Ikinji Musa 11:1—10
11 Ýehowa Musa: «Faraona we müsürlilere ýene bir jeza bererin. Şondan soň faraon sizi goýberer+, öz eli bilen kowup çykarar+.
2 Ysraýyllara aýt, goý, olaryň hersi goňşy-golamyndan altyn-kümüş sorasyn»+ diýdi.
3 Ýehowa müsürlileri ysraýyllara hormat goýar ýaly etdi. Musa-da Müsürde faraonyň emeldarlarynyň we halkyň arasynda at-abraýa eýe boldy.
4 Soňra Musa faraona: «Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Ýarygijä golaý Müsüre aýlanyp çykaryn+.
5 Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogly öler+. Şa tagtynda oturan faraondan başlap, degirmen başynda oturan gyrnaga çenli hemmesiniň nowbahar ogly öler. Mallaryň-da ilkinji doglany heläk bolar+.
6 Tutuş Müsür halky dady-perýat eder. Beýle dady-perýat ne bolandyr, ne-de bolar+.
7 Emma ysraýyllara we mal-garasyna hiç zat bolmaz, olara hatda it hem üýrmez. Şonda Ýehowanyň ysraýyllary müsürlilerden aýry tutýandygyny bilersiňiz“+.
8 Ähli emeldarlaryň gelip, öňümde dyza çöker-de: „Halkyňy al-da, bärden git“+ diýerler. Şonda men giderin» diýdi. Musa sözüni tamamlap, gahar-gazap bilen faraonyň huzuryndan çykyp gaýtdy.
9 Ýehowa Musa: «Faraon size gulak asmaz+. Men bolsa Müsürde ýene-de gudrat görkezerin»+ diýdi.
10 Musa bilen Harun faraonyň öňünde ençeme gudratlary görkezdi+. Emma Ýehowa faraony doňýürek edeni üçin, ol ysraýyllary ýurtdan goýbermedi+.