Nakyllar 11:1—31

  • Akyldarlyk pespäller bilendir (2)

  • Hudaýsyz adam goňşusyny heläk edýär (9)

  • Maslahatçy köp bolsa, üstünlik gazanylar (14)

  • Jomardyň döwleti artar (25)

  • Baýlygyna daýanýan ýykylar (28)

11  Ýehowa kem çekýän terezini ýigrenýär,Dogry terezi daşyndan razydyr+.   Tekepbirlik masgara edýändir+,Akyldarlyk bolsa pespäller bilendir+.   Dogruçyl adam wepaly* bolup ýaşaýar+,Dönükler içigaraçylygyndan heläk bolar+.   Gazap gününde baýlygyň peýdasy bolmaz+,Dogruçyllyk ölüm penjesinden halas eder+.   Hudaýa wepaly* adam halal ýaşap ýollaryny tekizlär,Zalym erbetliginden heläk bolar+.   Halal adamyň dogruçyllygy janyny halas eder+,Dönük adam nebsiniň duzagyna düşer+.   Erbet adam ölende, umydy öçer,Güýjüne daýanyp eden arzuwy puja çykar+.   Dogruçyl adam betbagtçylykdan gutular,Onuň ýerine erbet adam tutular+.   Hudaýsyz* adam dili bilen goňşusyny heläk edýär,Dogruçyl adam bilimi bilen halas bolýar+. 10  Dogruçylyň ýagşylygy il⁠-⁠güni begendirer,Erbet ölende bütin halk toý tutar+. 11  Dogruçylyň alýan berekedi şäheri gülledýär+,Erbediň dili bolsa şäheri çökerýär+. 12  Akylsyz adam goňşusyny kemsidýär,Parasatly* adam dilini saklaýar+. 13  Gybatçy* syry paş edýär+,Ynamdar adam syr saklaýar. 14  Paýhasly maslahat berilmese*, halk kösener,Maslahatçy köp bolsa, üstünlik gazanylar*+. 15  Ýat adamyň karzyny boýun alan zyýan çeker+,Söz bermäge* howlukmaýan adam arkaýyn ýaşar. 16  Mylaýym zenan at⁠-⁠abraý gazanýar+,Rehimsiz adam baýlyk toplaýar. 17  Mähirli* adam haýyr tapar+,Gödek adam öz başyny bela sokar+. 18  Erbet adam haram gazanç edýär+,Halal ýaşaýan adam sylag alýar+. 19  Adalatyň tarapyny tutan ýaşaýyş ýolundadyr+,Zalymlygy küýseýän ölüm ýodasyndadyr. 20  Ýehowa mekir* adamy ýigrenýär+,Wepaly* ynsany görüp begenýär+. 21  Bilip goý, zalym adam jezasyz galmaz+,Dogruçylyň perzentleri aman ýaşar. 22  Owadan, ýöne akylsyz aýal,Doňzuň burnuna dakylan altyn halka ýalydyr. 23  Dogruçylyň dilegi ýerine düşer+,Erbediň umydy Hudaýyň gaharyny getirer. 24  Jomart adamyň berekedi artar+,Gysganç adam garyp düşer+. 25  Jomardyň döwleti artar+,Suw berene suw berler+. 26  Gallasyny satman, basyp goýýany halk näletlär,Arpa⁠-⁠bugdaý satýana il⁠-⁠gün alkyş aýdar. 27  Bar güýji bilen ýagşylyk edýän bereket alar+,Ýamanlygyň küýüne düşeniň maňlaýy daşa deger+. 28  Baýlygyna daýanýan ýykylar+,Dogruçyl adam al⁠-⁠ýaşyl öwüsýän bag ýaly bolar+. 29  Maşgalasyny utanja goýýanyň mirasy bolmaz*+,Akmak adam akyllynyň guly bolar. 30  Dogruçylyň işleri ýaşaýyş daragtydyr+.Halal ýaşamagy ündeýän adam paýhaslydyr+. 31  Dogruçyl adama temmi berilýän bolsa,Erbet bilen günäkär adam jezasyz galarmy?+

Çykgytlar

Ýa-da: aýypsyz.
Ýa-da: Aýypsyz.
Sözme-söz: Imandan dänen.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Ýa-da: Töhmetçi.
Ýa-da: Tejribeli adamyň öwüt-nesihaty bolmasa.
Ýa-da: halk halas bolar.
Ýa-da: Ylalaşyk baglaşmak üçin el gysmaga.
Ýa-da: Wepaly söýgini bildirýän.
Sözme-söz: egri ýürekli.
Ýa-da: Aýypsyz.
Sözme-söz: mirasy şemal bolar.