Mesihçiler Sabat gününi bellemelimi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mesihçilerden her hepde Sabat gününi bellemek talap edilmeýär. Sebäbi olar Sabat gününi bellemegi talap etmeýän «Mesihiň kanunyny» berjaý edýärler (Galatýalylar 6:2; Koloslylar 2:16, 17). Biz näme üçin şeýle diýip bilýäris? Ilki bilen, geliň, Sabat gününiň gelip çykyşy barada bileliň.
Sabat näme?
«Sabat» diýen söz «dynç almak, goýmak» diýen manyny berýän ýewreý sözünden gelip çykan (2 Musa 16:23). Meselem, Musa pygambere berlen on tabşyrygyň dördünjisinde şeýle diýilýär: «Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. Alty günde ähli işleriňi edersiň. Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir». Şeýle-de onda hiç bir adamyň şol gün iş etmeli däldigi aýdylýar (2 Musa 20:8—10). Sabat güni anna güni Gün ýaşansoň başlap, şenbe güni Gün ýaşýança dowam edýärdi. Şol gün ysraýyllylara ýaşaýan ýerinden gitmek, ot ýakmak, odun ýygnamak we ýük götermek bolmaýardy (2 Musa 16:29; 35:3; 4 Musa 15:32—36; Ýermeýa 17:21). Sabat gününe degişli tabşyryklary bozan adam ölüme höküm edilýärdi (2 Musa 31:15).
Ýewreý kalendaryndaky käbir günler, şeýle-de 7-nji we 50-nji ýyllar Sabat diýip atlandyrylýardy. Sabat ýyllary ysraýyllylar ekin ekmeýärdi we bergilerinden boşadylýardy (3 Musa 16:29—31; 23:6, 7, 32; 25:4, 11—14; 5 Musa 15:1—3).
Mesihçiler näme üçin Sabat baradaky kanuny berjaý etmeýärler?
Sabat baradaky kanun Musa berlen kanunyň beýlekilerini hem ýerine ýetirýän halka berlipdi (5 Musa 5:2, 3; Hyzkyl 20:10—12). Şol sebäpli Hudaý başga halklardan ony berjaý etmegi hiç haçan talap etmeýärdi. Mundan başga-da, ýehudylar Isanyň töleg gurbany arkaly Musa berlen on tabşyrykdan, ýagny «Kanundan azat edildi» (Rimliler 7:6, 7; 10:4; Galatýalylar 3:24, 25; Efesliler 2:15). Şol sebäpli mesihçiler Musanyň kanunyna däl-de, iň uly tabşyryk bolan söýgi kanunyna, ýagny Mesihiň kanunyna eýerip ýaşaýarlar (Rimliler 13:9, 10; Ýewreýler 8:13).
Sabat baradaky nädogry düşünjeler
Nädogry düşünje: Hudaý Sabat gününi ýedinji gün dynç alan wagty girizipdi.
Delil: Mukaddes Kitapda: «Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy» diýilýär (1 Musa 2:3). Bu aýatda adamlar üçin kanun däl-de, Hudaýyň ýedinji güni näme edendigi görkezilýär. Mukaddes Kitapda Musanyň günlerine çenli Sabat gününiň bellenendigi barada hiç zat aýdylmaýar.
Nädogry düşünje: Ysraýyllylar Sabat gününi Musanyň kanuny berilmezden öňem belleýärdiler.
Delil: Sinaý dagynda Musa ysraýyllylara: «Hudaýymyz Reb Horepde biziň bilen äht baglaşdy» diýýär. Sabat baradaky kanun hem bu ähte degişlidi (5 Musa 5:2, 12). Ysraýyl taryhyndan görnüşi ýaly, Sabat güni baradaky kanun olar üçin täze bir zatdy. Hudaýyň tabşyryşy ýaly, Sabat güni ysraýyllylara Hudaýyň olary Müsürden çykarandygyny ýatlatmalydy. Onda olar entek Müsürde wagty nädip Sabat gününi belläp bilerdi? (5 Musa 5:15). Şeýle-de olara ýedinji gün manna ýygnamaly däldigi barada tabşyryk nämä gerekdi? (2 Musa 16:25—30). Haçanda, ilkinji gezek Sabat gününiň tabşyrygy bozulanda, näme etmelidigini näme üçin bilmediler? (4 Musa 15:32—36).
