ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Duşuşmak. 2-nji bölüm: Duşuşyk döwri nämelere taýyn bolmaly?
Sen biri bilen tanyşdyň. Siz biri-biriňizi haladyňyz. Indi biri-biriňize gabat gelýändigiňizi ýa-da gelmeýändigiňizi bilmek üçin duşuşyp başladyňyz. Siz biri-biriňizi ýakyndan tananyňyzdan soň nämelere taýyn bolmaly?
Şu makalada:
Aç-açan gürleşmäge taýyn bol
Sen halaşýanyň bilen bile köp wagt geçirip, ony ýakyndan tanap başladyň. Dürli ýagdaýlarda özüni alyp barşyndan käbir häsiýetlerini gördüň.
Ýöne şonda-da käbir zatlar hakda aç-açan gürleşseň gowy bolar. Gürleşeniňde halaşýanyň käbir kemçiliklerini görseň sowuk-sala garama.
Siz şular hakda gürleşmeli:
Pul. Seniň bergileriň barmy? Puly tygşytly sowup bilýärsiňmi? Eger maşgala gurmakçy bolsaň, gazanç etmek we pul sowmak babatda nähili karara gelersiň?
Saglyk. Saglygyň nähili? Agyr keselläp gördüňmi?
Maksatlar. Sen öňüňde nähili maksatlary goýýarsyň? Goýýan maksatlaryň halaşýanyň maksatlary bilen deň gelýärmi? Durmuş guranyňdan soň birden ýagdaýyň üýtgäp maksadyňa ýetip bilmeseň näme? Göwnüçökgünlige düşmän dogry garaýşy saklap bilersiňmi?
Maşgala borçlary. Häzir maşgalaňda seniň kömegiňe mätäçler barmy? Maşgala guranyňdan soň hem olaryň aladasyny etmeli bolarsyňmy? Çagaň bolmagyny isleýärsiňmi? Näçe çagaň bolmagyny isleýärsiň?
Şular hakda gepleşeniňde dogruçyl bol. Halaşýanyňa gowy görünjek bolup hiç zady gizleme, hiç zady ulaltma (Ýewreýler 13:18).
Oýlanyp gör: Halaşýanyň hakda nämeleri bilmeli? Halaşýanyň sen barada nämeleri bilmeli? Häzirden biri-biriňiz bilen dogruçyl bolsaňyz durmuş guranyňyzdan soň nähili kömek eder?
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Ýakynyňyza hakykaty aýdyň» (Efesliler 4:25).
«Gyz: „Biz alty aýdan adaglanarys“ diýip pikir edip biler. Ýöne oglan: „Adaglanmak üçin azyndan bir ýyl gerek“ diýip pikir etmegi mümkin. Şonda gyz toý etmäge gyssandygyna utanyp, özüni erbet duýar. Şonuň üçin gyz bilen oglan biri-biriniň pikirini bilmeli» (Ariýana, toý edenine bir ýyl boldy).
Pikiriňiziň deň gelmejegine taýyn bol
«Bäş barmagyň barysy deň bolmaýar». Edil şonuň ýaly, adamlaryň ähli zatda meňzeş bolmagy mümkin däl. Şonuň üçin halaşýanyň bilen hemme zatda pikiriň gabat geler öýtme. Alan terbiýäňiz, medeniýetiňiz dürli-dürli bolandygy üçin garaýşyňyz tapawutlanyp biler.
Oýlanyp gör: Wajyp däl meselelerde pikiriňiz deň gelmese, parahatlygy saklamak üçin öz islegiňden geçmäge taýynmy? Mukaddes Kitaba garşy gelmeýän ýagdaýlarda eglişik edip bilersiňmi?
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Goý, hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn» (Filipililer 4:5).
«Siz biri-biriňize mynasyp bolsaňyzam, pikiriňiziň deň gelmejek wagty bolar. Dogry, köp zatda häsiýetiňiz gabat gelse gowy, ýöne gabat gelmedik ýagdaýynda özüňizi nähili alyp barýandygyňyz has wajyp» (Metýu, toý edenine bäş ýyl boldy).
Duşuşyk döwrüniň aladaly boljagyna taýyn bol
Duşuşyk döwründe köp wagtyň gidýär, käbir zatlary hem alada edip bilersiň. Saňa näme kömek eder?
Paýhasly bol. «Men duşuşyp başladym» diýip, başga işleriňi ünsden sowma, dostlaryňy hem ýatdan çykarma. Toý edenine bäş ýyl bolan Alana şeýle diýýär: «Dostlaryň maşgala guranyňdan soňam gerek. Şonuň üçin duşuşyp başlasaňam, olar bilen araňy kesme».
Sen maşgala guranyňdan soňam etmeli wajyp işleriňe ýetişmeli bolarsyň. Şonuň üçin duşuşyk döwri deňagramly bolmagy öwren.
Oýlanyp gör: Halaşýanyň saňa çendenaşa köp wagt sarp etmegine garaşýarsyňmy? Ýa-da ol seniň çendenaşa köp üns bermegiňi isleýärmi? Biri-biriňizi irizmez ýaly deňagramlylygy saklamak üçin näme edip bilersiňiz?
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Her zadyň öz wagty bar... her bir işiň öz wagty bar» (Nesihat 3:1).
«Ýaşlar duşuşyk döwri wagtyny diňe hoş geçirip gezse, toý edenden soň gündelik aladalara öwrenişmän ruhdan düşüp biler. Şonuň üçin olar bazara gitmek, öý işleri etmek, sežde etmek ýaly gündelik işleri hem bile etse gowy bolar. Şonda olar berk maşgala ojagyny gurup biler» (Deniýel, toý edenine iki ýyl boldy).
Duşuşyk döwri ahyry gutarar. Sen durmuş gurmalymy ýa-da goýbolsun etmelimi diýen karara gelmeli bolarsyň. 3-nji bölümde aýdyljak pikirler saňa dogry karara gelmäge kömek eder.