Ikinji Musa 2:1—25

  • Musanyň dogluşy (1—4)

  • Faraonyň gyzy Musany ogullyga alýar (5—10)

  • Musa Midýan ýurduna gaçyp gidýär we Sefura öýlenýär (11—22)

  • Hudaý ysraýyllaryň nalyşyny eşidýär (23—25)

2  Şol wagtlar lewilerden biri öz taýpasyndan bir gyza öýlenipdi+.  Gelin göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol oglunyň enaýyjadygyny görüp, üç aý gizläp saklady+.  Çagasyny mundan artyk gizläp bilmejegine gözi ýetende+, gamyşdan* örülen sebedi* aldy-da, içine-daşyna gara şepbik* çaldy. Soňra ogluny sebede salyp, Nil derýasynyň gyrasynda ösýän gamyşlykda goýup gaýtdy.  Çaganyň gyz dogany+ bolsa, jigime näme bolarka diýip, uzakdan seredip durdy.  Şol wagt faraonyň gyzy Nil derýasyna suwa düşmäge geldi. Kenizleri derýanyň gyrasynda aýlanyp ýördi. Faraonyň gyzy gamyşlaryň arasynda duran sebedi gördi-de, hyzmatkär gyza ony getirtdi+.  Açyp görse, sebetde bäbek aglap ýatyr. Şa gyzy: «Wiý, ýewreý çagasy» diýdi, emma onuň bäbege ýüregi awady.  Çaganyň gyz dogany: «Bäbegi emdirip, sereder ýaly, ýewreý aýallaryň birini çagyraýynmy?» diýdi.  Faraonyň gyzy: «Bar, çagyr!» diýdi. Gyzjagaz gidip, ejesini alyp geldi+.  Şa gyzy oňa: «Şu çagany emdirip, seredip ber, hakyňy tölärin» diýdi. Ol hem çagany äkidip, emdirip ulaltdy. 10  Çaga ullakanja bolanda, ejesi ony faraonyň gyzynyň ýanyna eltdi. Şeýdip, çaga şa gyzynyň ogly boldy+. Faraonyň gyzy: «Men muny suwdan çykardym» diýip, adyna Musa* dakdy+. 11  Aý aýlanyp, ýyllar geçdi. Musa uly* adam bolup ýetişdi. Bir gün ol ýewreý doganlarynyň ýanyna baryp, olaryň agyr işden kösenýänini gördi+. Şonda Musa bir müsürliniň ýewreýi urup duranyny gördi. 12  Musa eýlesine-beýlesine seredip, golaýda hiç kimiň ýokdugyny bildi-de, ýaňky müsürlini öldürip, jesedini çägä gömdi+. 13  Ertesi Musa ýene ildeşleriniň ýanyna bardy. Görse, iki ýewreý urşup duran eken. Musa nähak ýere dawalaşýana: «Näme üçin doganyňy urýaň?» diýdi+. 14  Ol bolsa: «Kim seni üstümizden han ýa kazy edip goýdy? Ýa müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürjek bolýaňmy?» diýdi+. Şonda Musa içinden: «Müsürlini öldürenimi bilipdirler» diýip gorkdy. 15  Faraon bolan zatlary eşidip, Musany öldürjek boldy. Musa Midýan ýurduna+ gaçyp gitdi. Ol bir guýynyň başynda oturdy. 16  Midýan ruhanysynyň+ ýedi gyzy bardy. Olar kakasynyň mallaryny suwa ýakmak üçin guýudan suw çekip, nowalary doldurmaga geldiler. 17  Emma hemişeki ýaly, çopanlar gelip, olary kowdular. Şonda Musa gyzlaryň arkasyny alyp, mallary suwa ýakdy. 18  Gyzlar öýüne baranda, kakasy Reguwel*+ geň galyp: «Bu gün ir gelipsiňiz-le» diýdi. 19  Olar: «Bir müsürli+ bizi çopanlardan gorady, guýudan suw çekip, mallary suwa ýakdy» diýdiler. 20  Şonda Reguwel: «Hany ol? Näme üçin öýe çagyrmadyňyz? Baryň, çagyryň, çaý-çörek bereliň» diýdi. 21  Şeýdip, Musa ol adamyň öýünde galmaga razy boldy. Reguwel gyzy Sefurany+ Musa berdi. 22  Birnäçe wagtdan Sefura ogul dogurdy. Musa: «Ýat ýurtda sergezdan boldum»+ diýip, oglunyň adyna Gerşom*+ dakdy. 23  Ýyllar geçdi. Müsür faraony aradan çykdy+. Ysraýyllar bolsa gulçulykdan ýadap, dady-perýat edýärdi. Olaryň ahy-nalasy hak Hudaýa baryp ýetdi+. 24  Hudaý olaryň nalyşyny eşidip+, Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen baglaşan ähtini ýadyna saldy+. 25  Ol ysraýyllara nazar salyp, jebir-jepalaryny gördi.

Çykgytlar

Sözme-söz: papirusdan.
Ýa-da: sandygy; gutyny.
Ýa-da: bitum bilen mazut.
Manysy: Suwdan çykarylan.
Ýa-da: gujur-gaýratly.
Ýagny Şugaýyp.
Manysy: Ýat ýurtda sergezdan.