Ikinji Korinfliler 2:1—17
2 Men ýanyňyza baranymda, sizi gynandyrmaýyn diýip köp oýlandym.
2 Eger sizi gynandyrsam, meni kim begendirsin?
3 Siz meni begendirip bilýärsiňiz, ýöne ýanyňyza baranymda gynandyrmazlygyňyz üçin hat ýazdym. Sebäbi meniň begenen zadyma siziň hem şatlanjakdygyňyza ynanýaryn.
4 Men şol hatymy köp gözýaş döküp, ýüregim ezilip ýazypdym. Haty sizi gynandyrmak üçin däl+, ýürekden söýýändigim üçin ýazypdym.
5 Meni gynandyran adam+ sizi-de gynandyrandyr. Ýöne men ol hakda köp gürrüň edip, sizi has-da gynandyrmak islemeýärin.
6 Şeýle adamy köpçüligiň ýazgarany ýeterlikdir.
7 Ol gaýgydan ýaňa göwnüçökgünlige düşmez ýaly+, ony ýürekden bagyşlaň we göwünlik beriň+.
8 Haýyş edýärin, şeýle adam söýgiňizi görsün+.
9 Onsoňam, şol hatymy siziň ähli zatda gulak asyşyňyzy görmek üçin ýazypdym.
10 Eger siz biriniň günäsini bagyşlasaňyz, men-de bagyşlaryn. Men ony bagyşlasam-da, siziň hatyraňyza bagyşlaýaryn, muňa Mesih hem şaýatdyr.
11 Şonda biz Şeýtanyň duzagyna düşmeris+, sebäbi onuň her dürli ýollar bilen duzaga salýandygyny bilýäris+.
12 Men Trowasa+ Mesih baradaky hoş habary wagyz etmäge baranymda, Halypamyzyň işini ýerine ýetirmek üçin gapy giňden açyldy.
13 Men Titus+ dogany tapyp bilmän alada etdim. Men ol ýerdäki doganlar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ýola düşdüm+.
14 Hudaýa şükür, ol bizi hemişe Mesih bilen dabaraly ýörişde ýöredýär, biz arkaly ähli ýerlere Özi hakdaky bilimi ýakymly ys kimin ýaýradýar.
15 Sebäbi biz Hudaý üçin Mesih hakdaky habary ýaýradýan ýakymly ys kimindiris. Şol ýakymly ys halas boljaklara-da, heläk boljaklara-da baryp ýetýär.
16 Ýakymly ys heläk boljaklara ölüm getirer+, halas boljaklara ýaşaýyş berer. Şeýle gulluga kim mynasyp?
17 Biz mynasyp, sebäbi köp adamlardan tapawutlykda, biz Hudaýyň sözi arkaly gazanç etmeýäris*+. Gaýtam Hudaýyň öňünde Mesihiň şägirtleri hökmünde ak ýürekden wagyz edýäris, sebäbi bizi Hudaýyň özi iberdi.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Hudaýyň sözüniň söwdagärleri däldiris; Hudaýyň sözüni girdeji almak üçin aýtmaýarys.