Rimliler 13:1—14

  • Häkimiýetlere tabyn bolmak (1—7)

    • Salgyt tölemek (6, 7)

  • Söýgi kanuny berjaý etmegi talap edýär (8—10)

  • Ýagtylykda gezmek (11—14)

13  Her bir adam ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly+, sebäbi Hudaýdan birugsat häkimiýet ýokdur+, olaryň höküm sürmegine Hudaý rugsat berendir+.  Diýmek, häkimiýete garşy çyksak, Hudaýyň goýan tertip-düzgünine garşy çykýarys. Şeýle adamlara Hudaý höküm çykarar.  Ýokary häkimiýetlerden gowy iş edýänler däl, erbet iş edýänler gorkmaly+. Eger olardan gorkmak islemeýän bolsaňyz, ýagşy işleri ediň+. Şonda häkimiýetler sizi öwer.  Olar Hudaýyň guly bolup, siziň bähbidiňiz üçin hyzmat edýärler. Erbetlik etseňiz, olardan gorkuň, sebäbi olaryň nädogry iş edene jeza bermäge ygtyýary bardyr. Olar Hudaýyň guludyr, erbet iş edýänlere jeza bermek üçin bellenendir.  Siz häkimiýetlere diňe bir temmiden gaçmak üçin däl, ynsabyňyzy päk saklamak üçin tabyn bolmaly+.  Olar Hudaýyň guly hökmünde hemişe halka hyzmat edýärler. Şonuň üçin hem siz salgyt töleýärsiňiz.  Her kime bermelisini beriň: salgyt ýygnaýana salgyt+, gümrük alýana gümrük beriň; gorkmaly adamdan gorkuň+, hormat goýmala hormat goýuň+.  Siz bir-biriňizi söýmekden başga hiç zatda bergili bolmaň+. Sebäbi ýakynyny söýýän adam kanuny berjaý edýändir+.  «Zyna etme+, adam öldürme+, ogurlyk etme+, iliň zadyna göz gyzdyrma»+ diýen tabşyryklar bar. Şu we beýleki tabşyryklaryň ählisi «ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý»+ diýen tabşyryga esaslanýar. 10  Söýýän adam ýakynyna ýamanlyk edýän däldir+, sebäbi kanun söýmegi talap edýändir+. 11  Şonuň üçin berlen tabşyryklary berjaý ediň. Sebäbi ukudan oýanmaly+ sagadyň eýýäm gelendigini bilýänsiňiz. Iman eden döwrümize garanda, häzir halas bolmaly wagtymyz has golaýdyr. 12  Gije geçip, gündiz ýetip gelýär. Şonuň üçin tümlükde edilýän işlerden el çekip+, ýagtylygyň ýaraglaryny dakynyň+. 13  Geliň, edepli bolup+, gündiziň günündäki ýaly ýöräliň! Biz keýpi-sapaly oturyşyklardan, serhoşlykdan, ahlaksyzlykdan, haýasyzlykdan*+, dawa-jenjelden we göriplikden gaça durmaly+. 14  Halypamyz Isa Mesihiň göreldesine eýereliň+ we ten höweslerini kanagatlandyrmak hakda pikir etmäliň+.

Çykgytlar

Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.