Zebur 139:1—24

  • Hudaý gullaryny gowy tanaýar

    • Hudaýyň ruhundan gizlenip bolmaz (7)

    • «Şeýle täsin ýaradylypdyryn» (14)

    • «Düwünçekkäm, meni görüpdiň» (16)

    • «Meni ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöret» (24)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 139  Eý Ýehowa, meni doly barladyň, tanadyň+.   Meniň haçan oturyp, haçan turanymy görýärsiň+, Pikirlerimi uzakdan bilýärsiň+.   Ýöränimde, ýatanymda meni synlaýarsyň,Ähli ýollarymy bilýärsiň+.   Eý Ýehowa, agzymdan söz çykmanka,Näme diýjegimi bilýärsiň+.   Sen meniň çar tarapymy goraýarsyň,Eliňi başyma goýýarsyň.   Sen meni şeýle gowy tanaýarsyň welin, Men haýran galyp, akylyma sygdyryp bilemok+.   Seniň ruhuňdan nirä gaçyp gideýin?Seniň nazaryňdan gaçyp nirede gizleneýin?+   Göge galsam, sen ol ýerdesiň,Mazara* insem, meni şonda⁠-⁠da taparsyň+.   Säheriň ganatlarynda uçup,Uzak adalarda mesgen tutsam⁠-⁠da, 10  Şol ýerde⁠-⁠de eliň bilen ýol görkezersiň,Sag eliň bilen ýardam berersiň+. 11  Men: «Tümlükde gizlensedim!» diýenimde, Garaňkylyk ýagtylyga öwrülýär. 12  Tümlük seniň üçin garaňky bolmaz,Gije⁠-⁠de gündiziň güni ýaly ýagty bolar+.Tümlük seniň üçin ýagtylyk kimindir+. 13  Sen böwreklerimi ýaratdyň,Ejemiň garnynda daşyma perde örtdüň*+. 14  Men şeýle täsin ýaradylypdyryn welin+, Muňa haýran galyp, saňa alkyş aýdýaryn.Seniň işleriň ajaýypdyr+,Janym muny gowy bilýär. 15  Gizlin ýerde emele gelenimde,Ejemiň garnynda şekil bereniňde*,Süňklerim senden gizlin däldi+. 16  Ejemiň içinde düwünçekkäm, meni görüpdiň.Beden agzalarym peýda bolmanka,Olaryň ählisi hakda,Emele geljek günleri barada seniň kitabyňda ýazylandyr. 17  Seniň pikirleriňi gowy görýärin. Eý Alla, olaryň san⁠-⁠sajagy ýokdur+. 18  Olary sanasam, deňiz çägesinden hem köpdür+. Men ukudan oýanyp, ýene⁠-⁠de sen hakda oýlanaryn*+. 19  Eý Hudaý, zalymlary ýok etsediň!+ Şonda olar maňa zyýan ýetirip bilmezdi, 20  Päliýaman saňa dil ýetirmezdi,Duşmanlaryň seniň adyňy biderek ýere çagyrmazdy+. 21  Eý Ýehowa, seni ýigrenýänleri menem ýigrenýärin+,Saňa baş galdyranlar ýigrenjidir+. 22  Olary ganym duşmanym hasaplaýaryn,Men olary ýigrenýärin+. 23  Eý Hudaý, meni barla⁠-⁠da, ýüregimi gör+. Meni syna⁠-⁠da, gaýgy⁠-⁠aladamy bil+. 24  Meni barla, pikirlerim erbet bolaýmasyn+,Meni ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöret+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Başga manysy: Ejemiň garnynda meni dokadyň.
Sözme-söz: Ýeriň çuň ýerlerinde dokalanymda.
Başga manysy: ýene-de sanamagymy dowam edýärin.