Zebur 97:1—12
97 Ýehowa Patyşa boldy!+
Goý, ýer ýüzi şatlansyn+,
Ähli adalar begensin!+
2 Hudaýy gara bulutlar we tüm-garaňkylyk gurşaýar+,Tagty adalatyň we dogruçyllygyň üstünde dikilendir+.
3 Hudaýyň öňünden alawly ot barýar+,Ähli duşmanlaryny ýakyp ýok edýär+.
4 Ýyldyrym çakýar, älem-jahan ýagtylýar,Şonda ýer ýüzi sandyraýar+.
5 Ýer ýüzüniň Hökümdary Ýehowanyň öňünde,Daglar mum* kimin ereýär+.
6 Asman adalatyny jar edýär,Ähli ynsanlar şöhratyny görýär+.
7 Goý, oýma buta tagzym* edýänler utanja galsyn!Dereksiz taňrylaryna buýsanýanlar masgara bolsun!+
Eý taňrylar, Allanyň öňünde baş egiň!+
8 Eý Ýehowa, adalatly hökümleriňi eşidende,Sion begenýär+, Ýahuda galalary şatlanýar+.
9 Eý Ýehowa, sen ýer ýüzünde iň Beýik Hudaý,Başga taňrylardan has şöhratly+.
10 Eý Ýehowany söýýänler, erbetligi ýigreniň!+
Ol wepaly bendeleriniň janyny gutarýar+.Olary erbetleriň elinden halas edýär+.
11 Dogruçyl ynsana yşyk nur saçdy+,Päk ýürekli adama şatlyk gujak açdy.
12 Dogruçyl adamlar, Ýehowanyň işlerine şatlanyň,Mukaddes adyna alkyş aýdyň!
Çykgytlar
^ Balarylarynyň öýjük ýasamak üçin işläp çykarýan maddasy. Ol çalt ereýär.
^ Ýa-da: sežde.