Eýýup 12:1—25

  • Eýýup söze başlaýar (1—25)

    • «Sizden kem däldirin» (3)

    • Men gülki boldum (4)

    • «Akyl⁠-⁠paýhas Hudaýdadyr» (13)

    • Hudaý kazylardan, patyşalardan beýikdir (17, 18)

12  Eýýup söze başlady:   «Siz örän akyldar adam,Siz ölseňiz, akyldarlyk hem siziň bilen öler!   Menem paýhasly adamdyryn, Sizden kem däldirin. Siziň bilýäniňizi bilmeýän barmy?   Jogap gözläp, Hudaýy çagyrdym+,Şonuň üçin dostlaryma gülki boldum+. Dogruçyl, Hudaýa wepaly* bolsam⁠-⁠da, ýaňsylandym.   Dertsiz adam başyna dert gelmez öýdýär.Ol: „Dert ejizler üçin“ diýýär.   Talaňçylar çadyrynda asuda ýaşaýarlar+,Hudaýyň gaharyny getirýänler,Taňrylaryny elinde göterýänler sag⁠-⁠aman ýaşaýarlar+.   Indi haýwanlardan soraň, olar öwrederler;Guşlardan soraň, olar size gürrüň bererler.   Ýer ýüzüne syn ediň*, size öwrederler;Deňiz balyklary hakykaty aýdar.   Olaryň haýsy biri ähli zadyÝehowanyň ýaradandygyny bilmeýär? 10  Her bir jandaryň jany,Her bir ynsanyň ýaşaýyş demi Allanyň elinde+. 11  Diliň tagamy bilşi ýaly,Gulak hem sözleri seljerýär+. 12  Akyldarlyk garrylarda dälmi?+Düşünje uzak ömürde dälmi? 13  Akyl⁠-⁠paýhas, güýç⁠-⁠kuwwat Hudaýdadyr+,Öwüt⁠-⁠ündew, düşünje⁠-⁠de Ondadyr+. 14  Onuň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez+,Onuň ýapanyny hiç kim açyp bilmez. 15  Suwa böwet goýýar, toprak guraýar+,Suwuň böwedini açýar, ýer ýüzüni sil alýar+. 16  Gudrat⁠-⁠da, akyldarlyk⁠-⁠da Hudaýdadyr+,Aldan⁠-⁠da, aldanan⁠-⁠da onuň elindedir. 17  Ol geňeşdarlary aýakýalaňaç goýýar*,Kazylaryň akylyny çaşyrýar+. 18  Patyşalaryň ygtyýaryny elinden alýar+,Olary gul edýär. 19  Ol ruhanylary masgara edýär+,Tagtda berk oturanlary agdarýar+. 20  Geňeşdarlary dymdyrýar,Ýaşulularyň akylyny çaşyrýar. 21  Ol töreleri kemsidýär+,Pälwanlaryň güýjüni alýar. 22  Garaňkylykdaky gizlin zatlary açýar+,Tümlügiň jümmüşine nur saçýar. 23  Halklary ýok etmek üçin güýçlendirýär,Milletleri sürgün etmek üçin köpeldýär. 24  Halkyň baştutanlaryny düşünjesiz edýär,Olary çöl⁠-⁠beýewanda sergezdan edýär+. 25  Garaňkylykda sermenip+,Olar serhoş kimin entirekleýär+.

Çykgytlar

Ýa-da: aýypsyz.
Başga manysy: Ýer bilen gepleşiň.
Ýa-da: maslahatçylaryň egin-eşigini sypyrýar.