Nakyllar 7:1—27

  • Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et we uzak ýaşa (1—5)

  • Tejribesiz ýaş oglan aldanýar (6—27)

    • «Soýulmaga äkidilýän öküz» (22)

7  Oglum, sözüme gulak as,Tabşyryklarymyň gadyryny bil+.   Tabşyryklarymy berjaý edip, uzak ýaşa+.Öwüt⁠-⁠ündewimi* gözüň göreji deý gora.   Olary barmaklaryňa daň,Ýüregiňe ýaz+.   Akyldarlyga: «Gyz doganym» diý. Düşünjä: «Garyndaşym» diý.   Olar seni azgyn* aýaldan+,Süýji dilli ahlaksyz* aýaldan gorar+.   Öýümiň aýnasyndan,Penjiresinden daşary seretdim.   Men tejribesiz* ýaşlara syn etdim.Olaryň arasynda bir akmak ýigidi gördüm+.   Ýigit aýalyň öýüne golaý çatryga bardy.Aýalyň öýüne tarap howlugyp gitdi.   Gün ýaşypdy, garaňky gatlyşypdy+,Agşamarady, gije düşüpdi. 10  Seretsem, ahlaksyz ýaly geýnen+, garaýürekli aýal,Ýigidiň öňünden çykdy. 11  Ol galmagalçydyr, özdiýenlidir+, Öýünde oturýan däldir. 12  Bir görseň köçede, bir görseň meýdançadadyr*,Her burçda peýläp durandyr+. 13  Aýal ýigidi gujaklap öpdi.Utanç⁠-⁠haýany unudyp şeýle diýdi: 14  «Parahatlyk gurbanlyklaryny berdim+, Wadalarymy berjaý etdim. 15  Seni garşylamaga çykdym,Gözläp⁠-⁠gözläp ahyry tapdym. 16  Düşegime owadan reňkli,Müsüriň zygyr* matasyny ýazdym+, 17  Düşegime mür*, aloe we dalçyn sepdim+. 18  Gel, ertire çenli söýgüden serhoş bolaly,Birek⁠-⁠biregiň mährinden doýaly. 19  Ärim öýde ýok,Uzak ýurda gitdi. 20  Pul torbasyny hem alyp gitdi,Ol aýyň on dördüne çenli* gelmez». 21  Aýal mekirlik bilen ýigidi yrdy+, Süýji dili bilen gözüni⁠-⁠başyny aýlady. 22  Soýulmaga äkidilýän öküz kimin,Gandala salnan däli kimin,Ýigit şol bada yzyna düşdi+. 23  Bagryndan peýkam geçer,Jany alnar.Ýigit duzaga düşjek guş kimin mundan habarsyzdy+. 24  Oglum, sözlerimi diňle,Nesihatlaryma gulak as. 25  Ýüregiň ahlaksyz aýalyň ýollaryny küýsemesin, Azaşyp, ýodalaryna aýak basaýma+. 26  Ol köp adamlaryň janyny alandyr+,Birgiden adamy gyrandyr+. 27  Onuň öýi mazardyr*,Merhumlaryň mekanydyr.

Çykgytlar

Ýa-da: Kanunymy; görkezmämi.
Sözme-söz: ýat. Nak 2:16-a serediň.
Sözme-söz: gelmişek. Nak 2:16-a serediň.
Ýa-da: sada; ynanjaň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Aý dolýança.
Sözlüge serediň.