Ikinji Selanikliler 3:1—18
3 Doganlar, biziň üçin hemişe doga ediň+. Şonda Ýehowanyň* sözi çalt ýaýrar+, başga adamlar hem ony siziň ýaly hormat bilen kabul ederler.
2 Hudaý bizi zalym we erbet adamlardan halas eder ýaly+ hem doga ediň, sebäbi ähli adamlar Hudaýa iman etmeýär+.
3 Emma Halypamyz wepalydyr, ol sizi berkider we Şeýtandan* gorar.
4 Şeýle-de Halypamyzyň şägirtleri hökmünde berýän görkezmelerimize eýerýändigiňize we eýerjekdigiňize ynanýarys.
5 Goý, Halypamyz size Hudaýy söýmäge kömek etsin+ we Mesihiň yzyna eýermek üçin çydamlylyk bersin+.
6 Doganlar, indi bolsa Halypamyz Isa Mesihiň adyndan size şuny tabşyrýarys: tertip-düzgüne+ we size* beren görkezmelerimize eýermeýän dogandan uzakda duruň+.
7 Bizden nähili görelde almalydygyňyzy bilýänsiňiz+, sebäbi siziň ýanyňyzda tertip-düzgüni bozmandyk,
8 hiç kimiň çöregini mugt iýmändik+, hiç biriňize ýük bolmajak bolup, gije-gündiz der döküp zähmet çekipdik+.
9 Biziň ygtyýarymyz bolsa-da, ondan peýdalanmadyk+, gaýtam size görelde bolduk+.
10 Size: «Kim zähmet çekmek islemese, çörek hem iýmesin»+ diýýärdik.
11 Biz käbirleriniň işlemän, tertip-düzgüne eýermeýändigini eşitdik+. Olar başgalaryň işine goşulýarlar+.
12 Biz şeýle adamlara öz işleri bilen bolup, öz gazanan çöregini iýmegi Halypamyz Isa Mesihiň adyndan tabşyrypdyk+.
13 Doganlar, siz hem öz gezegiňizde ýagşylyk etmekden ýadamaň.
14 Eger biri şu hatymyzda ýazan zatlarymyza gulak asmasa, şeýle adamy bellige alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň+.
15 Ýöne ony duşman saýmaň, dogan hökmünde hemişe maslahat beriň+.
16 Goý, Halypamyz ähli ýagdaýda parahatlyk bersin!+ Goý, Halypamyz siziň bilen bolsun!
17 Men Pawlus, size salam aýdýaryn, muny öz elim bilen ýazdym+. Men ähli hatymy şeýdip tassyklaýaryn.
18 Halypamyz Isa Mesih ýagşylyk etsin!