Nakyllar 9:1—18
9 Akyldarlyk* jaý saldy,Ýedi sütünini dikdi.
2 Mallaryny soýdy,Güýçli şerap ýasady,Saçagyny näz-nygmatdan doldurdy.
3 Kenizlerini ýollap,Şäher diňlerinde jar çekdirdi+:
4 «Eý tejribesizler*, bärik geliň!»
Akyldarlyk düşünjesizlere şeýle diýýär:
5 «Geliň, saçak başyna geçiň,Güýçli şerapdan içiň.
6 Indi sadalygy* goýup, uzak ýaşaň+.Düşünje ýoluna gadam basyň»+.
7 Ýaňsylaýja öwüt berseň, utanja galarsyň+,Erbede nesihat berseň, zyýan çekersiň.
8 Ýaňsylaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener+.
Akylly adama käýe, seni gowy görer+.
9 Akylly adama öwüt-ündew ber, has-da akylly bolar+.
Dogruçyl adama öwret, düşünjesi artar.
10 Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr+.Mukaddes Hudaýyň bilimi düşünje berýär+.
11 Akyldar bolsaň, uzak ýaşarsyň+,Uzak ömür sürersiň.
12 Akyldar bolsaň, özüň peýda taparsyň,Ýaňsylaýjy bolsaň, özüň zyýan çekersiň.
13 Akylsyz aýal galmagalçydyr+,
Bilýän zady ýokdur.
14 Ol gapysynyň bosagasynda oturýar,Öýi şäheriň belent ýerinde gurlandyr+.
15 Geçip barýan adamlara,Öz ýoly bilen barýanlara diýýär:
16 «Eý tejribesizler*, bärik geliň!»
Ol düşünjesizlere şeýle diýýär+:
17 «Ogurlanan suw süýjüdir,Gizlinlikde iýlen nahar bal ýalydyr»+.
18 Aýalyň öýi merhumlaryň mekanydyr,Myhmanlary mazara* inýär+,Olar mundan bihabardyr.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Hakyky akyldarlyk.
^ Ýa-da: sadalar; ynanjaňlar.
^ Ýa-da: tejribesizligi; ynanjaňlygy.
^ Ýa-da: sadalar; ynanjaňlar.