Isa pygamber näme üçin öldi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Isa pygamber adamlaryň günäsiniň ötülmegi we ebedi ýaşaýşa gowuşmagy üçin öldi (Rimliler 6:23; Efesliler 1:7). Onuň ölümi adamlaryň hatda agyr synaglarda-da Hudaýa wepaly galyp bilýändigini subut etdi (Ýewreýler 4:15).
Geliň, bir adamyň ölüminiň nädip köp peýda berendigine seredeliň.
Isa «günälerimiziň... bagyşlanmagy» üçin öldi (Koloslylar 1:14).
Ilkinji ynsan Adam ata kämil we günäsiz bolsa-da, Hudaýa gulak asmady. Adam atanyň gulak asmazlygy ýa-da eden günäsi sebäpli, onuň nesilleri hem günäni miras aldy. Mukaddes Kitapda: «Bir adamyň gulak asmazlygy sebäpli köpler günäli boldy» diýilýär (Rimliler 5:19).
Isa hem kämildi, ýöne ol hiç hili günä etmedi. Şol sebäpli ol özüni «günälerimiz üçin berlen gurban» hökmünde hödürläp bilýärdi (1 Ýahýa 2:2). Adam atanyň gulak asmazlygy sebäpli adamzat maşgalasy günäli boldy. Ýöne Isanyň ölümi özüne iman eden ähli adamlara günäniň gulçulygyndan azat bolmaga ýol açdy.
Dogrudan-da, Adam ata bizi günäniň gulçulygyna satdy. Isa bolsa biziň üçin öz janyny meýletin gurban edip, bütin adamzady satyn aldy. Netijede, «birimiz günä etsek, Atanyň ýanynda kömekçimiz bolan dogruçyl Isa Mesih bardyr» (1 Ýahýa 2:1).
Isa pygamber özüne «iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagy üçin» öldi (Ýahýa 3:16).
Adam ata ebedi ýaşamak üçin ýaradylanam bolsa, günä edip ölüm jezasyny aldy. Adam ata arkaly «günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi» (Rimliler 5:12).
Emma Isanyň ölümi diňe bir günäden däl, eýsem, oňa iman eden adamlary ölüm jezasyndan gutarar. Mukaddes Kitapda bu babatda şeýle diýilýär: «Günä bilen ölümiň patyşa kimin höküm sürşi ýaly, Hudaýyň merhemeti hem patyşa kimin höküm sürsün diýip edildi. Şol sebäpli adamlar dogry hasaplanyp, Halypamyz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýşa gowşup bilýär» (Rimliler 5:21).
Elbetde, häzir adamlaryň ýaşaýşy çäkli. Ýöne Isanyň ölümi peýda berer ýaly, Hudaý dogry adamlaryň ebedi ýaşaýşa gowuşjakdygyny, ölüleriň bolsa direljekdigini wada edýär (Zebur 37:29; 1 Korinfliler 15:22).
Isa pygamber «ölüminiň ahyryna çenli... gulak asyp», adamlaryň hatda agyr synaglarda-da Hudaýa wepaly galyp biljekdigini subut etdi (Filipililer 2:8).
Adam atanyň bedeni we aň-düşünjesi kämil bolsa-da, ol islegine kowalaşyp, özüne degişli bolmadyk zady almak üçin Hudaýa garşy çykdy (1 Musa 2:16, 17; 3:6). Soňra Hudaýyň esasy duşmany Şeýtan hiç bir adamyň öz islegi bilen, esasan-da, janyna howp abananda, Hudaýa gulak asmajakdygyny aýtdy (Eýýup 2:4). Emma kämil ynsan Isa hatda masgaraçylykly we jebirli ölüme döz gelip, Hudaýa wepalylygyny saklady (Ýewreýler 7:26). Bu bir wajyp hakykaty aýan edýär: Adam islendik agyr synagda ýa-da kynçylyklarda Hudaýa wepaly galyp bilýär.
Isa pygamberiň ölümi baradaky soraglar
Isa pygamber näme üçin ejir çekip öldi? Eýsem, Hudaý ölüm jezasyny aýryp bilmezmidi?
Hudaýyň kanunynda: «Günäniň haky ölümdir» diýilýär (Rimliler 6:23). Hudaý bu kanuny Adam atadan ýaşyrman, gaýtam, gulak asmasa, ölüme höküm ediljekdigini aýtdy (1 Musa 3:3). Adam ata günä edende, «ýalan sözlemeýän Hudaý» beren sözünde durdy (Titus 1:2). Adam ata nesillerine diňe bir günäni däl, eýsem, «günäniň haky» bolan ölümi hem geçirdi.
Günäli adamlar ölüme mynasyp bolsalar-da, Hudaý olara çäksiz «merhemetini» bildirdi (Efesliler 1:7). Ol adamzady halas etmek üçin kämil töleg hökmünde Isany iberip, çäksiz we beýik rehimdarlygyny görkezdi.
Isa pygamber haçan öldi?
Ol «sagat dokuzda», ýagny öýlän sagat 15:00 töweregi ýehudylaryň Pasha baýramy güni öldi (Markus 15:33—37, çykgyt). Bu häzirki sene boýunça b. e. 33-nji ýylynyň 1-nji apreline, hepdäniň anna gününe gabat gelýär.
Isa pygamber nirede öldi?
«Ony ýewreýçe Galgota, ýagny „Kelleçanak“ diýilýän ýerde» jezalandyrdylar (Ýahýa 19:17, 18). Ol Iýerusalim «şäheriniň derwezesiniň daşynda» ýerleşýärdi (Ýewreýler 13:12). Bu bir depede ýerleşen bolmaly, sebäbi Mukaddes Kitapda käbir adamlaryň Isa «uzakdan seredip durandygy» aýdylýar (Markus 15:40). Emma ol ýeriň nirede ýerleşendigini häzir anyk aýdyp bolmaýar.
Isa pygamber nädip öldürildi?
Köp adamlar Isa pygamberiň haçda öldürilendigine ynansalar-da, Mukaddes Kitapda: «Ol biziň günäden azat edilmegimiz üçin... jebir pürsüne çüýlendi» diýilýär (1 Petrus 2:24). Mukaddes Kitaby ýazan adamlar Isanyň jezalandyrylyşy barada aýdanlarynda, «stauros» we «ksilon» diýen grek sözlerini ulanypdyrlar. Köp alymlaryň aýtmagyna görä, bu sözler taýak ýa-da pürs diýmegi aňladýar.
Isa pygamberiň ölümini nädip ýatlamaly?
Isa pygamber ýehudylaryň Pasha baýramçylygy geçirilýän gijesi şägirtlerine şeýle tabşyryk berdi: «Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» (1 Korinfliler 11:24). Birnäçe sagatdan bolsa ony öldürdiler.
Mukaddes Kitaby ýazan adamlar Isany Pasha baýramçylygynda gurban edilen guzy bilen deňeşdirýärler (1 Korinfliler 5:7). Pasha baýramy ysraýyllylaryň gulçulykdan azat bolan wagtyny ýatladýardy. Isa Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamy bolsa mesihçilere günäden we ölümden azat bolandygyny ýatladýar. Pasha baýramy ýewreý kalendary boýunça ýylda bir gezek, ýagny 14-nji nisanda bellenilýärdi. Şonuň ýaly-da irki mesihçiler Ýatlama agşamyny ýylda bir gezek belläpdirler.
Şu günlerem bütin dünýäde millionlarça adamlar her ýyl 14-nji nisana gabat gelýän güni Isanyň ölümini ýatlaýar.