Zebur 130:1—8
Zyýarat aýdymy*.
130 Ýehowa, seni umytsyzlyk ummanyndan çagyrdym+.
2 Eý Ýehowa, ahy-nalamy eşit,
Dady-perýadymy diňle.
3 Ýah*, sen günämizi sanan bolsadyň,Huzuryňda kim durup bilerdi, eý Ýehowa?+
4 Sen örän geçirimli+,Şonuň üçin adamlar saňa çuňňur hormat goýýarlar*+.
5 Men Ýehowa umyt baglaýaryn,Bütin ýüregim bilen oňa umyt edýärin,Beren wadasyna garaşýaryn.
6 Daň ataryna howlugýan garawullardan beter,Daň ataryna garaşýan garawullardan beter+,Men sabyrsyzlyk bilen Ýehowa garaşýaryn+.
7 Ysraýyl hem Ýehowa garaşsyn,Sebäbi Ýehowanyň söýgüsi hiç haçan sowaýan däldir+,Halasgärimiz güýç-kuwwatlydyr.
8 Ol ysraýylyň ähli günäsini geçer.