Matta 14:1—36

  • Ýahýanyň kellesi kesilýär (1—12)

  • Isa 5 000 adamy doýurýar (13—21)

  • Isa suwuň ýüzünden ýöreýär (22—33)

  • Genesaretdäki syrkawlar sagalýar (34—36)

14  Şol wagtlar Jelile welaýatynyň häkimi* Hirodesdi. Ol hem Isa hakda eşitdi+.  Hirodes hyzmatkärlerine: «Ol suwa çümdürýän Ýahýa bolmaly. Ýahýa direlipdir, şonuň üçin şeýle gudratlar edip bilýär»+ diýdi.  Hirodes* aýaly Hirodiýa sebäpli Ýahýany tussag edipdi we zynjyra baglap, türmä basypdy. Hirodiýa öň Hirodesiň dogany Filipusyň aýalydy+.  Ýahýa Hirodese: «Sen Hirodiýa öýlenip, kanuny bozýarsyň»+ diýerdi.  Hirodes ony öldürmek isleýärdi, ýöne halkdan çekinýärdi, sebäbi Ýahýany pygamber hasaplaýardylar+.  Bir gezek Hirodesiň doglan gününde+ Hirodiýanyň gyzy myhmanlaryň öňünde tans edip, Hirodesiň göwnünden turdy+.  Şonda Hirodes gyza islän zadyňy bererin diýip ant içdi.  Gyz bolsa ejesiniň gepine gidip: «Suwa çümdürýän Ýahýanyň kellesini tabakda getirip ber»+ diýdi.  Patyşa gynansa-da, myhmanlaryň öňünde beren sözünde durjak bolup, Ýahýanyň kellesini kesip, gyza bermegi buýurdy. 10  Ol türmä adam iberip, Ýahýanyň kellesini kesdirdi. 11  Ýahýanyň kellesini tabaga salyp, gyza getirip berdiler. Gyz hem ony ejesine eltip berdi. 12  Biraz wagtdan Ýahýanyň şägirtleri gelip, jesedini alyp gitdiler. Olar Ýahýany jaýlap, bolan zatlary Isa gürrüň berdiler. 13  Şonda Isa gaýyga münüp, bir çola ýere gitdi. Muny bilip, dürli şäherlerden adamlar Isanyň yzyndan gitdiler+. 14  Isa kenara çykyp, uly märekäni görende, olara haýpy gelip+, syrkawlary sagaltdy+. 15  Agşam düşende, şägirtleri: «Bäri çola, wagtam giç boldy. Goý, märeke obalara gidip, iýere zat satyn alsyn»+ diýdiler. 16  Emma Isa: «Olara gitmegiň geregi ýok. Iýere zady siz beriň» diýdi. 17  Şägirtleri bolsa: «Bizde bäş çörek bilen iki balykdan başga zat ýok» diýdiler. 18  Isa: «Çörekleri we balyklary getiriň» diýdi. 19  Isa märekäni otuň üstünde oturtdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi*+. Soňra çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýlady. 20  Adamlar iýip doýdular. Galan çörekleri ýygnadylar welin, 12 sebet doldy+. 21  Aýallary we çagalary hasaba almasaň, iýenleriň sany 5 000 adam töweregidi+. 22  Soňra Isa şägirtlerine derrew gaýyga münüp, beýleki kenara geçmegi tabşyrdy. Özi bolsa galyp, märekäni ugratdy+. 23  Isa märekäni ugradyp, ýekelikde doga etmek üçin daga çykdy+. Ol garaňky düşýänçä ýeke özi boldy. 24  Onýança gaýyk kenardan ýüzlerçe metr uzaklaşdy. Ýel gaýyga garşy öwüsýärdi, şol sebäpli küreklemek kyndy. 25  Gijäniň dördünji nobatynda* Isa suwuň ýüzünden ýöräp, şägirtleriniň ýanyna gitdi. 26  Olar suwuň ýüzünden biriniň ýöräp gelýänini görüp, gorkudan ýaňa: «Bu ne alamat!» diýip gygyryşdylar. 27  Şonda Isa: «Gorkmaň! Bu men, batyr boluň!»+ diýdi. 28  Petrus: «Halypam, dogrudanam, sen bolsaň, suwuň ýüzünden ýöräp, ýanyňa barmaga rugsat ber» diýdi. 29  Isa-da: «Gel!» diýdi. Petrus gaýykdan düşdi-de, suwuň ýüzünden ýöräp, Isa tarap gitdi. 30  Emma Petrus güýçli tolkunlara seredip gorkdy. Ol gark bolup başlanda: «Halypam, meni halas et!» diýip gygyrdy. 31  Isa derrew elini uzadyp tutdy-da: «Eý imany az adam, näme üçin şübhelendiň?»+ diýdi. 32  Olar gaýyga münen badyna, ýel ýatdy. 33  Şonda şägirtleri tagzym edip: «Dogrudan-da, sen Hudaýyň Ogly» diýişdiler. 34  Soňra olar deňziň beýleki tarapyna geçip, Genesarete bardylar+. 35  Adamlar Isany tanap, daş-töwerekdäki obalara we şäherlere habar berdiler. Olar hem ähli syrkawlary ýanyna getirdiler. 36  Olar Isanyň donunyň etegine elini degirmäge rugsat sorap ýalbardylar+. Elini degrenleriň hemmesi doly sagalýardy.

Çykgytlar

Sözme-söz: tetrarhy.
Ýagny Hirodes Antipas. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: pata berdi.
Takmynan daňdan sagat 3:00-dan 6:00-a çenli aralyk.