Titus 2:1—15

  • Sagdyn düşünjeli boluň (1—15)

    • Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan ýüz öwrüň (12)

    • Ýagşy işleri yhlasly ýerine ýetirmek (14)

2  Sen bolsa hemişe sagdyn* taglymata görä öwret+.  Ýaşuly* adamlar ähli zatda çägini bilýän, agras*, sagdyn düşünjeli bolmaly. Olaryň imany berk, söýgüsi güýçli we çydamly bolmaly.  Ýaşy uly aýallar hem sylaşykly bolsunlar. Olar gep-gybat etmesinler, köp şerap içmesinler we ýagşy zatlary öwretsinler.  Şonda olar gelin-gyzlara ärini we çagalaryny söýmegi maslahat berip* bilerler.  Şeýle-de olar sagdyn düşünjeli, päk, öý işlerini gowy edýän, edepli we ärine tabyn bolmaly+. Şonda Hudaýyň sözüne dil ýetirilmez.  Ýaş doganlary hem sagdyn düşünjeli bolmaga höweslendirip dur+.  Özüň hem ähli ýagdaýlarda ýagşy işleri edip, görelde görkez. Päk zatlary* yhlasly öwret+.  Hiç kim seni tankytlamaz ýaly, peýdaly* zatlary gürrüň ber+. Şonda garşy çykýan adamlar utanyp, bizi ýamanlap bilmezler+.  Gullar hojaýyna ähli zatda tabyn bolup+, göwnünden turjak bolsunlar we dil gaýtarmasynlar. 10  Hojaýynyň zadyny ogurlaman+, ynamdardygyny subut etsinler. Şeýdip, ähli zatda Halasgär Hudaýymyzyň taglymatyna şöhrat getirerler*+. 11  Hudaý ähli adamlara halas bolmaga ýol açyp, ýagşylygyny mälim etdi+. 12  Hudaýyň ýagşylygy islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmegi öwredýär+. Şeýle-de şu dünýäde* sagdyn düşünjeli bolup, dogruçyl ýaşamagy we Hudaýa wepaly bolmagy öwredýär+. 13  Häzir bolsa ajaýyp umyda+ ýetmäge we Gudratygüýçli Hudaýyň hem-de Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat bilen äşgär bolmagyna sabyrly garaşalyň. 14  Mesih biziň üçin janyny gurban berip*+, erbet işleriň gulçulygyndan azat etdi+. Ol bizi eziz halky edip saýlady we ýagşy işlere yhlasly etmek üçin arassalady+. 15  Şulary öwredip dur, saňa öwüt-nesihat bermäge* we käýemäge doly ygtyýar berildi+. Goý, hiç kim saňa göwnüýetmezçilik etmesin.

Çykgytlar

Ýa-da: peýdaly.
Ýa-da: Ýaşy uly.
Ýa-da: işine jogapkärli.
Ýa-da: öwredip.
Başga manysy: Päk niýet bilen.
Ýa-da: sagdyn.
Sözme-söz: taglymatyny bezärler.
Ýa-da: döwürde. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: töleg töläp.
Ýa-da: höweslendirmäge.