Nädogry düşünje: Sabat güni — ebedilik äht. Şonuň üçinem ony hemişe berjaý etmeli.
Delil: Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde Sabat gününi «ebedi äht hökmünde ýerine ýetirmelidir» diýilýär (2 Musa 31:16). Ýöne «ebedi» diýip terjime edilen ýewreý sözi hemişeligi däl-de, «dowamlylygy näbelli bolan döwri öz içine alýan gelejegi» hem aňladyp bilýär. Meselem, Mukaddes Kitapda «ebedi» diýen söz ysraýyl ruhanylaryna degişli edilip ulanylýar. Hudaý bolsa olary 2 müň ýyla golaý mundan ozal ruhanylykdan aýrypdy (2 Musa 40:15; Ýewreýler 7:11, 12).
Nädogry düşünje: Isa Sabat gününi bellän bolsa, onda mesihçiler hem bellemeli.
Delil: Isa pygamber Musanyň kanuny boýunça ýaşaýan ýehudy maşgalasynda doglandygy üçin Sabat gününi belleýärdi (Galatýalylar 4:4). Isa aradan çykansoň, Musanyň kanuny, şol sanda Sabat güni ýatyryldy (Koloslylar 2:13, 14).
Nädogry düşünje: Pawlus resulam Sabat gününi belläpdi.
Delil: Pawlus Sabat güni sinagoga gelse-de, ony belleýän ýehudylara goşulmaýardy (Resullar 13:14; 17:1—3; 18:4). Şol döwrüň adatyna görä, ol sinagogada hoş habary wagyz edýärdi. Käwagt ol ýerde sežde etmek üçin ýygnanyşan adamlaryň öňünde Hudaýyň Sözüni öwretmäge ökde adam çykyş edýärdi (Resullar 13:15, 32). Şeýle-de Pawlus diňe Sabat güni däl-de, «her gün» wagyz edýärdi (Resullar 17:17).
Nädogry düşünje: Mesihçiler sabat gününi ýekşenbe güni belleýärdiler.
Delil: Mukaddes Kitapda mesihçilere ýekşenbe güni sežde etmelidigi ýa-da dynç almalydygy barada hiç hili tabşyryk berilmeýär. I asyrdaky mesihçiler üçin ýekşenbe güni adaty iş günüdi. Bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Rim imperatory Konstantin ýekşenbe günleri belli bir işleri etmeli däldigi baradaky karary çykarandan soň, ýekşenbe güni Sabat gününe meňzäp başlady. Bu IV asyra çenli beýle däldi» («The International Standard Bible Encyclopedia») a.
Mukaddes Kitapdaky haýsy wakalar ýekşenbe gününi aýratyn bir gün ýaly edip görkezýär? Mukaddes Kitapda Pawlus resulyň imandaşlary bilen «hepdäniň birinji güni», ýagny ýekşenbe güni nahar iýendigi aýdylýar. Şonuň üçin biz bu güne hepdäniň başy diýip bilýäris, sebäbi ertesi gün ol ýola düşüpdi (Resullar 20:7). Mundan başga-da, käbir ýygnaklara mätäçlere kömek etmek üçin «hepdäniň birinji güni», ýagny ýekşenbe güni ýagdaýyna görä pul aýryp goýmak tabşyrylypdy. Ýöne pul sadakasyny duşuşyk geçirilýän ýerde däl-de, her kim öz öýünde saklamalydy (1 Korinfliler 16:1, 2).
Nädogry düşünje: Hepdäniň bir gününi dynç almaga we Hudaýa sežde etmäge sarp etmek nädogry.
Delil: Mukaddes Kitapda bu babatda her mesihçiniň özüniň karara gelmelidigi aýdylýar (Rimliler 14:5).
a Şeýle-de «New Catholic Encyclopedia» 2-nji neşir, XIII tom, 608-nji sahypa serediň.