazylyk edipdi. 19  Şol wagt onuň gelni, ýagny Pinehasyň aýaly göwrelidi we aýy-güni dolupdy. Ol hak Hudaýyň äht sandygynyň elden gidendigini, gaýynatasy bilen äriniň ölendigini eşidende, iki bükülip, burgusy tutup başlady. Ol çagasyny dogrup, 20  demini sanap ýatyrka, ýanyndaky aýallar: «Gorkma, ogluň boldy!» diýdiler. Emma ol sesini çykarmady, ünsem bermedi. 21  Hak Hudaýyň äht sandygynyň elden gidendigi, gaýynatasy bilen äriniň hem ölendigi+ üçin: «Ysraýylyň şan-şöhraty elden gitdi»+ diýip, oglunyň adyna Eýhabut*+ dakdy. 22  Ol: «Ysraýylyň şan-şöhraty elden gitdi, sebäbi hak Hudaýyň äht sandygy duşmanlaryň eline düşdi»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme-söz: Ýehowa bizi näme üçin heläk etdikä?
Başga manysy: arasynda.
Ýa-da: döwlüp.
Manysy: Şan-şöhrat nirede?