«Ata-eneňe hormat goýmak» nämäni aňladýar?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda «ata-eneňe hormat goý» diýen tabşyryga köp duş gelse bolýar (2 Musa 20:12; 5 Musa 5:16; Matta 15:4; Efesliler 6:2, 3). Ene-ataňyza hormat goýýandygyňyzy, esasan, dört ýagdaýda görkezip bilersiňiz.
Ene-ataňyzy gymmat saýyň. Ene-atamyzyň biziň üçin edýän ähli zatlaryna minnetdarlyk bildirenimizde, olara hormat goýýandygymyzy görkezýäris. Meselem, olaryň berýän görkezmesini gymmat saýyp bileris (Nakyllar 7:1, 2; 23:26). Mukaddes Kitaba görä, ene-atalar çagalarynyň şöhraty. Diýmek, biz olara buýsanmaly (Nakyllar 17:6).
Ene-ataňyzyň ygtyýaryna hormat goýuň. Ene-atalara hormat goýmak üçin, esasan-da, ýaşlyk döwrüňde Hudaýyň olara beren ygtyýaryna tabyn bolmaly. Koloslylar 3:20-de: «Çagalar, siz hem ata-eneňize hemişe gulak asyň, sebäbi bu Halypamyza ýaraýandyr» diýilýär. Ýetginjek döwri Isa pygamber hem ene-atasyna gulak asýardy (Luka 2:51).
Ene-ataňyzy sylaň. (3 Musa 19:3; Ýewreýler 12:9). Köp zat näme we nädip aýdýandygyňa bagly bolýar. Käte çagalar ene-atalarynyň özüni alyp barşyny görüp, olara gulak asmak islemeýär. Emma şeýle ýagdaýda-da çagalar ýerliksiz sözlerden we hereketlerden gaça durup, ene-atasyny «sylaýandygyny» görkezip biler (Nakyllar 30:17). Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, ene-atasyna dil ýetirýän çagalar agyr günä edýär (Matta 15:4).
Ene-ataňyzyň aladasyny ediň. Ene-atalar garranda, olar çagalarynyň kömegine we goldawyna mätäç bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda ene-atamyzy goldamak üçin elimizde baryny etsek, olara hormat goýýandygymyzy görkezýäris (1 Timoteos 5:4, 8). Meselem, Isa pygamber ölüminiň öň ýanynda ejesiniň aladasyny etmegi şägirtleriniň birine tabşyrdy (Ýahýa 19:25—27).
Ene-ataňa hormat goýmak baradaky ýalan düşünjeler
Ýalan düşünje: Ene-ataňa maşgala durmuşyňa goşulmaga ýol berseň, olara hormat goýdugyň bolýar.
Delil: Mukaddes Kitapda başga zatlara garanyňda, maşgala gatnaşyklaryny ileri tutmalydygy aýdylýar. 1 Musa 2:24-de: «Erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär» diýilýär (Matta 19:4, 5). Elbetde, siz ene-ataňyzyň we başga-da dogan-garyndaşlaryňyzyň maslahatyna mätäç bolup bilersiňiz (Nakyllar 23:22). Emma olara maşgala gatnaşyklaryňyza nähili derejede goşulmaga ýol berýändigiňiz size bagly bolup durýar (Matta 19:6).
Ýalan düşünje: Islendik meselede ene-ataň gelen kararyna boýun bolmaly.
Delil: Hudaý ene-atalara belli bir ygtyýar beren hem bolsa, hiç bir zat Hudaýyň häkimiýetinden ýokary däldir. Sebäbi adamlara berlen islendik ygtyýar çäkli bolýar. Meselem, ýokary kazyýet Isa pygamberiň şägirtlerinden Hudaýa boýun bolmazlygy talap edende, olar: «Biz adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys» diýip jogap berdiler (Resullar 5:27—29). Şonuň ýaly-da çagalar ene-atasyna «Hudaýyň isleýşi ýaly gulak asmaly», ýagny Hudaýyň kanunlaryna garşy gelmedik ýagdaýynda olara tabyn bolmaly (Efesliler 6:1).
Ýalan düşünje: Ene-ataňa hormat goýmak üçin olaryň dini ynançlaryna eýermeli.
Delil: Mukaddes Kitapda öwrenýän zatlaryň hakykatdygyny barlamak maslahat berilýär (Resullar 17:11; 1 Ýahýa 4:1). Şeýle ýagdaýda kimdir biri ene-atasynyňkyny däl-de, başga dini saýlamagy mümkin. Mukaddes Kitapda Ybraýym pygamber, Rut we Pawlus resul ýaly Hudaýyň ençeme wepaly gullukçylarynyň ene-atasynyňkyny däl-de, başga dini saýlandygy aýdylýar (Ýuşa 24:2, 14, 15; Rut 1:15, 16; Galatýalylar 1:14—16, 22—24).
Ýalan düşünje: Ene-ataňa hormat goýmak üçin «ata-babalaryňa sežde etmeli» diýen däbe eýermeli.
Delil: Mukaddes Kitapda: «Hudaýyň Ýehowa sežde etmeli, diňe oňa mukaddes gullugy berjaý etmeli» diýilýär (Luka 4:8). Ata-babalaryna sežde edýän adamlar Hudaýyň razylygyny gazanyp bilmeýär. Galyberse-de, Mukaddes Kitapda: «Ölüler hiç zat bilýän däldir» diýilýär. Olar özlerine sežde edilýändigini, dirilere kömek edip ýa-da zyýan ýetirip hem bilmeýär (Nesihat 9:5, 10; Işaýa 8:19).